20 ýyla golaý wagt metbugatda dürli ýokary wezipelerde işlän A.Poladow geçen ýylyň aprelinde «saglyk ýagdaýy sebäpli» ýurduň esasy gazeti bolan «Türkmenistan» gazetiniň baş redaktory wezipesinden boşadylypdy.
«Saglyk ýagdaýy sebäpli» wezipesinden boşadyldy diýlip, şol wagt resmi habarlarda beýan edilen-de bolsa, A.Poladowyň ýurduň gümrükhanasynda işleýän bir inisiniň neşe maddalarynyň döwlet serhedinden bikanun geçirilmegine gatnaşanda ele düşmegi zerarly işden kowlandygy ýyldyrym çaltlygynda äleme dolupdy.
Bu ýüze çykan wakadan soň, A.Poladow sahnadan düşürildi we birnäçe wagtlap işsiz galdyryldy. Onuň özi bolsa «gara sanawa» girizilip, ýazan makalalary çap edilmekden saklanyldy.
Esli wagt işsiz gezensoň, känbir göze ilmeýän neşirleriň birine işe ýerleşmegi başaran A.Poladow ýitirilen abraýy yzyna gaýtarmak üçin jan aýaman zähmet çekip başlapdy.
«Gara sanawyň» soňuna çykylarmyka?
Ýurtda ýöredilýän kadrlar syýasatyna laýyklykda bir gezek ýokary wezipeden taýdyrylan ýolbaşçy gaýdyp wezipäniň gyrasyndan eltilmeýär. Diňe bir onuň özi hem däl, eýsem, onuň çagalaryna-da, dogan-garyndaşlaryna-da wezipe berilmeýär.
Kadrlar seçilip alnanda, wezipä belleniljek adamyň maşgalasynda ýekeje kişiniň-de sud jogapkärçiligine çekileni bolmaly däl.
A.Poladowly waka häzirki wagtda henize-bu güne çenli görülmedik ýagdaý diýip aýtsa bolar. Özi hem onuň häzirki bellenilen wezipesiniň iki ýyla golaý wagt bäri boş durandygyny nazara alsaň, onda az salymdan, Poladowyň has ulurak wezipelere-de çekiläýmek mümkinçiliginiň bardygyny çaklamak bolar. Sebäbi, şeýle wezipeler köplenç uly wezipelere geçmek üçin "tramplin" bolup hyzmat edýär.
Ozal wezipeden boşadylyp, soňra bolsa «gara sanawa» girizilen kişiniň gaýtadan reabilitirlenip, jogapkärli wezipä bellenilmegi ýurtda kadrlaryň ýetmezçiligini ýene bir gezek aýdyň subut etdi diýip aýtmak bolar.
A.Poladowyň Türkmen döwlet habarlar gullugynyň başlygynyň orunbasarlygyna bellenilmegi bilen, ýurtda ýazyjylardyr žurnalistler barada ýöredilýän «gara sanawyň» soňuna çykylmagynyň başlangyjy bolarmy diýen sowala jogap tapmak üçin, megerem, entek biraz garaşmaly bolsa gerek.
Döwlet Hojamedow aşgabatly intelligensiýa wekiliniň edebi lakamy. Şu kommentariýada öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.