Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Goşa raýatlyk iş ýüzünde-de ret edilýär


Şu aýyň başyndan Türkmenistanyň Migrasiýa gullugy elinde iki raýatlygy bolan Türkmenistanyň graždanlaryna haýsy-da bolsa bir raýatlygy saýlap almak teklibini berdi.

Türkmenistanda iki raýatlygy bolan adamlar esasan garaşsyzlyk ýyllary içinde Russiýa Federasiýasyndan öz islegleri bilen raýatlyk alan adamlardyr. Käbir çeşmeleriň tassyklamagyna görä, häzir olaryň sany 100 müňden geçýär.

"Goşa raýatlygyň" taryhy

Türkmenistan iki raýatlyk düzgünini SSSR-e giren döwletleriň arasynda ilkinji bolup 1993-nji ýylyň 23-nji dekabrynda Russiýa Federasiýasynyň şol wagtky prezidenti Boris Ýelsiniň Aşgabada eden sapary wagtynda ýörite baglaşylan şertnama esasynda kabul edipdi. Şol ýylyň 28-nji dekabrynda-da iki raýatlyk ylalaşygy Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan ykrar edildi. Bu ylalaşyk 2003-nji ýylyň 22-nji apreline çenli öz güýjünde galdy.

2002-nji ýylyň 25-nji noýabr wakalaryndan soň ýurduň howpsuzlyk meselesi nazarda tutulyp, şol wagtky prezident Saparmyrat Nyýazowyň görkezmesi bilen Türkmenistanyň Mejlisi goşa raýatlyk baradaky şertnamanyň birtaraplaýyn ýatyrylýanlygy hakynda karar kabul edýär. Kremliň şol wagtky ýolbaşçysy Wladimir Putin iki raýatlyk ylalaşygyny Türkmenistanyň birtaraplaýyn ýatyranlygy hakyndaky habary teswirlände Russiýa Federasiýasyna göçüp geljek türkmenistanly raýatlaryň hemmesiniň Russiýa doly gelip bolandygyny aýdýar. Emma Dumanyň deputatlary ol ylalaşygy kanuny ýagdaýda ykrar etmeýär.

Türkmenistanyň iki raýatlyk ylalaşygyny resmi ýagdaýda ýatyrandygyna garamazdan, soňraky ýyllarda Russiýa Federasiýasynyň Aşgabatdaky ilçihanasy Russiýanyň raýatlygyny aljak adamlara rus pasportlaryny berip başlaýar. Käbir maglumatlara görä, 2003-nji ýyldan soň Türkmenistanda Russiýa Federasiýasynyň raýatlygyny alan adamlaryň sany 30 müňden geçýär. Olaryň 70%-e golaýynyň etniki türkmenlerdigi aýdylýar.

Migrasiýa gullugy nähili kanunlara salgylanýar?

Migrasiýa gullugynyň işgärleri Aşgabadyň aeroportyndan Moskwa uçýan iki raýatlygy bolan ýolagçylara düşündiriş berenlerinde Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda 1993-nji ýylyň 23-nji dekabr aýynda baglaşylan ylalaşygy 2003-nji ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Mejlisiniň ýatyrylanlygy hakyndaky karara salgylanýarlar.

Şol kararda şeýle diýilýär: «Türkmenistanyň “Halkara şertnamalary baglaşmak we ony ýerine ýetirmek, ýatyrmak hakyndaky kanuny esasynda» 2003-nji ýylyň 10-njy aprelinde Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky iki raýatlyk meselelerini kadalaşdyrmak hakynda gol çekilen protokol boýunça Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär: Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky iki raýatlyk meselelerini kadalaşdyrmak hakynda 1993-nji ýylyň 23-nji dekabrynda Aşgabatda gol çekilen hem-de 1993-nji ýylyň 28-nji dekabrynda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan ykrar edilen ylalaşygy ýatyrmaly. Aşgabat şäheri. 2003-nji ýylyň 22-nji apreli. №179-II»

Şol karar esasynda hem-de Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 7-nji maddasyndaky «Türkmenistanyň öz raýatlygy bar. Raýatlyk kanuna laýyklykda berilýär, saklanylýar we ýitirilýär. Türkmenistanyň raýatyna başga döwletiň raýatlygy ykrar edilmeýär» diýen kanuna salgylanyp, Migrasiýa gullugynyň işgärleri ýolagçylardan haýsyda bolsa bir raýatlygy saýlamagy talap edýärler.

Russiýa Federasiýasynyň Aşgabatdaky ilçihanasy bu mesele boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine öz notasyny berenligini ilçihana baran raýatlaryna habar berdi.

Türkmenistanda hereket edýän kanuna görä, 1993-nji ýyldan 2003-nji ýylyň 22-nji apreline çenli Russiýa Federasiýasynyň raýatlygyny alan türkmenistanlylara 2012-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli haýsy-da bolsa bir raýatlygy saýlap almak möhleti goýlan.

Aktiwlige näme sebäp bolduka?

Ýaňy ýakynda Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde ýurduň içindäki howpsuzlygy güýçlendirmek meselelerine garalyp geçildi. Türkmenistandaky etniki türkmenleriň arasynda Russiýa Federasiýasynyň raýatlarynyň köpelmegi türkmen hökümetini alada goýandyr diýlip, çak edilýär.

Aşgabatly synçy Gurbangeldi Töräýew häzirki gün bu meseläniň türkmen hökümetiniň üns merkezinde durmagyny Gyrgyzystandaky wakalar bilen düşündirýär. "Gyrgyzystanda bolan we bolup geçjek wakalara Russiýa Federasiýasynyň aktiw gatnaşandygyny we gatnaşjakdygyny öňe sürýänler az däl. Eger-de şeýle wakalar ýol alyp gitse, onda Merkezi Aziýanyň käbir döwletleriniň, de facto, hakykat ýüzünde öz syýasy erkinliklerini ýitirmegi ahmal" diýip, ýerli synçy aýdýar.

Töräýewiň aýtmagyna görä, geçen ýyllaryň dowamynda Russiýa Federasiýasynyň Gürjüstanyň regionlary bolan Günorta Osetiýanyň we Abhaziýanyň ýerli ilatyna rus pasportlaryny paýlap, soňra 2008-nji ýylda Gürjüstanda ýüze çykan dartgynly wakalarda öz raýatlaryny halas etmek tagallalaryny öňe sürüp, garaşsyz döwletiň içki syýasy meselesine goşulyp, onuň 20% territoriýasynyň bölünip aýrylmagyna sebäp bolanlygy entek ýatdan çykarylmady.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
XS
SM
MD
LG