Eýranly biznesmenler bu ýagdaýyň emele gelmegine prezident Mahmud Ahmedinejadyň barlyşyksyz syýasatynyň sebäp bolanlygyny aýdýarlar.
Beýleki tarapdan, eýran resmileri sanksiýalaryň ýurda hiç hili täsirini ýetirmänligini aýdyp, Eýrana garşy görlen bu çäreleri äsgermezlik etmäge synanyşýarlar.
Duşmanlarynyň sanawy artýar
Mundan ozal Tähran ABŞ-ny Eýrany üzňeleşdirmäge synanyşýanlykda aýyplap gelse-de, soňky hepdeleriň dowamynda Ahmedinejadyň hökümeti ÝB-ni we Orsýeti hem öz duşmanlarynyň sanawyna goşdy. Sebäbi ÝB bilen bir hatarda Orsýet we Hytaý hem BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Eýrana garşy girizilen sanksiýalaryň dördünji tapgyryny goldap, çykyş etdiler.
Bu sanksiýalaryň girizilmegine garamazdan, Ahmedinejad we onuň hökümeti Eýranyň ykdysadyýetine şol çäreleriň täsiriniň gaty az boljakdygyny öňe sürýärler. Ahmedinejad ýaňy-ýakynda eden çykyşlarynyň birinde Eýranyň jemi 900 milliard amerikan dollaryna barabar ykdysadyýetiniň ÝB-ä girýän ýurtlaryň kompaniýalary bilen gatnaşygyna degişli böleginiň diňe 24 milliar dollara deňdigini belledi.
Ahmedinejad şol çykyşynda: “Belki, şeýle bir gün geler, şonda Eýranyň ilaty bu sanksiýalaryň girizilmegini baýram edip bellär. Sebäbi hiç hili önümi daşardan import etmän, biz öz ykdysadyýetimizi güýçlendireris” diýdi.
Haçanda Ahmedinejadyň bu beýanaty barada garaýşyny soranymda, Tähranyň uly bazarynda iş alyp barýan biznesmen Hossaýyn prezidentiň bu hili pikirilerine “hiç kimiň çynlakaý garamaýanlygyny” aýtdy. Hossaýyn sözüni dowam etdirip: “Gör, onuň özi we onuň hökümet agzalary nähili logika esaslanýarlar... Eýranyň ykdysadyýetine garşy şeýle sanksiýalaryň girizilmegine hut Ahmedinejadyň esassyz we agressiw beýanatlary sebäp boldy” diýdi.
Söwdagär Hossaýyn ýene şeýle diýdi: “Mundan iki ýyl ozal biz deňhukukly we regionda uly güýç hökmünde ykrar edilmegi Günbatardan talap edýärdik, ABŞ-nyň prezidenti Obama Ahmedinejad bilen gatnaşyk gurmaga synanyşdy, emma biziň professorymyz Obamanyň synanyşyklaryny ret edip, öz agressiw hem-de samsyk beýanatlaryny ýaýratmagy dowam etdirdi. Siz aýdyň, men şeýle ýagdaýda kimi aýyplamaly? Bazarda men başga hili pikiri orta atýan adama duş gelmedim”.
“Hasam erbetleşýär”
Mundan bir aý ozal Tährandaky uly bazaryň söwdagärleri teklip edilýän täze salgyt planyna garşy protest gurnadylar. Bu hereket Eýranyň hökümetini şol planyny wagtlaýynça goýbolsun etmäge mejbur etdi. Emma Tähranyň uly bazarynda iş alyp barýan beýleki bir biznesmen Hamit bolsa soňky hepdeleriň dowamynda ýagdaýyň hasam erbetleşenligini aýtdy. Hamit: “Mundan bir aý ozal menem dükanymyň gapysyna gulp urdum, häzirki döwürde men näme boljagyna garaşyp otyryn. Bazar gaýtadan açyldy, emma biznesiň ýagdaýy gaty erbet” diýip, sözüni jemledi.
Tähranyň we Eýranyň käbir beýleki şäherlerinde geçirilen şol protestler BMG, ABŞ we ÝB tarapyndan Eýrana garşy täze sanksiýalaryň girizilen möhleti bilen bir wagta gabat geldi. Hamidiň aýtmagyna görä, bu proteste sebäp bolan zat salgytlary galdyrmak baradaky plandy, emma ilat halkara jemgyýetçiligi tarapyndan sanksiýalaryň girizilip-girizilmänligine garamazdan, ykdysadyýetiň barybir erbetleşip barýanlygyna göz ýetirýärdi.
Hamit: “Eger hökümetiň ünsüni bolaýmagy mümkin girdeji çeşmesi hökmünde özüňe çekmeseň, onda kiçi we orta biznesiň ýagdaýy ýaman däl. Emma haçanda işiň ugruna bolup, girdejiň artyp başlasa, olar dürli bahanalar bilen eliňdäki bar zadyňy alýarlar” diýýär. Ýerli biznese erbet täsirini ýetirýän zatlardan biri hem Hytaýdan getirilýän arzan önümlerdir. Hossaýynyň maňa beren maglumatyna görä, “Hatda Eýranda satylýan bal hem Hytaýda öndürilýär”.
Hossaýyn meniň bilen söhbetdeşliginde ýene şeýle diýdi: “Hytaýda öndürilen 250 gram balyň bahasy bäş dollar, Eýranda öndürilen ýokary hilli balyň bahasy bolsa 20 dollar, siz aýdyň, onsoň kim Eýranyň önümini alar? Netijede eýranly biznesmenler ýuwaş-ýuwaşdan söwdadan çekilip başladylar. Haft Depede ýerleşýän şeker kärhanasynyň ýapylmagyna sebäp bolan zat hem şeýle ýagdaý” diýip, eýranly söwdagär Hossaýyn aýtdy.
Abbas Jawadi Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Gepleşikler bölüminiň başlygynyň kömekçisi. Şu kommentariýada öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.