Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aýan edilen iki syryň kyssasy


“Lubyanskayapravda.com” saýtyndaky dokumentler Orsýetiň ýörite gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň we hatda döwlet baştutanynyň adyna ýazylan hasabatlardan ybaratdy.
“Lubyanskayapravda.com” saýtyndaky dokumentler Orsýetiň ýörite gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň we hatda döwlet baştutanynyň adyna ýazylan hasabatlardan ybaratdy.
Andreý Soldatow

Ýakynda “WikiLeaks” internet saýtynda çap bolan dokumentler ABŞ-nyň Owganystandaky bähbitlerine, hususan-da, Pakistanyň ýörite gulluklarynyň harby ýolbaşçylarynyň birnäçesi bilen gatnaşyklaryna zyýan ýetirmäge ukyply.

Emma gizlin syrlaryň paş edilmegi bilen Owganystandaky urşuň alnyp barlyşy barada bar bolan umumy pikirler üýtgedi diýmäge esas ýok. Operatiw toparlaryň taktikasy Yrakdaky uruşdan bäri hemmä mälim. Talyban hereketiniň liderlerini ýok etmek üçin sürüjisiz ulaglaryň ulanylýanlygy hem hiç kim üçin syr däl. Pakistanyň gizlin gulluklarynyň gümürtik pozisiýasy barada hem Günbataryň žurnalistleri öňden bäri habar berip gelýärler.

“WikiLeaks” saýtynda çap bolan dokumentleriň paş edilmeginiň ähmiýeti düýbinden başga sebäpler bilen baglanşykly. Harby bölümleriň ýolbaşçylarynyň müňlerçe ownuk hasabatlaryndan düzülen maglumatlar ilkinji gezek köpçüligiň dykgatyna ýetirildi. Bu bolsa öň diňe çäkli resmiler toparynyň garamagynda bolan maglumatyň jemgyýet we ekspertler üçin elýeterliligini üpjün etdi.

Gizlin maglumatlaryň paş edilmeginiň ähmiýeti harby hasabatlaryň diňe bir mazmun taýdan möhümligi bilen çäklenmän, adamlara durmuşda bolup geçýän ýagdaýlar barada has jikme-jik maglumat berip, gözýetimlerini giňeltdi.

Islendik ýagdaýa baha bermekde jemgyýetiň elinde bar bolan giňişleýin maglumatlaryň we takyk sanlaryň ähmiýetini hiç kim ret etmese gerek. Çap edilen dokumentlere syn edilende, parahat ýaşaýjylar heläk bolan bolan wagty harby birikmeleriň hem şol ýerde bolandygyna şübhe döremeýär. Bu ýagdaýda pajygaly wakalaryň ýüze çykmagynyň sebäpleri barada düşündiriş berilmeli, wakalarda her bir ýolbaşçynyň ýa esgeriň roly barada hasabat berilmeli. Şeýle wakalara gatnaşan ofiserler baradaky jikme-jik maglumatlar hem žurnalistler üçin elýeterli.

Edil şol wagt Orsýetde...

ABŞ-nyň gizlin syrlarynyň paş edilmegi barada Orsýetiň habar beriş serişdelerinde maglumat berlende we halkara koalisiýasynyň Owganystanda şowsuzlyga uçrandygy baradaky çaklamalar öňe sürlende, Orsýetiň özüne-de göni täsir ýetirip biljek waka – başga bir täze maglumat! - ýüze çykypdy, emma bu habar beriş serişdeleriniň ünsünden sypdy.

Orsýetiň ýörite gulluklarynyň hem syrlarynyň üstüni açyp biljek maglumatlar peýda bolupdy. Orsýetiň Federal howpsuzlygy gullugynyň (FSB) “örän gizlin” diýen möhüri basylan dokumentleriň birnäçesi iýun aýynda “Lubyanskayapravda.com” internet saýtynda peýda boldy.

Birinjiden, Federal howpsuzlyk gullugynyň dokumentleri soňky 10 ýylyň dowamynda ilkinji gezek internete syzdy. Ikinjiden, “WikiLeaks” internet saýtynda çap edilen hasabatlar ýaş harbylar tarapyndan düzülen bolsa, “Lubyanskayapravda.com” saýtyndaky dokumentler Orsýetiň ýörite gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň we hatda döwlet baştutanynyň adyna ýazylan hasabatlardan ybaratdy.

FSB-niň dokumentleri esasan hem Operatiw maglumatlar departamentiniň (ДОИ) hasabatlaryndan ybaratdy. Ol maglumatlar Ukrainada, Türkmenistanda we öňki sowet respublikalarynyň birnäçesinde geçirilen gizlin operasiýalar barada habar berýärdi. Maglumatlar 2000-nji ýyllaryň ortalaryna degişli. Dokumentlerde şeýle-de Orsýetiň ýörite gulluklarynyň çägindäki içki konfliktler barada hem habar berilýärdi. Mysal üçin, hasabatda FSB-niň Ukraina degişli bir dokumenti galplaşdyryp, soňra ony Daşary aňtaw gullugynyň (СВР) Kremle hakyky maglumatlar hökmünde tabşyranlygy hem aýdylypdy.

Metbugat geleňsizligi

FSB-e degişli çap edilen dokumentleriň jikme-jiklerini aýtmakdan ýörite saklanýaryn. Sebäbi olar bilen “WikiLeaks” saýtynda çap edilen amerikan syrlarynyň arasynda tapawut bar. FSB-niň syrlary internetde peýda bolan hem bolsa, olar jemgyýetiň üns merkezine düşmedi. Bu syrlar barada Orsýetiň gazetleri hem çap etmedi. Internet saýtynyň özi-de maglumatlary çap edensoň, birnäçe hepdeden petiklendi. Şol maglumatlardan diňe ermeni žurnalistleriniň ençemesi peýdalanyp, Ermenistanyň howpsuzlyk ýolbaşçylarynyň birini Moskwanyň peýdasyna işlemekde aýypladylar.

Amerikan we ors syrlarynyň paş edilmegi bilen bagly wakalar deňeşdirilende täsin ýagdaý ýüze çykýar. FSB-niň dokumentleri jemgyýetiň üns merkezine düşmedi we köpçülikleýin çekeleşikleriň temasyna öwrülmedi. Elbetde, olaryň hakykata gabat gelip-gelmeýänligi hem belli däl, sebäbi hiç hili barlaglar hem geçirilmedi. Bu waka resmi derejede hem üns berilmedi, ýagny prezidentiň administrasiýasynda ýa Federal howpsuzlyk gullugynyň özünde garalmady. Tassyklaýjy ýa ret ediji beýanatlar hem çap edilmedi. Dokumentler žurnalistler tarapyndan hem derňelmedi. Netijede dokumentlere salgylanmaga-da kän bir esas ýok.

Şol bir wagtda-da ABŞ-nyň Kongresiniň Senaty maglumat ýaýradýan žurnalistleri we neşirýatçylary töhmetçilikde aýyplanmakdan goramak boýunça ýörite kanuny kabul etdi. Bu kanun adam hukuklaryny goraýjylar tarapyndan makullanyldy. Sebäbi täze kanun ABŞ-da hasaba alnan internet saýtlarynyň eýelerini repressiw režimler tarapyndan gozgalan sud yzarlamalaryndan goraýar. Bu şübhesiz gowy ädim, emma söz we maglumat azatlygynyň ýagdaýyny gowulandyrmak üçin ýeterlik däl.

Iň bolmanda, FSB-niň dokumentleriniň jemgyýete syzmagy bilen bagly waka boyunça munuň haýry degmezdi. “Lubyanskayapravda.com” saýtynyň düýbi ABŞ-da ýerleşýärdi we domeýn belgisi Müsürde hasaba alnandy. Emma Orsýetiň döwürleýin neşirleriniň geleňsizligi bu maglumatlaryň halk köpçüligine gowuşmagyna ýol bermedi.

Andreý Soldatow “Agentura.ru” internet neşiriniň baş redaktory we “Nowaýa gazeta” neşiriniň synçysy. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar ilki başda “Ýežednewny žurnalda” çap edildi, olar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG