ÝHHG-niň wekili Ilçi Ý.Lenarçiç (çepde) we Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow, 17-nji iýun
ÝHHG guramasy barada gürrüň edilende, ol ýa-da beýleki bir derejede, mesele aýdyň ýaly görünýär. Bu gurama öz maksatlaryna laýyklykda, özüniň ähli gumanitar programmalaryny agyr syýasy režimli ýurtlary liberallaşmak prosesine çekmek maksatlary bilen gurnaýar. Şol bir wagtyň özünde-de, ÝHHG-niň bu ugurdaky täsir ediş mümkinçilikleri örän çäkli bolmagynda galýar. Haýsydyr-bir ýurduň, häzirki ýagdaýda bolsa, Türkmenistanyň ynsan hukuklaryny goramak prosesinde bökdençilikleri döredýändigine garamazdan, ÝHHG guramasynyň bu ugurdaky edýän ähli tagallalarynyň netijeleri örän ujypsyzja bolup görünýär.
Emma, Türkmenistan babatda netijeleriň ujypsyzdygyna garamazdan, ÝHHG barybir yza çekilmeýär. Ýöne, eýsem, ÝHHG guramasy bilen gatnaşyk we hyzmatdaşlyk saklamak arkaly Türkmenistanyň häkimiýetleri nähili maksada eýerýärlerkä?
Türkmenistanyň köp tankytçylary resmi Aşgabadyň şeýle hereket etmek bilen, esasan, ýurduň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda düýpli özgerişlikleriň amala aşyrylýandygy hem-de ýurduň ýokary demokratik standartlara ymtylýandygy barada durnukly bir mif döretmek isleýändigini aýdýarlar.
Tankytçylar şeýle mifiň ýurduň häkimiýetlerine Günbataryň işewür toparlaryny Türkmenistana maýa ýatarmaga hem-de ýurduň häzirki režimini goldamaga yrmak üçin gerekdigini öňe sürýärler.
Elbetde, daşarky dünýä bilen aktiw hyzmatdaşlyk şu günki gün türkmen häkimiýetlerine örän möhüm. Şeýle hyzmatdaşlyklar bolmasa, Türkmenistanyň konkurentleri bu ýurduň deňinden arkaýyn geçip gitjek. Şeýle konkurentler bolsa dünýäde az däl.
Türkmenistanyň hökümeti ýurduň hatda çäksiz nebit-gaz, uran we beýleki tebigy baýlyklara baýdygyna garamazdan, ozalky köne ýapyklyk şertlerinde onuň doly bankrotlaşmak ýagdaýyna sezewar bolup biljekdigine düşünmän durýan däldir.
Özi özüni özgerdermi?
Şu ýagdaýlara görä, Aşgabat näme-de bolsa bir zatlary üýtgetmelidigine düşünýär. Bu meselede bolsa, ÝHHG oňyn rol oýnap biljek. Ýöne, eýsem, şu zerurlyga düşünýän Türkmenistanyň režiminiň özi özüni özgerdip bilermikä?
Käbir tankytçylar ozaly bilen ýurduň hökümetiniň özüni özgertmek islemeýändigini we muňa asla meýil hem etmeýändigini aýdýarlar. Şeýle garaýşa eýerýän synçylar Türkmenistanyň häzirki režimini döretmäge gatnaşan adamlaryň ýurtdaky ýagdaýy düýpli özgerdip bilmejekdiklerini öňe sürýärler.
Şu meselede köp wagtlardan bäri býurokratik maşynyň depesinde oturan esasy şahsyýetlerden biri Wiktor Hramowy mysal almak ýerlikli bolsa gerek. Ol Saparmyrat Nyýazowyň ýurdy dolandyran döwründe Nyýazowa iň ýakyn adamlardan biri bolupdy. Berdimuhamedowyň häkimiýet başyna gelmegi bilenem ol gözden ýitip gitmedi.
Wiktor Hramow we prezidentiň töweregindäki käbir beýleki çinownikler öz ömürlerini bagyş eden işlerine birdenkä garşy hereket edip bilmezler. Döwlet başyndaky bu adamlar akmak adamlar däl, olaryň öz aýaklaryna özleri palta urmak niýetleri ýokdur. Olar döwlet strukturasynda örän möhüm kürsüleri eýeleýän örän anyk adamlar.
Demokratiýadan örän daşdaky bu döwlet sistemasyny bu adamlar öz elleri bilen döretdiler. Bu sistema bolsa, hatda öz propogandasynda demokratik şygarlary ulanýan bolsa-da, ol öz-özüni üýtgetmäge taýýar däl we muny edip hem biljek däl. Beýle Türkmenistan bolsa, ÝHHG guramasy üçin asla adaty bir hadysa däl. Mundan hem daşary, ol hatda türkmen halkynyň özi üçinem adaty bir hadysa däl.
Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.