Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýol diňe ýokardan aşak tarap


Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Magtymguly adyndakt türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory Çaryýar Tugyýew wezipesinden boşadylýar, 9-njy iýul, 2010-njy ýyl.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Magtymguly adyndakt türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory Çaryýar Tugyýew wezipesinden boşadylýar, 9-njy iýul, 2010-njy ýyl.

Alty aýyň jemlerine bagyşlanan hökümet maslahatyna iň ýokary derejeli döwlet işgärleri, welaýat, etrap, şäher häkimleri, ýokary okuw jaýlarynyň rektorlary, gazet-žurnallaryň redaktorlary we beýleki ýolbaşçylar çagyryldy.

Maslahatda, öňden däp bolup gelşi ýaly, köpçüligiň içinde ýolbaşçylary tankytlamak, jezalandyrmak arkaly iň esasy görkezmleriň beriljegini ilat öňünden çak edip bilýär.

Türkmenbaşy döwründe sistema ymykly ornaşdyrylan türkmen reallygyndaky bir paradoks: türkmen jemgyýeti doly maglumat ýapyklygy ýagdaýynda ýaşaýar.

Ýöne şol ýapyklyk jezalandarymaga degişli däl! Şol jeza ozaly bilen dürli derejelerdäki ýolbaşçylara berilýär. Ondanam başga jezalandyrmak çäresi köpçüligiň içinde ýerine ýetirilýär.

Nyýazow döwründe köpçülige ýetirmegiň ähli serişdelerini ulanmak bilen jezalandyrmak kämillik derejesine ýetirilipdi. Şol serişdeleriň biri telewideniýe.

Iş ýüzünde günä geçmegi gözýaş bilen haýyş edip ýalbarmasyz hökümet maslahaty geçmeýär diýen ýalydy. Baş prokuror, wepalylyk bilen Nyýazowa, onuň guran sistemasyna hyzmat eden Gurbanbibi Atajanowanyň hökümet maslahatynda aglap, ýalbaryp durşy köpleriň ýadyndadyr.

Nyýazowyň dünýäsini täzelemegi bilen jezanyň formasy biraz üýtgedi, ýöne onuň köpçülikde bermek häsiýeti saklanyp galdy.

Soňky giňeldilen hökümet maslahatynda üstünlikler, amala aşyrylan ägirt uly işler barasynda köp gürrüň edildi. Ýöne maslahata gatnaşyjylar taryplamak, berekella bermek üçin hemmäni bir jaýa ýygnamandyklalaryna düşünýärdiler.

Adatça, şeýle ýygnaklaryň senarisine köpçülikde berk käýinç yglan etmek, wezipeden boşatmak ýaly çäreler girizilýär. Şu gezegem gazanylan ägirt uly ýeňişlere garamazdan, ýygnak käýinç bermek hem işden kowmak ýaly gazaply çäreler bilen utgaşdy. Ýöne gaty uly wezipelilerden kowulan bolmady.

Ýörgünli nägilelikler

Galla hasylyny ýygnamak işleri bilen bagly wise-premýer M.Akmämmedowa berk käýinç berildi. Onuň adresine “ýeterlik derejede işi gurnamaga gözegçiligi gowşadanlygy üçin” diýen iň ýörgünli nägilelik bildirildi.

Adatça, “düzgün-tertibi gowşadanlygy üçin” diýen jümle-de ýelmenýär. Bu ýagdaýa bireýýäm öwrenişdiler. Türkmenistanda ýolbaşçylara baha berlende, gözegçilik hem tertip-düzgüni doly üpjün etmek faktory esasy çelgi bolup gelýär.

Ýolbaşçylaryň ählisi güýç, zorluk ulanmak režiminde işleýärler. Ykdysadyýetiň bazar faktorlarynyň ösüşi häzirlikçe diňe teoriýada galýar.

Jezalar ozaly bilen welaýat, etrap häkimlerine gönükdirildi. Plany ýerine ýetirmändigi üçin Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň häkimi D.Ataýew wezipesi bilen hoşlaşdy. Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň häkimi işden boşadyldy.

Şunun bilen bagly G.Berdimuhamedow beýleki häkimlere ýüzlenip, şunuň ýaly jeza garaşybermelidigini duýdurdy. Şonuň üçin maslahata çagyrandygyny aýtdy.

Işden kowulanlaryň sanawy beýleki häkimler bilen dolduryldy. Bu gezeklikçe aman galanlaryň, häzirlikçe berlen jezanyň tomaşaçysy bolanlaryň islendigi şol sanawa goşulyp biler.

“Gözegçiligi hem düzgün-tertibi gowşadanlygy üçin” diýen kesgitlemäni islendik ýolbaşça ýelmäp bolýar. Prezidente iň ýakyn durýan adamlaram jeza beriji gylyjyň depesinde galgaýandygyny duýup işleýär, duýup ýaşaýar. Olara gezek indiki giňeldilen hökümet maslahatynda ýetmegi mümkin.

Şeýle ýagdaýyň fonunda G.Berdimuhamedowyň “has özbaşdak bolmak, ýokardan görkezmä garaşyp oturman, hereket etmek” barada eden çagyryşy garaşylmadyk zat boldy.

Şu kontekstde öz başlygyňdan ozdurmaly, wezipeden özüň gitmeli. Sebäbi häkimiýetde bolmagyň mantygy, logikasy, ykbaly şeýle. Ýol diňe ýokardan aşak tarap.

Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG