Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz mediasy ýagdaýy doly suratlandyrýarmy?


Käbir materiallarda etnik özbekler tankytlanýar we olar Jalalabatda, Oşda 350 adamyň ölümine hem 400 müňüniň öý-öwzarsyz galmagyna getiren bidüzgünçilige ýeke-täk jogapkärçilikde aýyplanýar.

Bişkekde ýaşaýan Sultan Jumagulow garaşsyz media geňeşçisi. Onuň sözlerine görä, birnäçe garaşsyz gazet ilkibaşdan bäri Gyrgyz tarapyny goldaýar. “Haçanda günortada etniki çaknyşyklar başlananda, şol gazetler “Gyrgyzystan – gyrgyz halky üçin”, “Biziň watanymyz gorkuly ýagdaýda” diýen ýaly sözbaşylary çap edip ugradylar. Hut şeýle zatlar käbir etnik azlyklara garşy bidüzgünçiligi artdyrdy” diýip, Jumagulow aýtdy.

Howply “Alibi”


10-njy we 11-nji iýunda, Oşda etniki çaknyşyklar başlamazdan birnäçe gün öň “Alibi“ gazetiniň çap eden kommentariýasynda şeýle setirler bardy. Sitata: “Eger biz häzirki ýagdaýlarda özbeklere hüjüm etmesek, onda olar özlerini hasam gödek alyp bararlar” ýa-da: “Eger özbekler biziň myhmansöýerligimizi halamasalar, onda hökümetiň halk bilen birlikde özbeklere hüjüm etmegi mümki”, sitatanyň soňy.

Garaşsyz media geňeşçisi Jumagulowyň sözlerine görä , “Alibi” we “Apta” gazetleri käte aşa milletçiligi wagyz edýän materiallary çap etdiler. Olarda “näme üçin gyrgyzlar öz ata Watanynda garyp wagtynda beýleki milletler baý?” diýen sowal goýulýardy.

Jumagulowyň sözlerine görä, hatda olar “Näme üçin başga milletler gyrgyzlara hormat goýmaýarlar?” diýibem sorardylar. “Alibi”gazeti Bişkekde çap edilýär. Emma onuň 10 müň nusgasy ýurduň dürli künjeklerine ýaýradylýar. Hut şonuň üçin-de, ýokarda getirilen mysallaryň olary okanlary bidüzgünçilige itermegi ahmal.

“24 kg” we “Akipress”

“24 kg” we “Akipress” ýaly hususy habar gulluklary gyrgyz, ors we iňlis dillerinde internetde dürli maglumatlary çap edýärler. Haçanda halkara media etniki çaknyşygyň aslynda nämedigini tiz wagtda kesgitlemäge çalyşýarka, şol habar gulluklary çaknyşyklar barada “köpçülikleýin bidüzgünçilik”, “iýun wakalary” diýen terminleri ulandylar.

Ýakyn hepdelerde halkara media polisiň reýdlerinde, bikanun tussag etmelerde we wagtlaýyn tussaghanada etniki özbeklere adalatsyz çemeleşilýändigine uly üns berdi. Ýöne “24 kg” we “Akipress” Oşdan hem Jalalabatdan beren materiallarynda, hususan, bidüzgünçilik baradaky derňewler, adam ýitgileri baradaky sanlar, ýerli häkimliklere bellenýänler we gaýtadan dikeldiş işleri barada ýazdylar.

27-nji iýuldan ozal “24kg” habar gullugy bizdüzgünçiligiň sebäbi barada dürli düşündirişiň bardygyny hem ýazmady. Diňe adam hukuklary boýunça baş wekil Tursunbek Akun bidüzgünçiligi düşündirip, “Halkara guramalaryň aglabasy Gyrgyzystany, şol sanda gyrgyzlary özbeklere garşy genosidde aýyplaýarlar” diýdi.

Özbekler “gyrgyz”

Iýunyň başlarynda günortadaky uruş barada ýeterlik maglumat bolmady. Şeýle-de bidüzgünçilik wagtynda we ondan soňra, özbekleriň ykbaly barasynda örän çäkli maglumat berildi diýip, Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosyna interwiýu beren media synçylary we etnik özbekler aýtdylar. Günortadaky Mažnun tol obasyndan özüni Mamirjan diýip tanadan ýaşaýjynyň sözlerine görä, “Telewideniýäniň gepleşikleri diňe birtaraply. Olarda mydama özbekler ýazgarylýar”.

Döwlet telewideniýesi özbekleriň ýaşaýan jaýlaryny görkezip, olar gyrgyz diýýär. Media geňeşçisi Jumagulowyň aýtmagyna görä, Gyrgyzystanyň iri telekanallary öýlerini terk etmäge mejbur bolan müňlerçe özbekler barasynda geçen iki aýyň dowamynda ýekeje hasabat hem bermediler.

Ors dilinde çap edilýän “Weçerniý Bişkek” gazetiniň zurnalisti Bermet Malikowa birnäçe gyrgyz gazetiniň özüne “Gyrgyz halkynyň duşmany bolaýma!“ diýip, duýduryş edendigini aýtdy. Meselem, “Alibi” gazeti iýul aýynda Malikowa ýaly käbir žurnalistler “Ene diline hormat goýmaýarlar” diýip ýazdy we Malikowany öz hereketlerini üýtgetmäge çagyrdy.

Şol bir wagtyň özünde-de “Weçerniý Bişkek” gazeti ýaly sanlyja neşir öz materiallarynda özbekleriň ýagdaýlary barada ýazýarlar. “Özbek jemgyýetçiligi ölenleriň sanynyň 700-e golaýdygyny aýdýar” diýip, “Weçerniý Bişkek” 15-nji iýunda Oş baradaky hronikasynda ýazypdy.

Bişkekdäki media syýasaty boýunça institytyň synçysy Akmat Alaguşewiň aýtmagyna görä, şol bidüzgünçilik bilen bagly wakalar gyrgyz žurnalistlerini iki topara böldi. Alaguşewiň sözlerine görä, birek-biregi tankytlaýanlaryň ilkinjisi başga gazetleriň watançy däldigini aýdýar. Ikinji topar bolsa, öz garşydaşyny aşa milletçi diýip atlandyrýar.
XS
SM
MD
LG