Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Telekeçiligiň ösüşi agsaýar


Prezident Berdimuhamedow "Aýbölek" hususy kärhanasynda, 29-njy iýul.
Prezident Berdimuhamedow "Aýbölek" hususy kärhanasynda, 29-njy iýul.

Ýurtda hususy telekeçiligi ösdürmek boýunça prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň aladalary wagt synagyny we dürli kynçylyklary başdan geçirýär.

Şol tagallalar neneňsi netijeli we Türkmenistanda hususy sektoryň güwläp ýokary galjak wagty ýakynlaşýarmy? Ýa-da ol diňe telekeçiligiň hususy sektorynyň möhümligi barasynda prezidentiň öwran-öwran gaýtalaýan beýannamalaryna esaslanýarmy?

Beýanatlar ýeterlik däl

Käwagt ol öz goldawyny görkezmek üçin birki sany hususy firma-da barýar. Oňa garamazdan häzir ykdysadyýetde hususy sektoryň düýpli we köpçülikleýin ösýändigi barasynda gürrüň edip bolarmy?

Ýa-da hususy sektordaky ösüş häkimiýetler bilen gowy şahsy gatnaşyklary bolan telekeçi adamlaryň kiçi bir bölegi bilen çäklenýärmi?
Telekeçiligiň doly güýjünde işlemegi üçin diňe bir döwlet baştutanynyň beýannamalary, söz bermeleri ýeterlik däl.

Tas döwlet strukturasy bolan Senagatçylar we telekeçiler bileleşigini ulanmak bilen, hususy sektora prezidentiň özem itergi berip bilmez. Soňky hökümet maslahatynda Telekeçiler bileleşigine prezidentiň beren görkezmesi ministrliklere berýän permanlaryna çalym edýär.

Hususy inisiatiwa prezidentiň permanlaryny ýerine ýetirmek bilen garym-gatym bolup, ol hususy inisiatiwalygyny ýitirýär we taýak astynda işleýän döwlet sektorynyň lepbeýçisine öwrülýär.

Zerur ädimler

Kiçi we orta biznesiň ösmegi üçin giň döwlet programmasy gerek. Şol programma esasynda döwlet sektory kiçelip, hususy sektoryň tebigy hyzmatdaşyna öwrülmeli.

Hususy sektory goldamak üçin dürli görnüşli hususylaşdyrma programmasyna başlamaly. Şeýle ýagdaýda döwlet öz kärhanalaryny şahsy adamlara, kollektiwlere satyp biler.

Şol bir wagtda-da döwlet hususy sektora howandarlygyny, goldawyny çäklendirmeli we nähili önümler öndürseň peýdaly bolup-bolmajagyny olaryň özüniň çözmegine rugsat bermeli.

Şol ýagdaýda käwagt G.Berdimuhamedowyň bazar ykdysadyýetini döretmek barada aýdýanlarynyň ýurda gelmegi mümkin. Ýöne syýasy liberallaşma bolmazdan, jemgyýeti ösdürmek meselesini çözüp bolmaz. Edil şonuň ýaly ykdysadyýet liberallaşdyrylmasa, açyklaşdyrylmasa, ykdysady reformalaram ýerinden gozganmaz.

Şahsy eýeçiligi we hususy telekeçiligi goraýan täze kanunlar bolmasa, bu sektor prezidentiň öz eli bilen dolandyrylýan ýarym-ýarty , düşnüksiz, gümürtik bir zat bolar. Şeýle ýagdaýda uly böwsüşe garaşyp bolarmy?

Dünýä praktikasy

Ykdysadyýeti halas edýän şeýle böwsüşi 1918-nji ýylda Sowet Orsýeti Täze ykdysady syýasaty (NEP) yglan etmek bilen amala aşyrypdy. Ol ýurduň çagşan ykdysadyýetini gysga wagtda dikeldipdi. Şol syýasatyň özeni - azat hususy inisiatiwady.

On ýyl geçenden soň bolşewikler diktaturasy Täze ykdysady syýasatyň getiren ykdysady üstünlikleriniň ählisini öz eline aldy. Bir fakt faktlygyna galýar: ykdysadyýetde hakyky böwsüş, öwrüliş etmäge döwlet däl-de, hususy sektor ukyply. Bu häzirki zamanda has-da möhüm.

Iň gowy, iň kämil hasaplanýan döwlet sistemasynyň hem hususy telekeçiligiň berýän ideýalaryny, tekliplerini berip bilmeýändigine dünýä praktikasy bireýýäm şaýat boldy. Tersine, döwlet sektory näçe güýçli, kuwwatly bolsa-da, ol korrupsiýanyň çeşmesi bolýar.

Häzirki ýagdaý

Hut şu ýagdaý bilen G.Berdimuhamedow her gün diýen ýaly ýüzbe-ýüz bolýar. Muny Ministrler Kabinetiniň maslahatlarynda prezidentiň gol astyndakylary dalaýşyndanam görmek mümkin.

Hökümet maslahatynda G.Berdimuhamedow biznesmenleri birneme ruhlandyrmaly boldy. Ol Telekeçiler bileleşigini “gol gowşuryp oturmazlyga, döwlet goldawyna garaşmazlyga”, kiçi biznesi mundan beýläk hem ösdürmäge çagyrdy.

Döwletiň tutuş eýeçiliginiň agalyk edýän şertlerinde bu işi nähili ýerine ýetirmeli? Şol agalygy böwsüp, şahsy inisiatiwa goldaw üçin ony nädip kemeldip boljakdygyny prezidentiň özi bilýärmikä?

Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG