Muňa çenli Bişkekde Halk gurultaýynyň geçjekdigi, onda Gyrgyzystandaky häzirki dartgynly ýagdaý, ondan çykmagyň ýollary we Gyrgyzystanyň geljegi barada gürrüň ediljekdigi aýdylypdy.
4-nji awgustda Gyrgyzystanyň Içeri işler ministri Kubatbek Baýbolow Barktabasowa garşy Gazagystanda we Gyrgyzystanda gözleýiş çäreleriniň yglan edilendigini we onuň tarapdarlarynyň mitinge çykyp, halkyň rahatlygyny bozmagyna garşy milisiýa işgärleri tarapyndan ähli çäreleriň görlendigini aýtdy.
Bişkek şäheriniň “Gorkiý” atly meýdanyna Urmat Barktabasowyň 2000-e golaý tarapdalary çykyp, parlamentiň binasyna tarap ugradylar. Olar Bişkek şäherine goýberilmedik telekeçi Barktabasowa gurultaýa gatnaşmaga rugsat bermeklerini talap etdiler.
Şol arada Urmat Barktabasowyň Balykçy şäherinden awtokolonna bilen Bişkege ýola düşendigini we şähere girilýän ýerde Kantyn Nowo Pokrowka obasyndaky “Kirgşelk” duralgasynda togtadylandygy hakynda maglumat ýaýrady.
Mitinge gatnaşyjylar bolsa prezident Roza Otunbaýewadan Barktabasowyň şähere goýberilmegini talap etdiler. Köpçülik: “Roza Otunbaýewa, çyk! Halkyň talabyny diňle! Barktabasowy şähere goýbersinler!” diýen çagyryşlary öňe sürdi.
Bir partiýanyň ýurt hakdaky pikiri
“Meken Tu” partiýasynyň lideri Kenjaly Sarymsakow: “Gyrgyzystanyň geljegi nähili çözüler? Bu kyn mesele. Muny çözmek üçin halka ýol görkezip biläýjek adamy prezident saýlamaly. Hökümetde işleýän kadrlar tejribeli köpügören adamlar bolmaly. Diňe şonda jemgyýet we döwlet ösüp biler” diýýär.
“Urmat barasynda aýtsam, ol näçe ýyllardan bäri daşary ýurtlarda gezip, işläp tejribe toplap gelen gyrgyz ogullarynyň biri. Ol öz programmasyny şol ýerlerde ýazyp, taýýarlap geldi. Bu ýerde oňa goşmaçalar, düzedişler girizilip, 100 müň nusgada çap edilip, halka ýaýradyldy” diýip, Sarymsakow aýdýar.
“Meken Tu” partiýasynyň lideri Kenjaly Sarymsakowyň aýtmagyna görä, Urmat Barktabasow halka nädip gyrgyz jemgyýetini, döwletini ösdürmelidigini aýtmak we halk bilen masalahatlaşmak üçin gurultaý geçirjek eken.
«Kirgşelk» duralgasyna Barktabasow bilen gepleşik geçirmäge baran resmilere ony yzyna gaýtmaga yrmak başartmady. Bişkek wagty bilen 15.20-de Barktabasowyň tarapdarlary milisiýa işgarlerine garşy daş zyňyp, ýoly açmaga çalyşdylar.
Şol wagt Balykçy şäherinden gelýän içi adamly birnäçe kiçi awtobuslar ele salyndy. Emma «Meken Tu» partiýasynyň esaslandyryjysy Urmat Barktabasowyň özi «Jip» kysymly awtoulagda Balykça gaçyp gitmäge ýetişdi.
Ýol üstündäki söhbet
Gyrgyzystanyň wagtlaýyn hökümetiniň agzasy, prezidentiň syýasy işler boýunça maslahatçysy Topçybek Turgunalyýew Urmat Barktabasowyň Bişkege gelýän awtokolonnasyna baryp, onuň bilen duşuşdy.
Turgunalyýewiň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, ol Barktabasow bilen ýarym sagat ýaly gepleşip, Bişkekdaki adamlary dargatmagyň, Balykçydan gelýän adamlary yzyna gaýtarmagyň zerurdygyny düşündiripdir. Üçünji güýçleriň ara düşüp, oňki ýaly ganly çaknyşygyň bolmagynyň mümkindigin aýdypdyr.
Barktabasow öz gezeginde hökümetiň öňünde üç talap goýupdyr. Birinji talap Bişkekde geçiriljek gurultaýa garşylyk görkezmezlik, ikinjisi şol boýunça açylan jenaýat işlerini şu günüň özunde ýatyrmak, üçünjisi, ony ýurduň premýer-ministri wezipesine saýlamak talaby.
Prezidentiň syýasy işler boýunça maslahatçysy Topçybek Turgunalyýew onuň talaplaryny hökümete ýetirjekdigini aýdyp, açylan jenaýat işleri boýunça onuň jogap bermelidigini habar berendigini mälim etdi.
Emma Milli howpsuzlyk gullugynyň başlygy Keneşbek Duýşebaýewiň sözlerine görä, gurultaýy gurnanlaryň hökümeti basyp almak niýetiniň bardygy anyklanypdyr. Duýşebaýew milisiýa we prokuratura işgarleriniň ýurtda basybalyjylykly hereketlere garşy taýýar durandygyny sözüniň üstüne goşdy.
Häzir Gyrgyzystanyň Bişkek şäherine 1300 sany milisiýa işgäri gözegçilik edýär. Gijesine olara ýene-de 10 müň sany halk goşunlarynyň agzalarynyň kömek berjekdigi habar berilýär.