Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbekler Oşuň dikeldiş planyny tankytlaýar


Oşdaky başlangyç mekdep hem çaknyşyklarda weýran boldy.
Oşdaky başlangyç mekdep hem çaknyşyklarda weýran boldy.

Gyrgyzystanyň günorta şäheri Oşda häkimiýetler etniki çaknyşyklaryň öňüni almak maksady bilen dürli milletlileriň goňşulykda ýaşaýan raýonlaryny döretmegi planlaşdyrýarlar. Ýerli ýaşaýjylar bolsa häkimiýetleriň bu plany sebäpli öz ýaşaýan uly öýlerinden kiçi göwrümli kwartiralara göçürilmeklerinden howatyrlanýarlar.

Iýun aýynda Gyrgyzystanyň Oş şäherinde zorluklar ýüze çykanda bir mesele aýdyň boldy, ol hem özbek milletlileriň ýaşan raýonlarynda hemme jaýlar otlanyp, weýran edildi. Gyrgyzlaryň ýaşaýan öýlerine welin, köp zyýan ýetmedi.

Şäheriň dikeldiş işleri başlananda, Oşuň häkimi Melis Myrzakmatow dürli milletlileriň goňşulykda ýaşaýan raýonlaryny döredip, geljekde etniki çaknyşyklaryň öňüni almagy planlaşdyrýandygyny aýtdy: “Garyşyk kwartallarda hiç zat bolmady. Şonuň üçin biziň dürli milletleriň goňşulykda ýaşaýan kwartallaryny döredesimiz gelýär. Şol ýerleriň howlularynda çagalar biri-biri bilen oýnap, olaryň dost bolmagyny isleýaris”.

Bu barada Oş şäher häkimliginde iýul aýynda eden çykyşynda jenap M.Myrzabekow özleriniň köne köçelerdäki öýleri ýykmaklarynyň mümkindigini aýtdy. Iýun aýynda bolan zorlugyň pidalaryna bolsa täze köp gatly jaýlara ýa-da täze gurlan öýlere göçmäge mümkinçiligiň beriljekdigini mälim etdi: “Bu gaty uly betbagtçylyk. Şonuň üçin biz gaty sypaýy hereket etmäge synanyşýarys. Onsuz-da öz emlägini, dogan garyndaşlaryny ýitiren adam az däl. Şonuň üçin biz bu zorlugyň pidalaryna hyzmat etmäge çalyşýarys”.

Göçürilmek gorkusy

M.Myrzabekow Oş şäheriniň gutarnykly planynyň ilatyň gatnaşmagynda taýýarlanjakdygyny aýtdy. Emma şu hepdäniň başynda häkimiň orunbasary Taalai Sabirow bu planyň taýýardygyny, öz öýünden başga ýere göçmekden boýun gaçyrýan adamlar bilen häkimiýetleriň gepleşik geçirýandigini mälim etdi: “Biz olara öýlerinden başga ýerlere göçmekleriniň şähere hem ýurda bähbitlidigini aýdýarys. Eger kwartiralarda ýaşaslary gelmese, biz olara ýer teklip edýäris. Emma köne öýlerinde olaryň galyp bilmejekdigini, sebäbi biz şäheriň baş planynyň eýýäm kabul edilendigini düşündirýäris”.

Ýerli ýaşaýjylar bolsa häkimiýetleriň özleri bilen maslahatlaşmandygyny aýdýarlar we bu şäher plany sebäpli öz ýaşaýan uly öýlerinden kiçi göwrümli kwartiralara göçmeli boljakdyklaryndan howatyrlanýarlar.

Özbek milletinden bolan ýerli ýaşaýjylaryň biri mamlakat Emilowa öz weýran bolan öýüni gaýtadan dikeltmek isleýändigini aýdýar: “Meniň köp gatly kwartiralarda ýaşasym gelmeýar. Biz howlularymyzda çadyr dikip ýaşamaga kaýyl, ýöne hiç kim bu ýerden göçmek islemeýär”.

Ýerli synçylar-da özbekleriň we gyrgyzlaryň aýry-aýry raýonlarda ýaşamagynyň bu regionda dartgynlygyň güýjemegine getirjekdigini aýdýarlar. Syýasy analitik Mars Saryýew uly özbek maşgalalarynyň, adatça, howluly öýlerde ýaşaýandyklaryny aýdýar: “Bu hakykatdan hem problema döredýär. Sebäbi özbekler beýlekilerden üzňe, ýapyk ýaşaýarlar. Şonuň üçin garyşyk raýonlary döretmek rasional karardyr”.

“Galasymyz gelýär”

Syýasy analitik özbekleriň öňki ýaşan ýerlerini taşlap, öz durmuşlaryny özgertjek göçe-göçlügi islemeýändiklerine düşünýändigini aýtdy. Şonuň üçin häkimiýetleriň bu planyny durmuşa geçirmekligiň näderejede ýerliklidigini aýdyp bilmejekdigini nygtady.

“Kylym Şamy” atly adam hukuklary boýunça guramanyň ýolbaşçysy Aziza Aburasulowa Oş şäheriniň häkimiýetleriniň bu planyny goldaýandygyny aýdýar: “Men adamlaryň ýaşaýyş jaýlaryna bolan hukuklarynyň äsgermezlik edilmegine garşy, emma ýüzlerçe adamyň ölümine sebäp bolan soňky zorluklar, bu regionda eýýäm üçünji gezek ýüze çykýar. Biz bu wakalardan netije çykaryp, utgaşmaga synanyşmaly. Biz goňşulykda parahat ýaşamagy öwrenmeli”.

Hukuk goraýjy A.Aburasulowa adamlaryň ellerinden ýerlerini almaga häkimiýetleriň hakynyň ýokdugyny aýdýar. Gyrgyzystanyň prezidenti Roza Otunbaýewa hem daşary ýurt donorlaryndan serişde almaga synanyşanda şeýle zorluga ýol bermejekdigini aýtdy. Emma Oşuň özbeklerini Otunbaýewanyň bu sözleri köşeşdirmedi. Olaryň köpüsi iýun aýynda bolan zorluklary bahana edinip, häkimiýetler turuwbaşdan düzen planlaryny amala aşyrmaga çalşarlar diýip howatyrlanýarlar.

Şol plana bolsa ýerli özbekleriň ýaşaýan ýerlerini ellerinden almak girýär diýip, ýerli özbek milletli Saltamat Faizullaýewa aýdýar: “Bize şol dikeldiş planynyň manysyny hiç kim düşündirmedi. Özbekler hem gyrgyzlar musulmandyr. Biz şol kiçi kwartiralara çagalarymyz bilen sygyp bilmeris. Biziň öz ýerimizde galasymyz gelýär”.

Oş regionynyň ilaty hemişe öz obadaşy Gyrgyzystanyň öňki prezidenti Kurmanbek Bakyýewi goldaýardy. Bu ýerdäki gyrgyzlaryň köpüsi henize çenli Bakyýewiň tarapyny çalýarlar. Özbekleriň aglabasy bolsa wagtlaýyn hökümeti arka tutunýar.

Täze sistemamy?

Oş şäheriniň häkimi M.Myrzabekow hem bir wagt Bakyýewiň ýakyn ýarany bolan adamlardan. Ol Gyrgyzystanyň günortasyny doly gözegçilik astyna alyp bilmeýan wagtlaýyn hökümete köp kynçylyk döredýän adam. Ýakynda Myrzabekow öz regionyna ÝHHG-niň ýaraglanmadyk polisiýa işgärleriniň gözegçilik etmäge gelmegine garşy protestleri gurnady.

Syýasaty öwreniji Mars Saryýew Myrzabekowyň bu hereketinde separatistik meýilleriň duýulýandygyny aýdýar. Emma synçy bu regionda bolan zorlukdan soň, ýurduň günorta regionlarynda hatda meýdan komandirleriniň hem emele gelendigini aýdýar.

Syýasatçy Saryýew şeýle hem merkezi häkimiýetleriň güýç arkaly ýa-da administratiw ýollar bilen bu regiondaky problemalary çözüp bilmejekdigini, şonuň üçin häzirki döran ýagdaýy bolşy ýaly kabul etmekden başga çäreleriniň ýokdugyny tassyklaýar.

Duşenbe güni Gyrgyzystanyň prezidenti Roza Otunbaýewa parlament saýlawlarynyň şu ýylyň 10-njy oktýabrynda geçiriljekdigini yglan etdi. Bu saýlawlardan soň Gyrgyzystanyň syýasy gurluşy parlament respublikasyna öwrülip, ýurt durnukly ösüş ýoluna düşmeli.

Emma Oş şäheriniň dikeldiş plany ýurduň durnuklylygy meselesini sorag astynda goýýar. Bu regionda dartgynlygyň artmagy gaýtadan etniki çaknyşyklaryň ýüze çykmak howpuny ýokarlandyrýar.
XS
SM
MD
LG