Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

«Çyraçylara» çäre görlüp başlandy


Aşgabadyň ýaşaýjylarynyň arasynda «çyraçylar» diýen at bilen tanalýan ýaşlara Döwlet ýol gözegçiligi gullugy tarapyndan berk çäreler görlüp başlandy.

Bu işe diňe bir Döwlet ýol gözegçiligi gullugy däl, eýsem Aşgabadyň polisiýa müdirligi hem goşuldy.

Gijelerine paýtagtyň köçelerinde öz aralarynda awtoýaryşlary guraýan ýaşlar Döwlet ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleri tarapyndan saklanyp, olara uly möçberde jerime töletdirilýär. Ýaryşlar üçin modernleşdirilen maşynlar bolsa Döwlet ýol gözegçiligi gullugyna eltilip, ulaga dakylan çyralar, artykmaç detallar sökülip aýrylýar.

Gijeki awtoýaryşda ele düşen sürüjileriň 5 sutka çenli tussaglyga höküm edilenleriň hem bardygy aýdylýar.

Häzirki wagtda Döwlet ýol gözegçiligi gullugyna berlen görkezmä laýyklykda, «çyraçylar» diýlen topara degişlidigini aňladýan ähli awtoulaglar saklanylyp, ulaglardaky çyralardyr artykmaç detallar sökülip aýrylmaga degişli edildi.

Türkmen forsažynyň soňuna çykylýar

Şu çaka çenli, gije sagat on ikiden soň, paýtagtyň gaýrasyndaky «Mir», «Sewernyý» köçelerinde ýaşlaryň topary ýygnanyp, öz aralarynda awtoýaryşlary gurnaýardylar. Ýaryşyň ýeňijilerine baýrak hem goýlardy.

Awtoýaryşlar dürli bäsleşikde geçirilip, ýary gijeden soň maşynlaryň selçeňleşýän köçelerinde ýaşlar kim birinji gelmeşek ýaryşyndan başga-da, kim Döwlet ýol gözegçilik gullugyny yzyna köp düşürip, olardan ujyz sypmak boýunça-da bäsleşýärdiler.

Bu awtoýaryşlaryň aňyrsynda gaty täsirli kişiniň durandygyny paýtagtyň ýaşaýjylary aýdardylar. Şonuň üçin paýtagtyň gaýra raýonynda geçýän «türkmen forsažyna» gatnaşýan awtosöýüjilere Döwlet ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri-de seresabrak çemeleşerdiler.

Emma indi ýagdaýlar düýbünden başgaça görnüşe geçdi. Häzir «Mir», «Sewernyý» köçelerinde Döwlet ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleri berk gözegçilik edýärler.

Hökümediň çynyna tutanyna mazaly göz ýetiren ýaşlar maşynlaryna dakan adaty bolmadyk çyralaryny, artykmaç detallary indi özleri aýryp başladylar.

Paýtagtyň köçelerinde häzirki wagtda «çyraçylara» duş gelmek gaty kyn.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
XS
SM
MD
LG