Kompaniýa bu turbanyň her gün 800 müň barrel nebiti akdyrmaga ukyplydygyny we türkmen ýangyjynyň bolsa munuň 4-5%-ne barabardygyny habar berdi.
Energiýa boýunça bakuwly ekspert Ilham Şaban Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde Türkmenistandan Bakuwa iki günde bir gezek 5,000 tonna nebit getirilýänligini we onuň basym hasam artdyryljakdygyny aýtdy.
Bu mesele bilen gyzyklanyp, Azatlyk Radiosyndan Muhammad Tahir düýbi Bakuwda ýerleşýän Hazaryň nebitini öwreniş merkeziniň ýolbaşçysy Ilham Şaban bilen söhbetdeş boldy.
Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň nebiti haçandan başlap, Azerbaýjana akdyrylyp başlandy?
Ilham Şaban: Meniň bilşimçe, Türkmenistanyň nebiti 16-njy iýuldan başlap, Azerbaýjana daşalyp başlandy. Ýagny, Türkmenistanyň nebiti bir aý gowrak wagtdan bäri Azerbaýjana getirilýär.
Azatlyk Radiosy: Türkmenistandan Azerbaýjana daşalýan nebitiň möçberi barada käbir maglumatlar çap edildi. Meselem, bu nebitiň gämiler arkaly daşalýanlygy hem-de iki günde 5,000 tonna türkmen nebitiniň Azerbaýjana getirilýänligi aýdylýar, bu barada sizde nähili maglumat bar?
Ilham Şaban: Dogry, gämiler iki günde bir gezek Bakuwa gelýärler, her saparynda 5 000 tonna nebit getirilýär. Emma, bilşime görä, sentýabr aýyndan başlap, günde 40 müň barrel nebit daşaljak.
Azatlyk Radiosy: Bu nebit eksporty hakda kim kim bilen, haçan we nähili ylalaşyga geldi, bu barada maglumatyňyz barmy?
“SOCAR Trading” türkmen nebitini Türkmenistanda iş alyp barýan käbir daşary ýurt şirketlerinden, ýagny “Petronas”, “Dragon Oil” ýaly kompaniýalardan satyn alyp, Azerbaýjanda satýar, ýagny türkmen ýangyjynyň satyjysy “SOCAR Trading” kompaniýasydyr.
“SOCAR Tradinging” Azerbaýjandaky müşderisi BTC kompaniýasydyr. Nebit Türkmenistandaky käbir daşary ýurt kompaniýalaryndan alnyp, Bakuw-Tbilisi-Jeýhan boýunça akdyrylýar. Bärde bellenmeli zat, bu söwdada “SOCAR Trading” diňe nebiti daşaýan şirket däl, belki-de ol şol nebitiň eýesidir.
Netijede şol nebit Bakuw-Tbilisi-Jeýhan turbasyndan Türkmenistanyň nebiti ady bilen däl, eýse “SOCAR Trading” kompaniýasynyň nebiti hökmünde eksport edilýär.
Azatlyk Radiosy: Siziň berýän maglumatyňyzdan belli bolşuna görä, bu iki şirketiň arasynda amala aşyrylýan söwda ýaly, ýagny Türkmenistanyň hökümetiniň bu işe hiç hili dahyly ýok, şeýlemi?
Ilham Şaban: Ýok, Türkmenistanyň hökümeti bilen bu ugurda gelnen hiç hili ylalaşyk ýok. Bu barada Günbataryň metbugatynda çap edilen käbir habarlar meniňem gözüme ildi. Şolarda Türkmenistanyň nebitiniň Azerbaýjanyň üsti bilen akdyrylyp başlananlygy aýdylýar. Şol habarlarda Türkmenistanyň öz ýangyjyny Orsýetiň territoriýasyndan sowa akdyryp başlanlygy hem öňe sürülýär. Emma hakykatda bu habarlar dogry däl.
Sebäbi häzirki bolýan zat: Türkmen nebiti kiçijik bir gämi arkaly Azerbaýjana getirilýär. Bu nebit Türkmenistanda iş alyp barýan şirketlerden satyn alynýar. Türkmenistanyň hökümetiniň bu söwda hiç hili dahyly ýok. Şol bir wagtyň özünde-de bu söwdanyň Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň gatnaşyklarynyň gowulaşyp başlamagyna goşup biljek goşandy hem ýok.
Azatlyk Radiosy: Menem size şu soragy bermekçidim, sebäbi Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda dowam edýän käbir ylalaşmazlyklar bar, esasan hem Hazaryň nebit baýlyklarynyň eýeçiligi barada. Bu nebit söwdasynyň başlanmagy bilen bu ugurda ýüze çykan haýsydyr bir täzelik ýok, şeýlemi?
Ilham Şaban: Ýok, Türkmenistanyň 2009-njy ýylyň 29-njy iýunynda Azerbaýjana garşy Halkara suduna ýüz tutjakdygyny aýdyp, haýbat atandan bäri bu iki ýurduň arasynda emele gelen hiç hili pozitiw täzelik ýok.
Türkmenistanyň prezidenti 2009-njy ýylyň oktýabrynda Azerbaýjanyň Nahiçewan şäherinde geçirilen Türki dilli döwletleriň ýolbaşçylarynyň ýygnagyna hem gatnaşmandy.
Azatlyk Radiosy: Eger biz nebit söwdasy baradaky meselä dolanyp gelsek, soňky döwürlerde ýüze çykan bu söwda Hazaryň ýakasyndaky beýleki ýurtlar, ýagny Eýran bilen Orsýet nähili garaýar? Türkmenistandan Azerbaýjana daşalýan bu nebit hakda olar bilen maslahat edildimi?
Ilham Şaban: Hazaryň Türkmenistana degişli böleginden az mukdarda nebit çykarylýar, bu serişde umuman Eýranyň üsti bilen dünýä bazarlaryna eksport edilýär. Häzirki döwürde onuň kiçijik bölegi Türkmenistanda hereket edýän käbir daşary ýurt şirketleri tarapyndan Azerbaýjan firmasyna satylyp başlandy.
Eger çak edilişi ýaly sentýabr aýyndan Azerbaýjana daşalýan bu nebitiň möçberi her günde 40 müň barrele çykarylsa, bu bir aýda 150 müň tonna barabar nebit bolar. Bu proýekt planlaşdyrylyşy ýaly başa barsa, onda bu ozal Eýrana akdyrylýan nebitiň mundan beýläk Azerbaýjanyň şirketine satylyp başlananlygyny aňladar.
Munuň Azerbaýjana getirjek peýdasy näme diýlende, Gazagystandan Bakuw-Tbilisi-Jeýhan turbasy boýunça akdyrylýan nebit şu ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap kesildi. Bu boşluk Türkmenistandan getirilýän nebit bilen doldurylar.
Ikinjiden, bu Azerbaýjanyň öz nebit eksport edýän sistemasynyň durnukly ýagdaýda işleýänligini Hazaryň beýleki tarapynda ýerleşýän ýurtlara ýene bir gezek subut etdigi bolar.
Emma has dogrusy, halkara syýasy jedellere girmän, Azerbaýjan bu nebiti Türkmenistandan daşamak arkaly diňe biznes edýär. Diýmek, islän ýurt Azerbaýjana ýangyç iberer we islemedik ýurt hem ibermez, muny her ýurduň özi çözýär.
Azatlyk Radiosy: Eger Türkmenistanyň ýangyjyny Hazaryň üsti bilen Azerbaýjana daşamak şeýle aňsat bolsa, bu işe mundan ozal näme üçin girişilmedi?
Ilham Şaban: Meniň pikirimçe, Gazagystandan Bakuw-Tbilisi-Jeýhan geçirijisi boýunça akdyrylýan nebit kesilenden soň, bu barada pikir edilen bolmaly. Emma barybir bu işe Türkmenistanyň hökümetiniň dahyly ýok. Ýagny, Azerbaýjanyň “SOCAR Trading” kompaniýasy ähli töwekgelçilikleri öz boýnuna alyp, öz nebit daşaýan gämilerini Türkmenistana ugradýar. Türkmen gazyny Azerbaýjana satýan şirketleriň bähbidi bolsa, bu nebiti Eýranyň üsti bilen dünýä bazaryna çykarmagyň deregine ony azeri şirketine satyp başlamagydyr.
Azatlyk Radiosy: Türkmen nebiti Türkmenistanda ýerleşýän daşary ýurt şirketleri tarapyndan Azerbaýjan şirketine satylýar diýdiňiz, şeýle-de bu nebiti daşaýan gämileriň hem Azerbaýjanyň şirketine degişlidigini aýdýarsyňyz, şeýle dälmi?
Ilham Şaban: Hawa, nebit daşaýan şol gämiler Azerbaýjana degişli. “SOCAR Trading” kompaniýasynyň “Cross Caspian” atly şirketi bar, bu gämiler şol kompaniýa degişli. Gämiler bu nebiti Türkmenistandaky kärhanalardan satyn alyp, “SOCAR Trading” kompaniýasyna tabşyrýar, “SOCAR” hem ony BTC kompaniýasyna satýar.
Azatlyk Radiosy: Şeýle ýagdaýda Türkmen nebitiniň Azerbaýjana daşalyp başlanmagynyň Transhazar gazgeçirijisini gurmak proýektine o diýen goşjak goşandy ýok ýaly, şeýlemi?
Ilham Şaban: Men häzirki şertlerde Transhazar gazgeçirijisiniň guruljakdygyny aýdyp biljek däl. Sebäbi Hazaryň kanuny statusy kesgitlenmedik hem-de Orsýet we Eýran ýaly iki uly goňşy ýurduň oňa garşy çykýan häzirki wagtynda kim Transhazara maýa goýar?
Bu geçirijini gurmak işine ABŞ we ÝB-den hiç biri hem gatnaşmaz, şeýle ýagdaýda biz näme üçin milliardlap çykdajy edip, bu proýekte girişmeli. Dogry dälmi?
Azatlyk Radiosy: Şeýle ýagdaýda gurulmagy planlaşdyrylýan “Nabucco” gaz geçirijisiniň geljegi nähili bolar?
Ilham Şaban: “Nabucco” gaz geçirijisiniň ykbaly bizi gyzyklandyrmaýar, bu proýekte kim gol goýan bolsa, olaryň özleri bu hakda pikir etsinler. Bu proýektiň Azerbaýjana hiç hili dahyly ýok.
Azerbaýjanyň prezidenti “Nabucco” biziň proýektimiz däl, haçanda bu proýekt gurlup, onuň girdejisi, çykdajysy we tranzit tölegleri kesgitlenen halatynda biz ony nebit bilen üpjün ederis” diýdi.
Gazagystanyň prezidenti Nursultan Nazarbaýew hem ýakynda eden çykyşynda, “ABŞ-nyň we ÝB-nyň bu proýekte ýeterlik goldaw bermän, bu barada diňe gürrüň edýänligini” aýtdy.
Energiýa boýunça bakuwly ekspert Ilham Şaban Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde Türkmenistandan Bakuwa iki günde bir gezek 5,000 tonna nebit getirilýänligini we onuň basym hasam artdyryljakdygyny aýtdy.
Bu mesele bilen gyzyklanyp, Azatlyk Radiosyndan Muhammad Tahir düýbi Bakuwda ýerleşýän Hazaryň nebitini öwreniş merkeziniň ýolbaşçysy Ilham Şaban bilen söhbetdeş boldy.
Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň nebiti haçandan başlap, Azerbaýjana akdyrylyp başlandy?
Ilham Şaban: Meniň bilşimçe, Türkmenistanyň nebiti 16-njy iýuldan başlap, Azerbaýjana daşalyp başlandy. Ýagny, Türkmenistanyň nebiti bir aý gowrak wagtdan bäri Azerbaýjana getirilýär.
Azatlyk Radiosy: Türkmenistandan Azerbaýjana daşalýan nebitiň möçberi barada käbir maglumatlar çap edildi. Meselem, bu nebitiň gämiler arkaly daşalýanlygy hem-de iki günde 5,000 tonna türkmen nebitiniň Azerbaýjana getirilýänligi aýdylýar, bu barada sizde nähili maglumat bar?
Ilham Şaban: Dogry, gämiler iki günde bir gezek Bakuwa gelýärler, her saparynda 5 000 tonna nebit getirilýär. Emma, bilşime görä, sentýabr aýyndan başlap, günde 40 müň barrel nebit daşaljak.
Azatlyk Radiosy: Bu nebit eksporty hakda kim kim bilen, haçan we nähili ylalaşyga geldi, bu barada maglumatyňyz barmy?
Bakuwda ýerleşýän Hazaryň nebitini öwreniş merkeziniň ýolbaşçysy Ilham Şaban
Ilham Şaban: Hawa habarym bar. Iýul aýynyň başynda Bakuw-Tbilisi-Jeýhan turbasyny dolandyrýan BTC kompaniýasy bilen Azerbaýjanyň “SOCAR Trading” atly şirketiniň arasynda ylalaşyga gelindi.“SOCAR Trading” türkmen nebitini Türkmenistanda iş alyp barýan käbir daşary ýurt şirketlerinden, ýagny “Petronas”, “Dragon Oil” ýaly kompaniýalardan satyn alyp, Azerbaýjanda satýar, ýagny türkmen ýangyjynyň satyjysy “SOCAR Trading” kompaniýasydyr.