Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Amerikan biznes delegasiýasy Aşgabada barýar


Iýun aýynyň 13-16-sy aralygynda Aşgabatda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň delegasiýasy bilen Türkmenistanyň syýasy konsultasiýalary we türkmen-amerikan biznes forumy geçiriler.

Eric Stewart
ABŞ-nyň Günorta we Merkezi Aziýa meseleleri boýunça Döwlet sekretarynyň kömekçisi Robert Bleýkiň ýolbaşçylyk etmegindäki ABŞ-nyň hokümet wekillerinden ybarat delegasiýa bilen bilelikde iri amerikan kompaniýalarynyň wekilleri hem Aşgabada bararlar.

ABŞ-nyň Söwda Palatasynyň ýokary derejeli geňeşçisi hem-de Türkmen-amerikan biznes geňeşiniň dolandyryjy direktory Eric Stewart hem bu delegasiýa bilen bilelikde Aşgabada sapar eder.

Amerikan işewürleriniň Aşgabada boljak sapary barada Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy Türkmen-amerikan biznes geňeşiniň dolandyryjy direktory Eric Stewart bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi Robert Bleýkiň Türkmenistana sapar edýänligi barada maglumat gowuşdy, resmi delegasiýa bilen bilelikde barýarsyňyzmy?

Eric Stewart: Bu bilelikde gurnalan sapar, emma biziň missiýamyz tapawutly. ABŞ-nyň Döwlet departamenti Türkmenistan bilen bilelelikde gurnalýan ýyllyk özara konsultasiýa gatnaşjak amerikan delegasiýasyna ýolbaşçylyk edýär. Biziň toparymyz bolsa olar bilen hyzmatdaşlyk esasynda gurnalan we Türkmenistana barýan ilkinji şeýle amerikan biznes toparyndan ybarat.

Azatlyk Radiosy: Siz Türkmenistanyň prezidenti Berdimuhamedow tarapyndan ýurda çagyrylypsyňyz, bu barada maglumat berip biljekmi?


Erik Stewart Berdimuhamedow bilen duşuşýar, Nýu-Ýork, 2009-njy ýyl
Eric Stewart:
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 2009-njy ýylyň sentýabrynda BMG-niň ýyllyk ýygnagyna gatnaşmak üçin Nýu Ýorka gelende, biz işewürler hökmünde onuň hormatyna agşam naharyny beripdik. Şonda prezidenti az-kem ýakyndan tanamaga pursatymyz boldy hem-de Türkmenistanda iş alyp barmakçy kompaniýalar hakda maglumat topladyk. Prezident şol ýygnakda meni we beýleki käbir kompaniýalaryň ýolbaşçylaryny Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin oktýabr aýynda Aşgabada çagyrdy.

2009-njy ýylyň oktýabrynda Türkmenistana baranymyzda, men we beýleki amerikaly biznesmenler prezident bilen duşuşmaga mümkinçilik aldyk we onuň bilen ýakyn gatnaşyklary ýola goýduk. Prezident meni şonda amerikan biznesmenleriniň delegasiýasyny Türkmenistana getirmäge höweslendiripdi.

Azatlyk Radiosy: Prezident Berdimuhamedow birnäçe ýyldan bäri ýurdy dolandyryp gelýär, ykdysady ösüş we Günbatar bilen hyzmatdaşlyk barada onuň nähili planlary bar?


Eric Stewart: Türkmenistanda täzeçe garaýşyň bardygyna şübhe ýok, bu garaýşa prezidentiň özi baştutanlyk edýär. Eger prezidentiň daşary syýasatyna seretseňiz, geçen birki ýylyň dowamynda ol daşary ýurtlara yzygiderli sapar edýär. Ol Hytaýya, Orsýete, Eýrana, Ýewropanyň ýurtlaryna we ýakynda-da Hindistana sapar etdi, prezident ABŞ bilen hem berk aragatnaşyk gurmaga synanyşyp gelýär.

Berdimuhamedowyň täzeçe syýasy görşi Türkmenistany diňe syýasy taýdan däl, ykdysady taýdan hem möhüm ýurda öwürmekden ybaratdyr. Türkmenistanyň ýerleşýän regiony we goňşulary göz öňünde tutulanda, täzeçe garaýşyň iň möhüm ugry hem bu ýurduň bitaraplyk syýasatyny saýlap almagy we onuň BMG tarapyndan ykrar edilmegidir.

Azatlyk Radiosy: Siziň bilen Türkmenistana barýan işewür toparlar barada maglumat beräýseňiz, olar biznesiň haýsy ugurlary bilen meşgullanýarlar we siziň toparyňyzyň sany nähiliräk?

Eric Stewart: Türkmenistana barýan toparymyz 10-dan gowrak kompaniýanyň wekillerinden ybarat we 40 töweregi delegaty öz içine alýar. Şol kompaniýalar dürli işler bilen meşgullanýarlar. Olaryň arasynda howa gatnawy, energiýa, oba hojalyk, infrostruktura we tehnologiýa ýaly ugurlaram bar.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistandaky planlaryňyz nämelerden ybarat?

Eric Stewart: Bu saparymyz üç gün dowam eder. Bu saparyň dowamynda amerikaly işewürler türkmen hökümeti, ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasy hem-de biznesmenler tarapyndan gurnaljak dürli çärelere gatnaşarlar.

Bu hemmeler üçin peýdaly bolup biläýjek görnüşde dostlukly ýagdaýda amala aşyrylar. Şeýle-de kompaniýalaryň wekilleri bilen prezidentiň we ministrlikleriň arasynda duşuşyklaram geçiriler. Biznesmenler Aşgabatda ABŞ-nyň hökümet wekilleri bilen-de duşuşarlar. Amerikaly biznesmenleriň bir bölegi Awaza turistik we ykdysady zonasyna hem sapar eder.

Azatlyk Radiosy: Amerikanyň hökümet wekilleri bilen geçiren duşuşyklaryňyzda ABŞ-nyň Türkmenistana näme üçin ilçi bellemeýänligi barada araňyzda gürrüň boldumy?

Eric Stewart: Bu biznesmenler üçin gaty möhüm bir mesele bolup durýar, sebäbi amerikan kompaniýalarynyň Türkmenistanda alyp barýan ýa alyp barjak işlerini düzgünleşdirmek nukdaýnazaryndan ilçiniň roly möhümdir.

Şol sebäpdenem biz bu meseläni Döwlet departamentiniň we Ak tamyň wekilleri bilen duşuşyklarymyzda mydama gozgaýarys. Amerikan kompaniýalarynyň Türkmenistanda üstünlik gazanyp bilmegi üçin bu meseläniň gaty möhümdigini olara ýatlatmagy dowam etdireris.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistana ilçiniň bellenmezliginiň sebäbi barada ABŞ-nyň Döwlet departamenti size haýsydyr bir düşündiriş berdimi?

Eric Stewart: Bu soraga mende jogap ýok. Ak tamyň Türkmenistana ilçi bellemezliginiň ençeme sebäpleri bar ýaly. Bu barada synanyşyklaryň bolanlygyny yzygiderli eşidýäris, emma näme sebäpdir bu tagalla başa baranok. Bu sebäpler hökümetiň özüne degişlimi, ýogsa-da Kongres bilen bagly bir meselemi, bu barada maglumatym ýok. Emma, muňa garamazdan, biz Türkmenistanda Amerikanyň ilçisiniň bolmagynyň möhümdigini olara ýatlatmagy dowam etdireris.

Azatlyk Radiosy: Adam hukuklary we demokratiýa barada gürrüň edilende, Türkmenistan mydama tankyt edilýän ýurtlardan biri. Siz prezident ýa hökümet wekilleri bilen geçirjek duşuşyklaryňyzda resmi ýa näresmi derejede bu meseläni gozgamagy planlaşdyrýarsyňyzmy?

Eric Stewart: Resmi taýdan bu barada gürrüň etmegi planlaşdyrmaýarys, bu, elbetde, biziň missiýamyza girenok, bu Döwlet departamentine degişli mesele. Emma işewür toparlar göni bolmasa-da, başgaça ugurlardan ýurtda ýagdaýyň özgermegine goşant goşýarlar. Meselem, käbir kompaniýalar korporatiw iş dolanyşygy ýaly zatlar bilen gyzyklanýarlar. Biziň kompaniýalarymyzdan ençemesi korporasiýa iş dolanyşygy barada türkmen hökümeti bilen işleşip gelýär we olar mundan beýlägem bu ugurda iş alyp barmakçy.

Türkmenleri täze döwrüň usullary, tehnologiýasy, Günbataryň biznes dolandyryş ugurlary bilen tanyşdyryp, olar bilen şol standartlarda iş alyp bararys. Şeýlelik-de biz türkmenleriň biznesiň şu usullaryny kabul etjekdgine we olary durmuşa ornaşdyrjakdygyna umyt edýäris.

Azatlyk Radiosy: Şeýle hyzmatdaşlyk ýurtda graždan jemgyýetçiliginiň ösmegine we metbugat azatlygynyň ornaşdyrylmagyna nähili täsiri ýetirip biler?

Eric Stewart:
Eger Türkmenistana seretseňiz, häzirki döwürde bu ýurtda biznesiň korporasiýa görnüşiniň ornaşmanlygyny aýtmak mümkin, kiçi biznesem o diýen ösen däl. Biziň kompaniýalarymyz türkmenistanly biznesmenlere halkara derejede iş alyp barýan kärhanalar we toparlar bilen işleşmäge mümkinçilik döreder, netijede olar Amerikada biznes dolanyşygynyň nähili amala aşyrylýanlygy bilen tanyş bolarlar.

Men biziň saýlap alan ýolumyzyň iň gowy usuldygyny aýdyp biljek däl, emma bu biznes dolanyşygynyň iň üstünlikli amala aşyrylýan ugurlaryndan biridir. Şunlukda, bu usullaryň türkmenler tarapyndan ykrar ediljekdigine hat-da durmuşa ornaşdyrylmagyna umyt edýärin.

Azatlyk Radiosy: Siziň toparyňyza girýan biznesmenleriň käbiri üçin bu gezekki saparyň Türkmenistana ilkinji wizit bolmagy mümkin. Türkmenistan, elbetde, ABŞ bilen deňeşdirilende gaty üýtgeşik ýurt, Türkmenistanda nähili garşy alnarsyňyz diýip pikir edýärsiňiz?

Eric Stewart: Kawkaz ýa Merkezi Aziýada ýerleşýän islendik ýurda sapar eden adamy göz öňünde tutup aýtsam, olar Türkmenistanda hem şol ýurtlardaky ýaly ýagdaýlara garaşyp bilerler, şol ýurtlar biri-birine meňzeş.

Türkmenistan gaty owadan ýurt, amerikan kompaniýalary gaty gyzgyn garşylanar. Men mundan ozalam bir gezek Türkmenistanda boldum, amerikalylar bu ýurtda gaty gowy garşy alynýarlar. Bular ýaly ýagdaýa beýleki käbir ýurtlarda duş gelmek kyn.
XS
SM
MD
LG