Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýiti soraglardan gorap biljek ýok


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynda, 23-nji sentýabr, 2009-njy ýyl.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynda, 23-nji sentýabr, 2009-njy ýyl.

Ýylyň ýedi aýynyň jemlerine bagyşlanan hökümet maslahatynda häzir güýçli taýýarlyk görlüp başlanan möhüm waka barada habar berildi.

Şol waka tutuş ýurda öz täsirini ýetirip biler. Bu ýerde gürrüň Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagy mümkin çäresi – BMG-niň Baş Assambleýasynyň 65-nji sessiýasy barada barýar.

Türkmen propagandasy şunuň ýaly halkara çärelerini aýak aldygyna öz bähbidine ulanýar. Geçen ýylky sessiýadan bäri tutuş ýylyň dowamynda diýen ýaly ýurduň ideologik edaralary ýadaman-ýaltanman BMG-de prezidentiň uly üstünlige eýe bolandygyny gaýtalap köpçülige ýatlatdy durdy. Şonda Berdimuhamedow energiýa howpsuzlygy boýunça inisiatiwany öňe sürüpdi.

Garaşylmadyk ýagdaýlar


Bu sapar hem prezident Nýu-Ýorka eli boş barmaz ýaly täze bir propagandistik konsepsiýany özi bilen alyp gitse, ol mantyga gelmänem durmaz. Ol daşary işler ministrine BMG-niň sessiýasyna düýpli taýýarlyk görmek barada görkezmäni ýöne ýere bermedi.

Şunuň ýaly halkara forumlar prezident G.Berdimuhamedow üçin belli bir derejede töwekgellik bilen bagly, ol öňünden çak edip bolaýjak ýa garaşylmadyk ýagdaýlara-da öňünden öýünde gowy taýýarlanmaly.

Türkmenistandaky ýagdaýlar barada ýiti soraglaryň berilmeginden G.Berdimuhamedowy gorap biljek ýok. Sebäbi adam hukuklaryny goraýan halkara guramalaryň Türkmenistana dünýäniň iň repressiw režimleriniň biri diýip beren bahasy halkara derejede ýurduň abraýyna kölege salyp dur.

Ýurduň içinde ykdysady ösüşleriň yzygiderli mahabatlandyrylýandygyna garamazdan, dürli çeşmeleriň maglumatlaryna görä, Türkmenistanyň işsizleriň sany boýunça öňdäki döwletleriň biridigini G.Berdimuhamedowa ýatlatmaklary mümkin.

Türkmenistanyň şu hem beýleki dünýä rekordlary türkmen prezidentini has oňaýsyz ýagdaýlara salyp biler. Oňa ýüzüni, abraýyny ýitirmezlik üçin häzirki ideologiýanyň garşysyna göçüm etmek artykmaçlyk etmez. Bu iş üçin G.Berdimuhamedowa güýçli propagandistik tapyndy gerek.

Owganystan ýa-da Eýran

BMG-niň Bag Assambleýasynda G.Berdimuhamedow syýasy kapitalyny kemeltmez ýaly häzir ýurduň ideologik edaralarynda bir gowy zat tapmak üçin gije-gündiz kelle döwýän, hars urup gözleýän bolmaklary mümkin.

Onda gyzgyn temalaryň biri Owganystany ýa Eýran ugruny gozgap, utuk gazanmaga mümkinçilik bar. Eger şu iki ugur boýunça dogry hem garaşylmadyk teklip edilse, halkara jemgyýetçiliginiň türkmen inisiatiwasyna ünsüniň çekiljegine türkmen ýolbaşçylary düşünmän duranoklar.

Emma resmi Aşgabat we DIM-däki diplomat kadrlar çylşyrymly soraglara köpçüligiň içinde jogap bermekden türkmen ýolbaşçylaryny propagandistik öwrümleriň gorap bilmejekdigine gowy düşünýärler.

Türkmen wekillerine şol soraglary berjekler üçin soraglary gözlemek ýa tapmak asla kynçylyk döretmez, olar el uran ýeriňde bar, göze görnüp dur.

Tutuş dünýä boýunça Türkmenistanyň dostlary bu ýurdy diktaturadan doly azat bolan ýurt hökmünde görmek isleýärler. Olar bolar-bolgusyz propagandistik şygarlara bukulman, hakykatda, iş ýüzünde öz jemgyýetini azat etmäge çagyryşlaryny dowam etdirerler.

Näçe derejede Türkmenistan azat bolsa, şonça derejede dünýä-de baý bolar, bu ikisi biri-birine garaşly, bagly.

Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG