Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

San bilenmi ýa-da hil bilen?


Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet başyna gelende ilkinji aladalaryny harbylaryň ýaşaýyş, durmuş şertlerini gowulandyrmakdan başlady, harbylara soňky salnan «elit» diýlip atlandyrylýan jaýlardan kwartiralaryň berilmegini ýola goýdy diýlip, habar berilýär.

Harbylar barada aladasyny dowam etdirip, golaýda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ekleýjisi ýogalan harbylaryň maşgala agzalaryna ýeňilleşdirilen kredit bermek barada karara gol çekdi. Bu ýagdaý hem harbylaryň maşgala agzalary tarapyndan gowy garşylandy.

Amanmyrat Bugaýew aşgabatly ýazyjy we synçy: “Her bir döwlet ilki bilen harby güýçlerini tertibe salmaly. Döwletde öz ýurduny, ilini goramaga ýeterlik harby güýç bolmaly. Şonuň üçin hem Türkmenistanyň prezidenti harbylaryň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak ugrunda yzygiderli alada edýär.”

Hazar deňzinde Türkmenistanyň ýörite harby flotiliýasyny döretmek işiniň düýbi tutuldy. Soňra bir aý çemesi mundan ozal graždan deňizçilik flotunyň işini gowulandyrmak hakynda ýörite karar kabul edildi. Bularyň hemmesi gutlamaly ýagdaý diýip, Bugaýew aýdýar.

Ozalky we häzirki ýagdaý

Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda, ýagny önki prezidentiň döwründe, harbylaryň hem-de harby gulluga çagyrylýan esgerleriň ýagdaýy gözgyny ýagdaýa düşüpdi, emma häzir olaryň ýaşaýşy, durmuşy önkülerden has gowulaşdy diýip, Bugaýew sözüniň üstüni ýetirdi

“Esgerleriň egin-eşik, iýmit babatynda hiç-hili arzlary ýok. Öňki gulluk edýän esgerleriň täze gelen esgerlere azar bermesi-de azalypdyr. Harby bölümiň özüniň medisina gullugynyň işi-de barha janlanýar. Aýdylýan zat bilen, amal edilýan zat deňleşip başlady” diýip, A.Bugaýew aýdýar.

Harbylar belli bir möhlet işlänlerinden soň, hormatly dynç alşa çykýarlar. Bugaýew harbylaryň gulluk möhleti tamamlanyp, dynç alşa çykanlaryndan soň hökümet olaryň iş bilen üpjünçilik meselesine üns berse gowy bolardy diýýär.

“Harbylar gulluk möhleti tamam bolansoň, 42-45 ýaşlarynda dynç alşa çykýarlar. Şolaryň iş bilen üpjünçiligi barada alada edilmeli. Sebäbi harby goşunda gulluk edýänler Türkmenistanyň Harby akademiýasyny tamamlan ýaşlar. Şol ýaşlara ýene-de bir hünär edinmäge, jemgyýetde, halk hojalygynda öz ornuny tapar ýaly mümkinçilik döredilse, has-da gowy bolardy” diýip, A.Bugaýew aýdýar.

Gyrgyzystan

Gyrgyzystanly owgan urşunyň weterany Orunbaý Çotbaýew gyrgyz harbylarynyň ýaşaýyş ýagdaýyna kanagatlanarly diýip, baha berýär: «Emma Gyrgyzystanda 30 we ondan hem köp ýyl gulluk eden ofiserler kwartira alyp bilmeýärler. Elbetde, bu häzirki syýasy ýagdaý bilen hem bagly. Ýurtda ýagdaý durnuklaşsa, biziň, ýagny pensiýadaky harbylaryň ýagdaýy gowulaşar diýip, umyt edýaris”.

Başga bir tarapdan, O.Çotbaýewiň aýtmagyna görä, Gyrgyzystanyň harby sistemasynda korrupsiýa gülläp ösýär: “Esasan harby goşunda garyndaşparazlyk we tanyş-bilişlik höküm sürýär. Bularyň hemmesi harby bölumlerdäki tertip-düzgüne ýaramaz täsir edýär”.

Gyrgyzystanda pensiýadaky harbylara elektrik energiýasy we gaz tölegleri üçin berilýän ýeňillikler we däri-derman üçin pensiýa goşup berilýän az mukdardaky pul hem olaryň kadaly ýaşamagyna ýetmeýär diýip, Çotbaýew sözüniň üstüni ýetirdi.

Gyrgyzystanda harbylara kredit bermek barada kanun bar. Emma, ýerli synçylaryň aýtmagyna görä, bu kanun işlemeýär. Onuň hem sebäbi ýurtdaky syýasy ýagdaýlar zerarly döwlet býujetinde puluň ýoklugy bilen düşündirilýär.

Täjigistan we Özbegistan

Täjigistanly jemgyýeti öwreniji Numanjon Fahriddinow Täjigistanda hem harby pensionerleriň we işgärleriň ýagdaýynyň öwerlik däldigini aýdýar: “Şeýle-de bolsa, biziň harbylarymyz ertirki gününe ynanyp, öz borçlaryny ýerine ýetirip gelýärler”.

N.Fahriddinowyň sözlerine görä, Duşenbäniň golaýynda Goranmak ministrligine degişli ofiserleriň ýaşaýan bäş gatly jaýy bar. Emma bu bina merkezleşdirilen ýagdaýda ýyly suw berilmeýär we hiç wagt ýyladyş sisitemasy işlemeýär. Agyz suwy-da diňe ikinji gata çenli çykýar. Ondan ýokarda suw ýok. Olar her gün şäherden agyz suwuny satyn alýarlar.

Emma Özbegistanda harbylaryň aýlyklarynyň beýlekiler bilen deňeşdirilende has ýokarydygyny, şeýle-de bu sistemada işleýänleriň hemmesine ýeňilleşdirilen kredit bilen kwartiralaryň berilýändigini özbegistanly synçy Suhrob Ismoilow aýdýar.

“Eger-de harbylar bir welaýata beýleki bir welaýatdan maşagalasy bilen gelip işleýän bolsalar, olara nobat bilen ýaşamaga kwartira berilýär. Belli bir wagtdan soň, şol kwartira harbylaryň öz şahsy emlägine öwrülýär. Kwartiralar mugt berilýär, emma kommunal tölegleri olaryň özleri tölemeli” diýip, S.Ismoilow aýdýar.

Synçylar bolsa adamlary harby gulluga gyzyklandyrmakdan maksat Watany goramak bolýan bolsa, onda goşunyň, harby güýçleriň sanyny dal-de, hilini artdyrmaga üns bermelidigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG