Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

FATF: Türkmenistan maliýe taýdan töwekgelçilikli däl


Türkmenistanyň Merkezi banky
Türkmenistanyň Merkezi banky

Hapa pullary ýuwmaklyga garşy göreş üçin maliýe çärelerini işläp düzmek boýunça halkara topar, ýagny FATF guramasy, 25-nji iýunda Amsterdamda bolan maslahatynda Türkmenistany maliýe operasiýalaryny amala aşyrmak üçin töwekgelçilikli däl döwlet hökmünde ykrar etmek kararyna geldi.

FATF guramasynyň Türkmenistana maliýe operasiýalaryny amala aşyrmak üçin töwekgelçilikli däl ýurt diýen bahany berip, ýurduň hapa pullary ýuwmaklyga hem terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreş boýunça milli sistemasyny ösdürmek boýunça ilerlemesini ykrar etmegi näme bilen bagly?

Türkmen metbugatyna görä, bu ýagdaý Türkmenistanyň hapa pullary ýuwmaklyga garşy göreşde üstünlik gazananlygyna, şeýle-de ýurduň bikanun girdejilere hem terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreş alyp barýan Ýewraziýa toparyna agza bolanlygy bilen bagly.

Türkmenistan bikanun maliýe girdejilerine we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreş alyp barýan Ýewraziýa toparyna şu aýyň başynda goşulypdy. Regional struktura bolan Ýewraziýa toparyna Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan, Orsýet, Täjigistan, Türkmenistan, Özbegistan we Hytaý girýär. Ýene 17 döwletiň we 15 halkara guramanyň Ýewraziýa toparynda synçy statusy bar.

Öz nobatynda Ýewraziýa topary hem FATF guramasynyň assosirlenen agzasy boldy. Bu karara FATF guramasynyň 21-25-nji iýun günlerinde Amsterdamda geçirilen plenar maslahatlarynda gelindi.

Ýewraziýa toparynyň resmi maglumatyna görä, FATF guramasynyň Türkmenistany sanksiýalar sanawyndan çykarmagyna ýurduň hapa pullary ýuwmak ugrundaky göreş boýunça öňegidişliklerini guramanyň ykrar etmegi hem sebäp boldy. Emma Türkmenistana berlen bahany FATF guramasy we Ýewraziýa topary kommentirlemekden saklandy.

Açyk bolmadyk ýurda baha bermek

Türkmenistanyň maliýe jenaýatçylyklaryna garşy göreşine halkara derejesinde pozitiw baha berilmegine garamazdan, synçylar ýurduň hemmetaraplaýyn ýapyklygyna ünsi çekiýärler we şeýle ýagdaýda ýurduň hakyky ýagdaýyna obýektiw baha berip bolmaýandygyny belleýärler.

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň öňki ýolbaşçysy Hudaýberdi Orazowyň sözlerine görä, Türkmenistan ýaly hemmetaraplaýyn ýapyk ýurtda hapa pullaryň ýuwlup-ýuwulmaýanlygyny bilmek kyn. “Ikinjidenem, ýurduň hakyky ýagdaýyny görkezýän statistika ýöredilmeli, sanlar paş edilmeli”.

Türkmenistanyň ýapyklygy sebäpli ýurda obýektiw baha bermegiň kyndygyny tebigy serişdeleri bilen bagly konfliktlere we korrupsiýa syn etmek boýunça iş alyp barýan “Global Witness” guramasyndan Tomas Maýn hem belleýär.

Ekspert “Global Witness” guramasyna Türkmenistan barada gowuşýan maglumatlaryň ýurduň ýapyklygy we korrupsiýanyň gülläp ösmegi bilen bagly ýagdaýyň gowulanman, käbir halatlarda ýaramazlaşýanlygy barada habar berýänligini belledi.

Tomas Maýn Türkmenistana FATF guramasy tarapyndan pozitiw baha berilmegini ençeme dünýä ýurtlarynyň, şol sanda Ýewropa Bileleşiginiň agzalarynyň adam hukuklary we korrupsiýa taýdan problemaly, emma nebit-gaza baý Türkmenistan bilen gatnaşyklary sazlaşdyrmak tagallasy bilen baglanyşdyrdy.

FATF gözegçiligi dowam etdirer

Türkmenistan FATF guramasynyň sanksiýalar sanawyndan çykarylan hem bolsa, bu guramanyň monitoring-gözegçiligi astyndaky ýurtlaryň hatarynda galýar. Milli režimleriň tehniki kemçilikleriniň muňa sebäp bolýanlygy, Ýewraziýa toparynyň resmi maglumatynda aýdylýar.

Türkmenistanyň FATF guramasynyň monitoringi astyndaky döwletleriň sanawyndan çykarylmagy Ýewraziýa toparynyň şu ýylyň noýabr aýynda ýurda baryp, baha bereninden soň mümkin bolar.

Ýewraziýa toparynyň maglumatyna görä, FATF guramasynyň Türkmenistan babatda çykaran soňky pozitiw karary guramanyň Türkmenistan barada eden ozalky beýannamalaryny ret edýär. FATF şu çaka çenli Türkmenistan iň ýokary derejedäki töwekgelçilikli ýurtlaryň hatarynda agzaýardy.

FATF 34 ýurtdan we iki halkara guramadan ybarat. Halkara edaralardan oňa Ýewropa Komissiýasy we Arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi girýär. Bu gurama hapa pullary ýuwmaklyga garşy göreş boýunça maliýe çärelerini işläp düzýän halkara topar we hökümetara struktura bolup durýar.

FATF guramasynyň öňünde duran maksatlar milli we halkara derejede hapa pullary ýuwmaklyga hem terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy syýasaty ýöretmekden we öňe sürmekden ybarat. Guramanyň çäginde milli kanunlaryň we düzgünleriň reformasynyň geçirilmegine ündemek boýunça syýasy çäreleriň işläp düzülmegi hem göz öňünde tutulýar.
XS
SM
MD
LG