Eger Býujet kodeksi durmuşa ornaşdyrylsa, ol merkezi häkimiýetiň diktatyny kemeldip, Türkmenistanyň maliýe sistemasyny açyklaşdyrmaga, liberallaşdyrmaga ýardam eder.
Hemişe prezidentiň görkezmesi bilen hereket etmezlik hem “Býujet boýunça ýaşamak” ideýasynyň özi S.Nyýazowyň häkimiýet sistemasyndan arany açmakda aýgytly ädim bolardy. Hut Türkmenbaşynyň diňe özi ýurtda döwlet serişdelerini nirä hem nämelere harç etmegi kesgitleýärdi.
S.Nyýazow “islesem bererin, islemesem ýok” diýen prinsip boýunça ýurtdaky esasy girdejileri we çykdajylary kesgitleýärdi. Býujet planlaşdyrmagyň we şol planlary amala aşyrmagyň esasy ykdysady ryçagy bolman, S.Nyýazowyň islegi hem keýpi hemme zady çözýärdi.
Prezidentiň özi karar kabul edýärdi hem şol karary özi maliýeleşdirýärdi. Başga wariant döwletde ýokdy. Şeýle-de döwletiň ähli girdejisine Türkmenbaşy eýeçilik edip, öz islegine görä-de dürli ugurlara bölüşdirýärdi.
S.Nyýazow nemes banklarynyň birinde öz şahsy hasabynda azyndan üç milliard dollar saklaýar diýip, köp ýyllaryň dowamynda halkara ekspertleri aýdyp geldi. Bu S.Nyýazowyň döwlet puluny ýuwudyp oturmasyna köp sanly mysallaryň biridi.
Şol pullar býujetiň puly däldi, sebäbi döwletde býujet ýokdy. Ähli maliýe operasiýalary prezidentiň buýrugy bilen amala aşyrylýardy. Dogrusy, S.Nyýazowyň daşary ýurt bankalarynda gizläp saklan pullarynyň ykbaly şu wagta çenli näbelli, gümürtikligine galýar.
Şonuň üçin Türkmenistanyň soňky hökümet maslahatynda döwlet býujetini düzmek we ýerine ýetirmek barada edilen gürrüň ýurtda ähli maliýe prosessleriniň üstünden gözegçiligi gurnamagyň çynlakaý başlangyjy bolup biler.
Açyklyk we deňagramlylyk
Elbetde, indi hemme zat birnäçe ýagdaýa bagly bolar. Ozaly bilen - häkimiýet býujet baradaky maglumatlar boýunça gizlenpeçek oýnuny nä derejede oýnamakçy däl.
Eger häkimiýet döwlet býujetine nobatdaky döwlet syry hökmünde garamakdan ýüz öwürse, eger ýokarda girdejileriň we çykdajylaryň çeşmeleri gizlin saklanmasa, şeýle ýagdaýda býujet kodeksi Türkmenistany ösdürmek tendensiýasynyň ykdysady esaslaryny kadalaşdyryp biler.
Ine, şonda hökümet programmalarynyň nä derejede deňagramly we köpgyraňlydygy, jemgyýet üçin näderejede peýdaly bolup biljekdigi ýurduň ähli graždanlaryna, tutuş dünýä aýan bolar.
Şonda öňki ýaly gyşarmalar bolmaz, kimiňdir görkezmesi ýa islegi bilen ägirt uly möçberdäki býujet serişdeleri garaşylmadyk ýagdaýda senagatyň haýsam bolsa bir pudagyna berilmez, beýleki pudaklar kemsinmez.
Şunuň ýaly ýagdaý ýakynda boldy - gurluşyk üçin 12 milliard dollar goýberildi. Gurluşyga şunuň ýaly ägirt sowgat eden häkimiýet sosial hem medeni ugurlara gezek gelende sahylyk görkezip bilmedi. Şunuň ýaly deňagramlylygyň bozulmasynyň ýüze çykmazlygyna hem ýolbaşçylary tertip-düzgüne býujetiň özi çagyryp biler.
Ýöne şunuň ýaly liberallaşma diňe býujet demokratik ýol bilen düzülende mümkin bolar. Býujetiň parlament tarapyndan tassyklanjakdygy Ministrler Kabinetiniň maslahatynda aýdyldy. Bir möhüm zat - şol parlamentde tassyklama formal häsiýete eýe bolmasa, prezidentden çykýan kararlaryň ählisini makullap, baş atyp oturmasalar ondan netije çykar.
Eger şeýle bolmasa, býujet hakyndaky kanunam, Býujet kodeksem diňe kagyz ýüzünde galar. Hakykatda bolsa S.Nyýazowyň oýlap tapan hem amala aşyran “ islänimi ederin” diýýänini býujet atlandyrarlar.
Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.