Adam hukuklaryny goraýjy Human Rights Watch guramasy Gyrgyzystana parahatçylygy dörediji halkara güýçleriniň girizilmegine çagyrýar.
Human Rights Watch guramasynyň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça bölüminiň işgäri Anna Nistat Oş şäherinden Azatlyk Radiosy bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. Söhbetdeşligi geçiren Gözel Hudaýberdiýewa.
Azatlyk Radiosy: Oş şäherindäki ýagdaý barada gürrüň berseňiz?
Anna Nistat: Häzir ýagdaý, göräýmäge, asuda, ýagny güýçli ok atyşyk ýok. Emma aslyýetinde ýagdaý örän dartgynly. Bu ýerde milleti özbek ýaşaýjylar oturan kwartallaryndan çykman oňmaga mejbur. Ençeme gün bäri özbekleriň oturan ýerlerinden hiç kim çykmaýar, ol ýere hiç kim baryp hem bilenok. Düýpden ýerliksiz bu ýagdaý howpsuzlyk we kanuny goraýjy organlaryň, milisiýanyň şäherde adamlaryň erkin hereketi üçin şert döretmäge ukypsyzlygyny görkezýär.
Azatlyk Radiosy: Howpsuzlyk ýagdaýy durnuklaşdyrmak we raýatlary goramak ugrunda Gyrgyzystanyň kanuny goraýjy organlarynyň wekilleri tarapyndan häzir nähili çärerler görülýär?
Anna Nistat: Men bu soraga jogap beresim gelýär. Ýöne kanuny goraýjy güýçleriň wekilleri göze ilmeýär diýse bolar. Bu olaryň ýagdaýa gözegçilik etmeýänligini ýene bir gezek görkezýär. Birnäçe milisionerlerden we harbylardan ybarat toparlar welaýat administrasiýasynyň öňünde ýerleşýär, birnäçe barlag nokatlar bar. Emma köçelere gözegçilik edilmeýär. Biz bu gün birnäçe hadysalary hasaba aldyk. Öz mähellelerinden çykmaga çalşan birnäçe özbeklere köçelerde hüjüm edildi. Şu gün iki adam urlup-ýenjildi, düýn bir adam okdan ýaralandy. Şu gün bir zenan urlup, zorlandy.
Azatlyk Radiosy: Siziň agzan wakalaryňyzda özbek raýatlaryna kim tarapyndan hüjüm edildi?
Anna Nistat: Gyrgyz ilaty tarapyndan. Hüjüme duçar bolan zenan hüjümçileriň harby eşikli bolanlygyny gürrüň berdi. Olaryň hakykatdanam harbylar bolup-bolmanlygyny ýa-da olaryň harby geýime giren graždan adamlardygyny aýdyp biljek däl. Beýleki wakalarda hem hüjümçileriň şahsyýeti barada takyk bir zat aýtmak kyn. Olaryň ýaş, graždan geýimli we wakalaryň birinde ýaragly adamlar bolanlygyny aýtmak mümkin.
Azatlyk Radiosy: Özbek kwartallaryndan çykman oturan özbekler nädip gün görýärler? Olara ynsanperwer kömegi berilýärmi?
Anna Nistat: Ýok. Hiç hili ynsanperwer kömegi bu ýere gelenok. Özbek serhedine golaý etraplaryň ýaşaýjylaryna Özbegistan tarapyndan bir gezeklik ynsanperwer kömegi berilýär. Emma Oş şäherinde adamlar minimal ätiýaçlygy bilen gün görýärler. Ýagdaý örän agyr. Azyk, suw gelenok, medisina kömegi örän çäkli. Raýonlaryň käbirine Gyzyl Haç Jemgyýeti baryp başlady. Emma hökümet tarapyndan berilýän kömegiň bu ýere ýetirilmeýänligini aýdyp bolar.
Azatlyk Radiosy: Ilata ýardam bermek boýunça halkara guramalary tarapyndan nähili iş alnyp barylýar? Häzirki wagtda Oşda haýsy halkara guramalary işleýär?
Anna Nistat: Bu ýerde Gyzyl Haç Jemgyýeti işleýär. Şondan başga bu taýda hiç hili halkara guramasy ýok. BMG-niň işgärleriniň sözlerinden mälim bolşy ýaly, Gyrgyzystanyň hökümeti olaryň howpsuzlygyny üpjün etmäge taýýar däl. Şeýlelikde BMG-e öz işgärleriniň howpsuzlygy kepillendirilýänçä ýurtda işlemäge taýýar däl. Bu bolsa Gyrgyzystanda ýagdaýyň gözegçilik astynda däldigini ýene bir gezek tassyklaýar.
Azatlyk Radiosy: Human Rights Watch guramasy Gyrgyzystanda nähili iş alyp barýar? Häzirki işiňiz barada gürrüň berseňiz?
Anna Nistat: Biz, adatça edişimiz ýaly, häzir hem soňky hepde-de bolup geçen ýagdaýlar boýunça derňew geçirýäris. Şol sanda ýurduň gyrgyz we özbek raýatlarynyň arasynda bolan çaknyşyklar we şu günki güne çenli dowam edýän wakalar barada maglumat toplaýarys. Adam hukuklarynyň bozulmagyna degişli faktlary hasaba alýarys. Elbetde, bu wakalarda häkimiýetleriň oýnan roly we alyp barýan hereketlerine aýratyn üns berýäris. Bu barada gutarnykly netije çykarardan entek ir, emma gyrgyz häkimiýetleriniň öz raýatlaryny we olaryň emlägini goramaga ukypsyzlyk görkezenligi şübhesiz. Munuň güýç ýetmezçiligi ýa hökümetiň syýasy erk-isleginiň bolmanlygy sebäplidigini aýtmak kyn.
Biz halkara güýçleriniň girizilmegi zerur diýip hasaplaýarys. Gyrgyzystanyň kanuny gorýjy güýçlerine özbek raýatlarynyň ynamy ýok. Käbir özbekler hatda çaknyşyklarda gyrgyzystanyň howpsuzlyk güýçleriniň eli bar diýip, çak edýärler. Şol wakalaryň derňewi hem agyr mesele bolup galýar. Gyrgyzystanyň hökümeti tarapyndan başlanan derňewleriň bitarap boljagyna biz şübheli garaýarys. Sebäbi etniki çaknyşyklary derňeýän toparyň agzalarynyň aglaba böleginiň gyrgyz milletinden bolmagy işiň netijeli boljagyna ynam döredenok. Şol bir wagtda-da şeýle derňewleriň netijeleri taraplaryň arasyndaky ýaraşyga we durnuklylyga tarap ilkinji ädimler bolup hyzmat etmeli.