Bir tarapdan, bu pozisiýa diňe bir ykdysady meseleleri däl, gumanitar gymmatlyklary hem öz içine alýar. Şol gymmatlyklara Birleşen Ştatlar uly sarpa goýýar, onuň goragynda durýar.
Ikinji bir tarapdan, Waşington regionda garaşsyzlygyny pugtalandyrmaga ýykgyn edýän Merkezi Aziýa döwletleriniň belli bir derejede kepili we goragçysy bolmak roluny öz üstüne almaga synanyşýar.
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi Robert Bleýk ýakynda Merkezi Aziýa problemalary maslahat edilende amerikan milli bähbitleri üçin regionyň uly ähmiýete eýedigini belledi.
Liberallaşma we açyklyk
Ýöne Merkezi Aziýanyň bäş döwletiniň her biriniň özbaşdaklygyny goldamak bilen ABŞ gyşarnyksyz dünýä ykdysadyýetine olaryň integrasiýasyny goşmak arkaly durnukly demokratik prosesler döretmekde goltgy bermäge çalyşýar.
Şunuň bilen baglanyşykly häzirki amerikan administrasiýasynyň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça ileri tutýan ugurlarynyň arasynda Robert Bleýk şol ýurtlarda syýasy liberallaşmagy, açyklaşmagy we adam hukuklaryna hormat goýmagy belledi.
Mundan hem başga ýokary derejeli amerikan diplomaty ABŞ-nyň Türkmenistanda we Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynda ykdysadyýetiň bäsleşikli bazar gatnaşyklaryny döretmäge hemmetaraplaýyn ýardam etjekdigini aýtdy.
Döwlet departamentiniň resmisi Robert Bleýk Geçen aý amerikan administrasiýasynyň beýleki bir agzasy Maýkl Pozner bilen Türkmenistanda we Özbegistanda bolandygyny we agzalan problemalary iň ýokary derejede maslahat edendiklerini belledi.
Aktiw goldaw
Amerikan tarapy gumanitar gymmatlyklara uly sarpa goýmak we olary goramak bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň özbaşdaklygyny goramaga aktiw goldaw berjekdigini äşgär edýär.
Robert Bleýk şeýle diýdi: “Biz Merkezi Aziýada beýleki döwletleriň hem öz bähbitleriniň bardygyny ykrar edýäris. Emma haýsydyr bir ýurduň Merkezi Aziýanyň haýsydyr bir böleginde ýörite bähbitleriniň bolmagyny kabul etmeýäris”.
Halkara synçylar bu pikiriň Merkezi Aziýa regionynda öz monopol häsiýetli täsirini güýçlendirmek ýaryşyna yzygiderli gatnaşýan Moskwa gönükdirilýändigini öňe sürýärler.
Belki, amerikan resmisiniň bu beýanaty belli bir derejede Hytaýa-da degişlidir. Çünki soňky döwür Hytaý Merkezi Aziýada syýasy, uly derejede ykdysady oýunça öwrüldi.
Energiýa howpsuzlygy
Käbir kuwwatly goňşy döwletleriň göz gyzdyrmasyndan regiony goramak meselesi ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Ýewraziýanyň energiýasy boýunça ýörite wekili Riçard Morningstaryň ýakynda Türkmenistana saparynda-da gozgaldy.
Döwlet departamentiniň Ýewraziýanyň energiýasy boýunça resmisi R.Morningstar beýleki meseleleriň arasynda halkara gazgeçiriji sistemalarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça türkmen inisiatiwasynyň möhümdigini belledi.
Geçen ýyl Orsýet öz tarapyndan türkmen gazyny almagy togtadyp, öňki ylalaşygy bozansoň, bu inisiatiwa has-da aktual häsiýete eýe boldy. Şondan bäri energiýa akdyrmagyň howpsuzlyk meselesi Orsyetiň öz şertlerini regionyň we hut Türkmenistanyň boýnundan asmaga synanyşygy bilen baglanyşýar.
ABŞ Türkmenistanyň tarapyny tutýandygyny ençeme gezek mälim etdi. Ýöne Waşingtonyň syýasy we ykdysady liberallaşma baradaky çagyryşlaryny kabul etmäge Türkmenistan näderejede taýýar? Bu sorag açyklygyna galýar. Ony çözmeli Aşgabat. Onuň ýerine bu işi dünýäde başga etjek ýok.
Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.