Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täze aksiýa kimlere gönükdirildi?


Adam hukuklary boýunça “Türkmen inisiatiwasy” topary öz neşirinde Türkmenistanyň döwlet howpsuzlyk gulluklarynyň Aşgabadyň aeroportunda öz işlerini göz üçin diýen ýaly ýerine ýetirýändiklerini habar berýär.

Aşgabadyň halkara aeroportunda halkara reýsleriň ýolagçylaryna aýratyn üns berilýär. Barlap, silkip bolýan zat bolsa, ählisini kakyp-silkip barlaýarlar. Özünde maglumat saklap bilýän islendik gural ýolagçynyň elinden alynýar. Aşa dykgat bilen barlanýar. Näme gözleýändiklerini hiç kime aýtmaýarlar, düşündirmeýärler.

Gözegçiligi güýçlendirmek boýunça köpçülikleýin häsiýete eýe bolan bu aksiýa “Galkynyşlar döwründe” alyp barýarys diýlip, gije-gündiz mahabatlandyrylýan “açyk gapylar syýasaty” diýilýän bilen bir ýere sygyşmaýar. Güýç ulanyjylaryň türkmen jemgyýeti bilen gatnaşygynyň bu täze formasy hiç bir gowulyk getirmedi. Tersine boldy.

Nireden çykdy?

“Hronika Turkmenistana” neşiri häzirki ýolagçylaryň el goşlaryny baralamak kampaniýasyny 2002-nji ýylda Türkmenbaşynyň janyna kast etmäge synanyşyk boldy diýilýän döwür bilen deňeşdirýär. Belki-de, howpsuzlyk organlary howa meýdanlarynda, deňiz portlarynda, demirýol stansiýalarynda yzygiderli çäreler geçirip durmak barada G.Berdimuhamedowyň eden çagyryşyna jogap hökmünde şeýle işler alyp barýandyr?

Prezidentiň çagyryşyndan iki hepde geçenden soň, öz başlygynyň öňünde hasabat bermek üçin görkezme oýunlaryna başladylar. Belki, Milli howpsuzlyk, Içeri işler ministrliklerini, serhetçileri, harbylary goşmak bilen güýç ulanyjy edaralaryň bilelikdäki aksiýalar geçirmeginiň başga bir sebäbi bardyr?

Bu sapar ady agzalan gulluklar türkmen ýolbaşçylarynyň Türkmenistany dünýä jemgyýetçiligine goşmak üçin edýän tagallalary baradaky ideologiýanyň tassyklamalaryny puja çykardy. Türkmen ýolbaşçylarynyň tassyklaýşy ýaly, Türkmenistan hakykatdan-da dünýä bilen aradaky ýapyklygy aýyrmaga synanyşyk edýärmi?

Aeroportda häzirki geçirilýän çäreler ýaly işler demokratik dünýäniň göz alynda Türkmenistanyň sözde bir zat diýip, iş ýüzünde başgaça hereket edýändigini görkezmeýärmi? Hemmeleriň uçdan-tutma barlanmagy şeýle bir açyk, ol bu iş göz üçin edilýär diýen pikiri oýarmaýarmy, şeýle netijä getirmeýärmi? Bu iş kime ýa kimlere gönükdirildikä? Ol diňe öňüni alyş ýa gorkuzyş çäresimi ýa-da howpsuzlyk organlarynyň mümkinçiliklerini giňden açyp görkezmäge niýetlendimikä?

Bilip edilýär

Her zat bolanda-da bir ýagdaý aýdyň: häkimiýetler propagandanyň, ideologiýanyň uly zyýan çekjegini, oňa zarba boljagyny bilip durka, şu ädime ýüz urdy. “Häkimiýetleriň ähli başlangyçlary asudalyk döretmäge hem türkmen jemgyýetiniň durnuklylygyny üpjün etmäge gönükdirilen” diýip, türkmen propagandasy irmän-arman gaýtalaýar.

Aşgabat aeroportundaky dörmeler, tutmalar, uçardan düşürmeler ýagdaýyň düýbünden tersinedigine şaýatlyk edýär. Milli howpsuzlyk we Içeri işler ministrlikleriniň hereketlerinden çen tutulsa, ýurduň yzygiderli dartgynly režimde ýaşaýandygy belli bolýar.

Türkmenistanyň güýç ulanyjy gurluşlary islendik pursat, islendik bahana bilen aýagynda duran ýurdy kellesinde durzup biler. Şunuň ýaly ýagdaýda köpmillionly halk çagalardan gojalara çenli hemmeleriň sistemanyň güýçli basyşy astyndadygyny ýaşyryp durmaýarlar.

Şol sistemany adam hukuklaryny goraýjylar dünýäniň iň repressiw režimleriniň biri diýip atlandyrýarlar. “Döwlet adam üçindir” diýen şygar başga dona bürenýär. Döwlet ýene-de bir gezek adam bilen islän oýnuny edip biljekdigini açyk görkezýär.

Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG