Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň Merkezi Aziýa boýunça syýasaty


ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi Robert O.Bleýk Bişkekdäki konferensiýada, 15-nji aprel, 2010-njy ýyl.
ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi Robert O.Bleýk Bişkekdäki konferensiýada, 15-nji aprel, 2010-njy ýyl.

Soňky wagtlarda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi Robert O.Bleýk Merkezi Aziýada ýerleşýän ýurtlara birnäçe gezek sapar edip, şol ýurtlaryň döwlet resmileri bilen dürli ugurlar boýunça gepleşikler geçirdi.

30-njy iýulda ABŞ-nyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça ýokary derejeli diplomaty Robert O.Bleýk ABŞ-nyň Merkezi Aziýa boýunça alyp barýan syýasatynyň möhüm ugurlary barada Waşingtonda ýerleşýän halkara parahatçylygy boýunça “Carnegie Endowment” merkezinde çykyş etdi.

R.O.Bleýk Merkezi Aziýada ýerleşýän bäş ýurduň her biriniň özboluşly tarapyny, özbaşdaklygyny we garaşsyzlygyny ABŞ-nyň ykrar edýändigini belläp, dünýä ykdysadyýetine integrirlenen, doly özbaşdak we durnukly demokratik döwletleriň kemala gelmegini ABŞ-nyň goldaýandygyny aýtdy.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň ýokary derejeli wekili R.O.Bleýk regional howpsuzlygy we durnuklylygy ýokarlandyrmak üçin regionyň ýurtlarynyň biri-birleri bilen, ABŞ we onuň ýaranlary bilen bilen hyzmatdaşlykda bolmaklaryny ABŞ-nyň syýasatynyň goldaýandygyny belledi.

“Bu biziň Merkezi Aziýa boýunça uzak wagtdan bäri alyp barýan syýasatymyz, emma bu syýasaty durmuşa geçirişimiz Birleşen Ştatlaryň dürli hökümet administrasiýalaryna görä tapawut etdi” diýip, ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi R.O.Bleýk aýtdy.

Bäş ugur

R.O.Bleýk Barak Obamanyň administrasiýasy häkimiýete gelensoň, Merkezi Aziýa boýunça syýasatyň täzeden gözden geçirilendigini belledi.Onuň aýtmagyna görä, häzirki wagtda ABŞ-nyň Merkezi Aziýa boýunça alyp barýan syýasatynyň bäş esasy ugry bar:

1. Owganystandaky koalisiýa tagallalaryna ýardam üçin Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy artdyrmak;
2. Regiondaky energiýa çeşmeleriniň we olaryň üpjünçilik ýollarynyň ösüşini we diwersifikasiýasyny ýokarlandyrmak;
3. Syýasy erkinlige we adam hukuklaryna hormat goýulmagyna itergi bermek;
4. Bäsdeşlige daýanýan bazar ykdysadyýetine we ykdysady reformalara itergi bermek;
5. Döwletleriň dolandyryş ukyplaryny ýokarlandyrmak.

Bulary ýola goýmak üçin ABŞ şol ýurtlar bilen jemgyýetçilik meseleri boýunça jogapkärçiligi giňeltmek, yzygiderli gepleşikleri gazanmak üçin konsultatiw mehanizmleri ornaşdyrmak we agzalan ugurlarda öňe gidişlik gazanmak üçin gepleşikleri pragmatik iş planlaryna geçirmek kararyna geldi diýip, R.O. Bleýk aýtdy.

Ikitaraplaýyn konsultasiýalar

Geçen ýyl R.O.Bleýk Döwlet sekretarynyň orunbasary Uiliýam Börns bilen Merkezi Aziýa ýurtlaryna sapar edipdi. Köp wagtdan soň amala aşyrylan şeýle ýokary derejeli resmi saparyň dowamynda U.Börns hökümetlere ikitaraplaýyn ýyllyk konsultasiýalary ýola goýmaklygy teklip edipdi.

ABŞ-nyň resmileri Robert Bleýk (sagda) we Maýk Pozner prezident G.Berdmuhamedow bilen duşuşykda, 14-nji iýun, Aşgabat
“Şol sapardan soň, Merkezi Aziýanyň her bir döwleti bilen geçirilen konsultasiýalara ýolbaşçylyk etdim. Bulara Gyrgyzystan girmeýär – aprel aýynyň başynda bu ýurduň delegasiýasy Waşingtona ýola düşende, şol ýerdäki taryhy wakalar olaryň missiýasyny soňlady” diýip, R.O. Bleýk aýtdy.

Şeýle hem R.O Bleýk Täjigistanyň daşary işler ministri Hamrokhon Zarifiniň, Waşingtondaky rekord gar ýagynyna garamazdan, fewral aýynda ikitarpalýyn konsultasiýalaryň geçirilmeginde batyrgaý hereket edendigini ýatlady. Duşuşyklaryň käbiri Bleýkiň öz dynç alyş otagynda geçirilipdir.

“Meniň pikirimçe, siz – Merkezi Aziýa barada menden has gowy bilýän adamlar – ol ýerdäki dostlarymyzyň biziň göwneýän ugrumyzdan gitmeklerine ýardam bermegiň kämahal aňsat düşmeýändigini kabul edýänsiňiz” diýip, Döwlet departamentiniň wekili R.O.Bleýk sözüne goşdy.

Adam hukuklary

R.O.Bleýkiň aýtmagyna görä, oňyn şertleriň döredilmegi we gepleşikleriň ugrunyň kesgitlenmegi ilkinji ädim bolmaly. Bularyň arasyna adam hukuklary ýaly çetin meseler hem girýär. R.O.Bleýk bu dialogyň özara hormat we düşünişme esasynda ýola goýulmalydygyny öňe sürdi.

“Merkezi Aziýadaky partnýorlarymyz bilen ähli ugurlar barada diskussiýa etdim. Gozgalmadyk mesele ýok. Ylalaşylan ugurlarda ösüş gazanmak üçin pragmatiki iş planlaryny düzýäris. Konsultasiýalara raýat we biznes jemgyýetiniň gatnaşdyrylmagy boýunça-da ösüş bar” diýip, R.Bleýk aýtdy.

Soňky wagtlarda dürli metbugatlarda ABŞ-nyň häzirki hökümetiniň Merkezi Aziýadaky döwletler bilen howpsuzlyk hyzmatdaşlygyna has köp üns berýändigi we adam hukuklaryny ýatdan çykarýandygy barada ençeme kommentariýalar peýda boldy. Robert.O.Bleýk bu pikirleri ret etdi.

“Bu pikirler gowy habar makalalaryny ýa-da, aýdylyşy ýaly, blog ýazgylaryny emele getirýär. Emma bu administrasiýa adam hukuklarynyň ýa-da raýat jemgyýetçiliginiň ýagdaýy barada çynlakaý, doly we açyk diskussiýa girmekden yza çekilmedi” diýip, R.O.Bleýk nygtady.

R.O.Bleýk gepleşikleriň esasy bölegi bolan adam hukuklary howpsuzlyk meseleleri bilen deň derejede möhüm bolup durýar we geljekde-de şeýle bolar diýdi. Ol muňa mysal edip, iýun aýynda Aşgabatda geçirilen konsultasiýalary we Daşkentdäki gözden geçiriş maslahatyny görkezdi.

“Meniň kärdeşim, ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň demokratiýa, adam hukuklary we zähmet boýunça kömekçisi Maýk Pozner gepleşikleriň bu ugurlaryna ýolbaşçylyk etdi we konsultasiýalary geçirmek üçin meniň bilen Türkmenistana hem-de Daşkende sapar etdi” diýip, R.O.Bleýk belledi.

“Manas”

ABŞ-nyň Manasdaky howa bazasy, 23-nji iýul, 2010-njy ýyl.
R.O.Bleýk Gyrgyzystanyň “Manas” aeroportyndaky Tranzit merkeziniň saklanmagyna ABŞ-nyň juda uly gyzyklanma bildirendigi we Bakyýewiň režimindäki adam hukuklarynyň ýagdaýyny tankyt etmekden boýun gaçyrandygy baradaky aýyplamalardan habarynyň bardygyny belledi.

“Meniň gatnaşmagymda Bakyýewiň hökümeti bilen geçirilen gepleşikleriň ählisinde adam hukuklarynyň gozgalandygyna we olaryň aprel aýynda gelmekçi bolan delegasiýasy bilen ýiti diskussiýalara taýýarlyk görendigimize kepil geçip bilerin” diýip, R.O.Bleýk aýtdy.

R.O.Bleýk şol wagtky gyrgyz oppozisiýasy bilen Bişkekde ýa-da Waşingtonda duşuşyk geçirmekden hiç haçan ýüz öwürmändiklerini belläp, häzirki oppozisiýa bilen hem duşuşmakdan ýa-da hökümet bilen adam hukuklary barada gepleşikler geçirmekden yza tesmejekdiklerini belledi.

“Manasdaky Tranzit merkezi Owganystandaky koalisiýa tagallalaryna uly goşant goşýar. Emma bu Gyrgyzystanyň öz raýatlarynyň hukuklaryna hormat goýmagy boýunça biziň bähbitlerimiziň ornuny tutmaýar, geljekde-de tutmaz” diýip, Döwlet departamentiniň wekili R.O.Bleýk sözüne goşdy.

Bähbitler we täsirler

Şeýle hem R.O.Bleýk Merkezi Aziýadaky täsirini artdyrmak boýunça ABŞ-nyň hiç bir ýurt bilen bäsdeşlige girmeýändigini öňe sürdi. Ol “Uly oýun” baradaky gürrüňleriň hem diňe gowy habar makalalaryny ýa-da bloglary ýasaýandygyny aýdyp, munuň hakykatdan daş düşýändigini nygtady.

“Biziň maksadymyz Merkezi Aziýadaky her bir ýurduň aýratynlyklaryna we ukyplaryna hem-de daşary syýasatymyzyň maksatlaryna esaslanýan ikitaraplaýyn kämil gatnaşyklary ýola goýmak” diýip, ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi Robert O.Bleýk belledi.

R.O.Bleýk belli bir ýurtlaryň adyny agzamasa-da, regiondaky öz bähbitleri boýunça hereket edýän ýurtlara hem degip geçdi: “Biz Merkezi Aziýada beýleki döwletleriň hem öz bähbitleriniň bardygyny ykrar edýäris. Emma hiç bir ýurduň Merkezi Aziýanyň haýsydyr bir böleginde ýörite bähbitleriniň bolmagyny kabul etmeýäris”.

R.O.Bleýk çykyşynyň dowamynda ýaragyzlanmak, neşä garşy göreş, energiýa howpsuzlygy we terrorçylyga garşy göreş boýunça regional we global derejedäki möhüm meseleler babatdaky syýasatlaryň ýola goýulmagynyň regiondaky ähli ýurtlaryň bähbidinedigini hem belläp geçdi.
XS
SM
MD
LG