Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Onlarça müň oglan-gyzyň ykbaly nähili bolar?


Ýokary hem ýörite orta okuw jaýlaryna giriş ekzamenleriniň başlanmagy diňe bir okuwa girýän ýaşlaryň arasynda däl, tutuş türkmen jemgyýetinde dartgynlylyk döretdi. Mekdepden soňky ilkinji ädimlerinde ýaşlar döwlet tarapyndan girizilen çäklendirmeler sebäpli çynlakaý sosial problemalar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.

Birinji çäklendirme prezidentiň görkezmesi bilen kesgitlendi, şol görkezmä laýyklykda, ýurduň 21 sany ýokary okuw jaýyna diňe 5445 student kabul edilmeli. Ýörite orta okuw jaýlaryna kabul edilmeli oglan-gyzlaryň sany 1758. Beýle diýildigi, okuwyny dowam etdirmek bagtyna eýe bolanlaryň ýurt boýunça bary-ýogy ýedi müň adamdan sähel gowrakdygyny aňladýar. Eger mekdepleri tamamlaýanlaryň sany bilen deňeşdirilse, bu san aşa pes.

Şu ýyl mekdebi tamamlan, ýöne okuwa girmek bagtyna ýetip bilmedik onlarça müň oglan-gyzyň ykbaly nähili bolar? Bu sorag açyklygyna, jogapsyz galýar. Ýaşlaryň köp müň adamly armiýasynyň ýüzbe-ýüz boljak hakykaty olaryň kalbynda beslän arzuwlarynyň tersine bolup çykar.

Işsizligiň derejesi

Türkmenistanda uly adamyň durmuş ýolunyň başlangyjy ägirt uly sosial problemalar bilen utgaşyp gidýär, bu ýerde bellemeli bir mesele: Türkmenistan işsizligiň iň ösen ýurtlarynyň biri. Bu problemany has-da çylşyrymlaşdyrýan zat - işsizlik baradaky hakyky maglumatlaryň iň möhüm döwlet syry hökmünde gizlin saklanmagydyr. Ýigitlere we gyzlara anyk bir käri bolmazdan, hünär saýlamak has-da kyn düşýär. Bu ýagdaý, çykgynsyzlyk ýaşlaryň arasynda neşä bolan islegi artdyrýar.

Işsizlik beýleki sosial problemalar bilen bir hatarda jelepçiligiň ösmegine-de belli bir şertler döredýär. Şeýlelikde ýokary okuw jaýyna ýa-da ýörite orta bilim berýän hünär mekdebine girmek ugrundaky göreş köp sanly sosial kesellerden gaça durmaga özboluşly şans döredýär. Ýöne şol şansa köpler eýe bolup bilmez. Bu bulaşyk, çylşyrymly ýagdaýdan çykalgany has-da erbetleşdirýän zat, ol hem ýurduň ýapyklygy, berk režimiň saklanmagyny dowam etdirmegidir. Daşary ýurtlara okamaga gitmegem döwlet tarapyndan uly derejede çäklendirilen.

Türkmenistanyň hökümet başlygynyň orunbasary H.Saparlyýew şu ýyl daşary ýurtlara okamaga gitmek üçin diňe 2860 adama rugsat beriljekdigini Ministrler Kabinetiniň maslahatynda aýtdy. Häkimiýetler şu iş bilen ugurdaş ýokary we ýörite orta okuw jaýlaryna girip bilmejek onlarça müň oglan-gyzyň ýagdaýyny ýeňilleşdiräýjek hiç hili ýörite döwlet programmasyny hödürlemeýärler. Giriş ekzamenleri ýönekeý bolmadyk ýagdaýda başlandy. Şol ýagdaý ykbal synagyna gaty meňzeş.

Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG