BMG-niň Nýu-Ýorkdaky ştab kwartirasynda energiýa resurslaryny akdyrmagyň ynamdarlygyny we durnuklylygyny üpjün etmek boýunça halkara-hukuk mehanizmini işläp düzmek üçin ekspertler toparyny döretmek meselesi baradaky maslahat tamamlandy.
Maslahata Türkmenistanyň resmi delegasiýasy, BMG-niň ykdysady we sosial meseleler boýunça departamentiniň (UNDESA) işgärleri, ABŞ-nyň Energetika ministrliginiň, Kolumbiýa uniwersitetiniň, halkara energiýa kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdy - diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat beýanatynda aýdylýar.
Konsultasiýalar boýunça kabul edilen jemleýji dokumentde BMG-niň arka durmagynda ekspertler toparyny döretmek barada ylalaşyk gazanylandygy bellenýär.