Plana görä, 2012-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan ýurtda pensiýa üpjünçiliginiň pul ýygnama, toplama sistemasy peýda bolar.
Gödegräk edip aýtsak, hökmany we meýletin pensiýa ätiýaçlandyryşy boýunça her bir adamyň pensiýasy her aýda eden töleginden ýörite şahsy hasaba ýygnanar. Şu sistema ilkinji gezek Şwesiýada döräpdi. Soň ony dünýäniň ösen beýleki döwletlerem alyp göterdi.
Kanun agalygynyň ýoklugy
Türkmen reallyklarynda şol sistemany ornaşdyrmagyň özi birinji problema bolar. Ol Ýewropanyň we Amerikanyň senagat taýdan ösen döwletleri bilen deňeşdirilende, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň gowşaklygy bilenem bagly däl.
Bu işe aýakbagy boljak birinji faktor - ýurtda kanun agalygynyň ýoklugy. Başgaça aýdylanda, kanunyň hemme zatdan ýokarda durmaýanlygydyr.
Köp ugurlaryň, belki, ähli pudaklaryň ösüşi merkezi häkimiýete we bir adamyň erkine bagly. Ine, şu merkezleşen erk-ygtyýaryň öňünden çak edip bolmajak şekilde üýtgemegi mümkin.
Pul ýygnama sistemasy birinji nobatda döwlet bilen adamyň arasyndaky gelnen ylaşygyň berk berjaý edilmegini, hiç bir ýagdaýda pensiýa baradaky kanunyň ýeke harpynyň ýa ruhunyň üýtgedilmezligini, onuň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmegini talap edýär.
Türkmenistanda bolsa ýurduň baştutanynyň üýgtän, öňküden başgarak islegi garaşylmadyk ýagdaý bolup biler. Şeýle üýtgäp durmalary Türkmenbaşy birnäçe gezek görkezipdi.
Mysal üçin, Nyýazow 2006-njy ýylda Türkmenistanyň raýatlarynyň birnäçe kategoriýasynyň pensiýasyny galamyny bir aýlamak bilen ol ýoga çykarypdy. Şol bir wagtda gaty köp adamyň pensiýasy kemeldilipdi.
Pensiýa üçin pul ýygnama sistemasynda raýatlaryň öz häkimiýetine ynamy örän möhüm rol oýnamaly. Şol ynamyň derejesini anyklamak üçin Türkmenistanda köp işlemeli bolar.
Ynam üçin esas
Ýöne köp ýyllar bäri häkimiýetleriň jemgyýete edýän güýçli basyşlaryndan çen tutulsa, ýönekeý raýatlaryň öz ýolbaşçylaryna, soňky 20 ýylda tutuş dolandyryş sistemasyna ynamy üçin esas juda ujypsyz.
Şeýle ýagdaýda adamlaryň döwlet pensiýa fonduna öz pulunyň belli bir bölegini berjegini çaklamak kyn. Onda şol puly ýene-de güýç, zorluk, mejbur etmek bilen almaly bolar.
Şeýle dartgynly ýagdaýda ornaşdyrylmagy planlaşdyrýaylýan täze sistema uzak ýaşap, işläp, hereket edip bilmez.
Işleýän adamlar döwlet bilen synag oýnuny etmäge razy bolmazlar, olar köneje döwlet pensiýa üpjünçiligi sistemasynda galanyny gowy görer.
Ägirt uly işsizler armiýasyny näme etmeli? Bu soragam Türkmenistanda açyklygyna galýar. Türkmenistanly işsizleriň sany baradaky maglumatlar ýapyk. Pensiýa üpjünçiligi işsizlere degişlimi?
Öň saglygy saklaýyş ministri bolan Gurbanguly Berdimuhamedow meýletin saglyk ätiýaçlandyryşyny ornaşdyrmagyň nämedigini öz tejribesinde gördi. Eger häkimiýetleriň öz, esasan, mejbur etmegi ulanýan bolsa, raýatlaryň meýletin çärelere gatnaşmagyna garaşyp bolmaz.
Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.