Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gadaganlyk şertlerinde “erkin” döredijilik


Türkmen telewideniýesiniň işgäri türgenleşik wagtynda, 7-nji iýun, 2010-njy ýyl. (Surata düşüren Swetlana Ostrouşenko / ÝHHG)
Türkmen telewideniýesiniň işgäri türgenleşik wagtynda, 7-nji iýun, 2010-njy ýyl. (Surata düşüren Swetlana Ostrouşenko / ÝHHG)

Milli telewideniýäni ýiti tankyt etmek üçin G.Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň maslahatyny birinji gezek ulananok.

Prezident edil öňküleri ýaly telewideniýäniň material-tehniki bazasyny döretmek üçin döwletiň mümkin bolan işleri edendigini, şonuň üçinem ondan diňe bir zada – gowy hilli gepleşiklere garaşýandygyny tekrarlady.

Bu gezegem ol “Türkmen telewideniýesiniň ähli kanallarynyň döwrüň talaplaryna laýyk gelýän, manyly, mazmunly gepleşikler taýýarlamalydygy, Türkmenistanda bolup geçýän wakalar beýan edilende, oňa döredijilikli hem sowatly çemeleşmelidigi baradaky” öňki talaplaryny gaýtalady.

Göräýmäge, prezidentiň sözüniň kanundygy hiç kimde şübhe döretmejek ýaly. Onuň islendik görkezmesiniň ýa buýrugynyň ýerine ýetirilmezligi ýa ünsden düşürilmegi ýurduň häzirki şertlerinde boljak iş däl ýa-da ýol berip bolmajak ýagdaý.

Pul bilen eýe bolup bolmaz

Emma telewideniýäniň ýolbaşçylaryna gönükdirilýän ýiti peýkamlaram, ýolbaşçy kadrlarynyň çalşyrylyp durulmagam hiç bir netije bermeýär. Osüş üçin bu ulgama ägirt uly möçberde maliýe serişdelerini ýatyryp bolar.

Aýlyklary galdyrmak – haýbat atmak, gorkuzmak üçin edilýär, ýöne ol barybir peýdasyz. Türkmen telewideniýesi könemöwrit, gyzyksyz hem yzagalak. Hiç bir pul bilen döredijilige eýe bolup bolmaz. Işi gowulandyrmak barada edilýän çagyryşlar yssy howada suwuň bugaryşy ýaly bugaryp, ýok bolup gider. Çünki ol hakyky döredijilik üçin düýpli esas däl.

Býurokratlara, ýolbaşçylara, senzorlara, gözegçilere garaşly şertlerde hiç bir telewideniýäniň ösüp bilmejekdigini dünýä praktikasy ençeme gezek aýan etdi. Ýöne beýle diýildigi telewideniýe doly anarhiýa şertlerinde öser diýmegi aňlatmaýar. Ol düýbünden beýle däl.

Telewideniýe sungatyň bir görnüşi hökmünde teleprosese gatnaşýanlaryň ählisinden berk düzgün-tertibi talap edýär. Döredijilik belli bir çäklerde ýola salnyp, düzgünleşdirilip bilner. Hernäçe geňem bolsa, häkimiýet talap ediji, diýdimzor býurokratlardan döredijilik adamlaryny özüçe goramaly. Häkimiýet öňki dartgynlylygy biraz gowşatsa, şol ýerde ýalpyldap, sungat özüni görkezýär.

Öz wagtynda Nikita Hruşýow ýazyjy Aleksandr Solženisiniň birnäçe eseriniň çap edilmegini goldady. SSSR-iň tutuş ideologik apparatynyň garşysyna gidip, Solženisiniň “Iwan Denisowiçiň bir güni” atly powesti ýagty ýalança çykdy. Şol eser ýazyja bütin dünýäde uly abraý getirdi. Onuň ýazyjy hökmünde ykrar edilmegine esas boldy.

Telewideniýe we döredijilik

Ýöne ýazyjylyk laboratoriýasy bilen deňeşdirilende, telewideniýäniň gurluş strukturasy döredijilikde juda çylşyrymly. Diňe sungata gözegçilik edýän çinownikler toparyndan halas ýa-da azat edilse, bu ýagdaý telewideniýäniň hiliniň gowulanmagyna itergi bolup biler.

Mysal üçin, Ukrainada garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan başlap, senzurany gadagan edýän kanun kabul edildi. Türkmenistan bolsa başga ýoldan, ýagny düýbünden ters ýoldan gitdi. Telewideniýe hökümdaryň sadyk guluna öwrülip, wepalylyk bilen oňa hyzmat etdi. Belki, şu günki günem Nyýazow döwründe telewideniýäni bogmak üçin gözegçi goýlan adamlar şol ýerde işläp oturandyrlar?!

Eger şeýle bolsa, telewideniýäniň işine häzirem nyýazowçylyk nukdaýnazardan çemeleşilýän bolsa, onda G.Berdimuhamedowyň Türkmen telewideniýesiniň işini gowulandyrmak üçin edýän synanyşyklarynyň bahasy kör-köpük.

Şu gidişine gitse, ýene on ýyldanam Ministrler Kabinetiniň maslahatynda milli telewideniýäniň adresine şu günki tankytlaryň ýagdyrylmagy mümkin. Ýöne şol döwür içinde telekanallaryň ýolbaşçylary ençeme gezek çalşyrylar. Ondan çykjak netije nola, ýagny hiç zada deň bolar. Gadaganlyk şertlerinde erkin döredijiligiň miwesine garaşmak mümkin däl. Türmede ählumumy abadançylygyň berkarar edilmegini gazanyp bolmaz ahyryn!

Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG