Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bilim pudagy näderejede özgerýär?


Hepdäniň çarşenbe güni Türkmenistanda geçirlýän pudaklaýyn maslahatlaryň çäginde bilim pudagynyň ýagdaýyna garaldy. Ýurtda bilimi we ylmy ösdürmek boýunça edilen we edilýän işler barada resmi hasabat berildi.

Ylym, bilim, saglygy saklaýyş, sport we syýahatçylyk boýunça geçirilen maslahatda ýaşlaryň halkara standartlaryna laýyk bilim almagy üçin ähli mümkinçilikleriň bardygy aýdyldy. Resmi maglumatlarda ýokary bilimli ýaş nesliň we hünärli spesialistleriň ýetişdirilmegi üçin şertleriň döredilenligi nygtaldy.

Şu ýyl Türkmenistanda orta mekdebi 115 müň okuwçy tamamlady. Şu ýyk ýurduň ýokary okuw jaýlaryna kabul edilýän ýaşlaryň sany geçen ýylkysyndan 260 adam artdyryldy. Emma orta mekdebi tamamlaýan ýaşlaryň arasynda okuwyny dowam etdirmek mümkinçiligine eýe bolanlaryň sany 10%-den aşmaýar.

Resmi maglumatlara görä, 2010-2011-nji okuw ýyly boýunça ýurduň ýokary okuw jaýlaryna 5,445, orta professional tehniki okuw jaýlaryna 3,383 adam kabul ediler. Türkmenstandan daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlarynda döwlet programmasy esasynda bilim aljak ýaşlaryň sany 2,746 adam.

Ýeterlikmi?

Türkmenistanly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew okuw jaýlarynyň, olara kabul edilýän ýaşlaryň, şeýle-de daşary ýurtlarda okaýanlaryň sanynyň ýyl-ýyldan köpelýänligini belledi. Emma ol şu günki gün ýaşlaryň bilimli bolmagy üçin ýurtdaky mümkinçilikleriň ujypsyzlygyna galýndygyny hem öňe sürýär.

Şu ýyl Türkmenistanyň orta mekdepleri üçünji sapar 10 ýyllyk bilim programmasy boýunça bilim alan ýaşlary durmuşa ýollady. 2007-nji ýylda Türkmenistanyň orta mekdepleriniň 9 ýyllykdan 10 ýyllyga geçirilmegi ýaşlaryň daşary ýurtlarda okamak mümkinçiliklerini hem artdyrdy.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň ýaşlary Türkiýede, Orsýetde, Belarusda, postsowet döwletleriniň ýene birnäçesinde, Ýewropa ýurtlarynda, ABŞ-da, Hytaýda, Ýaponiýada, şeýle-de dünýäniň ýene ençeme döwletlerinde ýokary bilim alýarlar. Olaryň arasynda aspirantura okuwlaryny dowam etdirýänler hem az däl.

Kadrlar syýasaty

Milli kadrlary daşary ýurtlarda taýýarlamak boýunça döwlet programmalary amala aşyrylýar. Emma daşary ýurtda okaýanlaryň aglaba köpüsi öz hasabyna okamaly bolýarlar. Kadrlar ýetmezçiligi resmi derejede boýun alynýan döwletde ýaşlary okatmak üçin düýpli çäreleriň görülmezligi köpleri geň galdyrýar.

Köp milli kadrlar daşary ýurtlara gidensoň, bilim berjek mugallymlaryň we alymlaryň ýetmezçiligi etmegi okuw jaýlaryna kabul edilýänleriň sanynyň atdyrylmazlygyna sebäp bolýar diýip, türkmen alymy aýdýar. “Olaryň ylym-bilim boýunça türkmen häkimiýetlerine edýän teklipleri hem jogapsyz galýar”.

Ýokary okuw jaýlaryny tamamlan ýaşlaryň iş bilen üpjünçilik meselesi hem problemanyň ýene bir tarapy. A.Bugaýewiň sözlerine görä, daşary ýurtlarda alnan diplomlaryň Türkmenistanda ykrar ediljekdigi resmi derejede yglan edilen hem bolsa, iş ýüzünde kabul edilmeýär we ýaşlaryň öňünde ýene bir böwet döredýär.

Býurokratik elek

Ýazyjy A.Bugaýew ýurduň halk hojalygynyň kadrlar ýetmezçiliginden kösenýän döwri ýaş spesialistleriň işsiz galmagynyň sebäbini kadrlar sistemasynyň kämil däldigi bilen baglanyşdyryp, işe alynýanlaryň ýedi arkasyny barlamak düzgüniniň höküm sürýändigine we munuň dürli päsgelçilikler döredýändigine ünsi çekýär.

A.Bugaýew şeýle barlaglar netijesinde islendik adamyň “häkimiýetiň göwnünden turmaýan” şahslar bilen haýsy-da bolsa bir garyndaşlygynyň anyklanýandygyny belleýär. Onuň pikirine görä, gadagançylyklar, korrupsiýa, garyndaşparazlyk we hususy okuw jaýlarynyň döredilmezligi bilim ulgamynyň ösmegine päsgel berýär.

Türkmenistanyň ýokary okuw jaýynyň öňki mugallymy daşary ýurtlular bilen gatnaşykda bolan studentleriň hem göz astynda saklanylýanlygyny aýdýar. Ýokary okuw jaýynda okaýan studentleriň daşary ýurtlarda okamak üçin niýetlenen alyş-çalyş programmalaryndan hem daşda durmaklarynyň tabşyrylýandygy aýdylýar.

Zerur çäreler

“Ýokary okuw jaýlaryna kabul edilýänleriň sany artdyrylmaly, döwlet eýeçiligindäki okuw jaýlarynyň ýanynda alternatiw hususy okuw döredilmeli, okuwa giriş synaglary açyk we adalatly bäsdeşlik esasynda geçirilmeli, okuw programmalary dünýä derejesinde işlenip düzülmeli” diýip, A.Bugaýew nygtaýar.

A.Bugaýewiň pikirine görä, bilim pudagynyň maliýe üpjünçiligine hem döwlet derejesinde ünsi güýçlendirilmeli, sebäbi döwlet býujetinden gurluşyk pudagyna sarp edilýän maliýe serişdeleri halk hojalygynyň beýleki pudaklarynyň bilelikdäki paýyna düşýän maliýe çykdajylardan ençeme esse agdyklyk edýär.

Türkmenistanda ylmy ösdürmegiň ähmiýeti hem resmi derejede nygtalýar. Ýurduň Ylymlar Akademiýasy 2007-nji ýylda jemgyýetçilik esasda, 2009-njy ýylda döwlet edarasy hökmünde dikeldildi. Akdemiýanyň çäginde ylmy konferensiýalar ýaly çäreler geçirilýär, emma bu edaranyň düýpli ylmy işleri barada maglumat ýok.
XS
SM
MD
LG