Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan medisina işgärleriniň gününi belleýär


Aşgabadyň Onkologiýa merkezi
Aşgabadyň Onkologiýa merkezi

Saglygy saklaýyş we medisina senagaty pudagynyň işgärleriniň gününe gabatlanyp, Aşgabatda “Türkmenistanyň beýik galkynyş eýýamy we saglygy saklaýyş sistemasyndaky özgerişlikler 2010” şygary astynda forum we sergi geçirildi. Türkmenistan “Saglyk” döwlet programmasynyň 15 ýyllygyny hem belleýär.

Resmi maglumatlarda “Saglyk” programmasynyň döredilmeginiň başynda duran G.Berdimuhamedowyň goly astynda milli saglygy saklaýyş sistemasynyň dünýä standartlary derejesine çykanlygy habar berildi.

Türkmenistanyň prezidentiniň çykyşynyň we ýurduň saglygy saklaýyş we derman senagaty pudagynyň üstünlikleriniň halkara çärä gatnaşanlarda has uly gyzyklanma döredenligi türkmen metbugatynda nygtaldy.

Emma ýerli habar serişdelerinde, adatdakysy ýaly, Türkmenistanyň saglygy saklaýyş pudagyndaky kemçilikler we görülmeli çäreler hakda agzalmady. Ýurduň saglygy saklaýyş sistemasyndaky kemçilikler ýurduň resmileri tarapyndan hem ret edilýär.

10 ýylyň dowamynda Türkmenistanda işlän “Serhetsiz lukmanlar” guramasynyň şu ýylyň aprel aýynda ýurduň saglygy saklaýyş sistemasynyň ýagdaýy barada öz tejribelerini köpçülige ýetirmegi türkmen ýolbaşçylarynda nägilelik döredipdi.

Düýbi Parižde ýerleşýän “Serhetsiz lukmanlaryň” maglumatlaryna jogap hökmünde Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bu guramany ýalançylykda aýyplap, resmi beýannama ýaýradypdy.

Kemçilikler nämeden ybarat?

Synçylar kemçilikleriň ret edilmeginiň sebäbini türkmen häkimiýetleriniň ýöredýän "propagandistik" sýýasatynda görýärler. “Türkmen Helsinki fondunyň” başlygy Tajigül Begmedowa şeýle hereketleriň kemçilikleriň aradan aýrylmagyna ýol bermeýänligini belledi.

Täjigül Begmedowanyň bellemegine görä, ilaty medisina hyzmatlary bilen üpjün etmek Türkmenistanyň kanunlarynda kepillendirilse-de, iş ýüzünde bu doly derejede berjaý edilmeýär.

Türkmenistanyň ýaşaýjylarynyň sözlerine görä, aýratynam tiz kömek hyzmatlarynyň hili örän pes, adamlaryň saglygyny barlamak we bejermek üçin mümkinçilikleri çäkli, medisina edaralarynyň alyp barýan işi hem ýeterlik däl.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan Türkmenistanly pensioner maşgala lukmanlarynyň, şepagat uýalarynyň ýetmezçilik edýänligini, saglyk öýleriniň kadaly işlemeýänligini we adamlaryň lukmana ýüz tutmakdan derman satyn almagy has oňaýly görýänligini gürrüň berdi.

Resmi üstünlikler

Türkmenistanyň resmi derejede yglan edýän üstünlikleri esasan köplenç paýtagtda gurulýan medisina merkezleriniň açylmagyna we ýokanç keselleriň birnäçesiniň öňüni almak boýunça sanjym çäreleriniň giňden amala aşyrylmagyna esaslanýar.

Türkmenistanyň saglygy saklaýyş ulgamyndaky üstünlikleriniň halkara derejesinde hem ykrar edilýänligi döwlet baştutany tarapyndan nygtalýar. Türkmen prezidenti bu ugurdan halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem dowam etdirmekçidigini aýdýar.

G.Berdimuhamedowyň sözlerine görä, saglygy saklaýyş boýunça alnyp barylýan işler, ilatyň esasy medisina hyzmatlary bilen üpjün edilmegi üçin berilýän goldaw, şeýle-de saglygy saklaýyşa gönükdirilýän serişdeler barada BMG-niň edaralaryna maglumat berilýär.

Türkmen tarapynyň saglygy saklaýyş ugrunda halkara hyzmatdaşlygyna ozalky ýyllara garanda gyzyklanmasynyň güýçlenenligini halkara guramalarynyň wekilleri hem belleýärler. Emma ýurduň saglygy saklaýyşynyň ýagdaýyndan habar berýän resmi maglumatlaryň örän çäklidi hem aýdylýar.

Üstünligiň şertleri

Türkmenistanda ilat arasyndaky keselçilik, ilkinji nobatda-da ýokanç keseller boýunça statistika, şu günki güne çenli ýapyklygyna galýar. Hususan-da, bu AIDS (SPID) ýaly dünýä derejesinde döwrüň iň howply keselleriniň statistika sanlaryna degişli.

BMG-niň wekilleriniň sözlerine görä, Türkmenistan halkara guramalara berýän resmi maglumatlarynda häzirki wagtda ýurtda AIDS bilen kesellänleriň, HIV (WIÇ) infeksiýasyna ýoluganlaryň ýoklugyny öňe sürýär.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan ÝUNISEF Çagalar fondunyň AIDS boýunça geňeşçisi Ruslan Malýutanyň sözlerine görä, ýokanç keselleriň ýaşyrylmagy olaryň has güýçli depginde ýaýramagyna getirýär, problemanyň ösmegi bolsa çözgüdi kynlaşdyrýar.

Reformalar we zerurlyklar

Türkmenistanyň saglygy saklaýyş sistemasynyň we derman senagatynyň reformirlenmegi Türkmenistanyň 2011-2030-njy ýyllar boýunça milli sosial-ykdysady ösüş programmasynda hem göz öňünde tutulýar.

Häzirki wagtda Türkmenistanda ätiýaçlandyryş hyzmatlary reformasy amala aşyrylýar. Şeýle hyzmatlaryň düzümine medisina ätiýaçlandyryşy hem girýär. Emma munuň medisina hyzmatlarynyň hiline we ilat üçin elýeterliligine nähili täsir ýetirjegi heniz anyk däl.

Täjigül Begmedowanyň pikirine görä, Türkmenistanda ilatyň kadaly medisina hyzmatlary bilen üpjün edilmegi üçin medisina edaralary döwlet we hususy görnüşlere bölünmeli. “Bu sosial taýdan gowşak ilat gatlaklaryna medisina hyzmatlaryndan peýdalanmaga mümkinçilik döreder”.

“Saglygy sakşaýyş ulgamynyň üstünliklerini nygtamaga halys endik eden türkmen habar serişdeleri bu pudagyň işlerini çynlakaý ösdürmek üçin köpçülige hökümet tarapyndan edilmeli takyk işler barada yzygiderli habar berip dursalar has gowy bolardy” diýip, Begmedowa aýdýar.
XS
SM
MD
LG