Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýäniň Balkanlardaky täsiri güýçlenýär


Türkiýäniň daşary işler ministri Ahmet Dawutogly (ortada), we onuň serbiýaly we bosniýaly kärdeşleri Wuk Jeremiç (çepde), Swen Alkalaj Ankarada duşuşýarlar, fewral, 2010 ý.
Türkiýäniň daşary işler ministri Ahmet Dawutogly (ortada), we onuň serbiýaly we bosniýaly kärdeşleri Wuk Jeremiç (çepde), Swen Alkalaj Ankarada duşuşýarlar, fewral, 2010 ý.

Türkiýe geçen iki ýyldan bäri Balkanlarda giň syýasy, sosial hem ykdysady diplomatiýa ýöretmäge girişdi we bu tagallanyň esasy merkezinde duran ýurt hem Bosniya-Gersogowinadyr.

ÝB-e agza bolmak üçin mundan 20 ýyl ozal oňa arza beren Türkiýe, häzirki döwürde iki ugurly strategiýany alyp barýar, onuň bir ugry – Balkanlarda öz pozisiýasyny berkitmek arkaly ÝB-e agza bolmagyny tizleşdirmekden ybarat.

Türkiýäniň strategiýasynyň beýleki ugry bolsa gündogarynda ýerleşýän goňşulary, ýagny Siriýa, Eýran we Orsýet ýaly ýurtlar bilen gatnaşygyny artdyrmak.

Türkiýäniň Balkanlarda alyp barýan syýasaty Ýewropany hem şol regiona bolan ünsüni artdyrmaga mejbur etdi. Orsýet bilen ABŞ-nyň arasynda bu regionda öz täsirini artdyrmak ugrundaky dalaş has öňräkden bäri dowam edýär.

Rumyniýa bilen Bolgariýa 2007-nji ýylda ÝB-e agzalyga kabul edilensoň, Balkanda ýerleşýän ýurtlaryň bary NATO guramasyna agza ýurtlaryň arasynda galdylar we şol sebäpden hem olaryň barybir Ýewropadan başga kakjak gapysy ýok diýen düşünjä uýup, Brýussel olary Bileleşige agza etmek işi bilen o diýen gyzyklanmady.

Ýewropanyň arka gapysyndan

Netijede Türkiýe Balkanlarda ýerleşýän we musulmanlaryň köpçülik bolup ýaşaýan ýurtlary bolan Albaniýa, Kosowa we Bosniýa gitdigiçe öz täsirini artdyryp başlady.

Beýleki tarapdan, Orsýet hem Serbiýada we Bosniýada ýaşaýan serblere ykdysady we syýasy goldawyny barha artdyrýar.

Şeýle ýagdaýda ABŞ-nyň goldawy bilen ÝB regionda barha artyp barýan Türkiýäniň we Orsýetiň täsirini deňagramlaşdyrmak üçin herekete geçmäge mejbur boldy.

Türkiýe Osmanly patyşalaryň regionda galdyran medeni we dini täsirlerinden peýdalanyp, esasanam Bosniýa-Gersogowina we Albaniýa has üns berip, sebite aralaşýar.

Ýewropanyň o diýen üns bermeýän häzirki pursatynda Türkiýäniň Balkandaky ýagdaýdan peýdalanmagy, elbetde, Ýewropa bilen hyzmatdaşlygyny artdyrmak we Ankarany regionda äsgermezlik edip bolmajak geosyýasy hyzmatdaşa öwürmek üçin hem uly pursat döredýär.

Esasy sorag

Iş ýüzünde Ýewropa şeýle soragyň öňünde dur: “Türkiýäni goldamalymy ýa-da diňe bir Balkanlarda däl, eýse beýleki regionlarda-da Türkiýe bilen ýüzbe-ýüz bolmalymy?”

Geçen ýylyň ortalaryndan bäri Türkiýäniň kompaniýalary Saraýewoda Balkanlaryň iň uly Uniwersitetiniň binasyny gurdular. Häzirki döwürde onlarça türk şirketleri Bosniýada iş alyp barýarlar.

Netijede Türkiýe häzirki döwürde Awstriýadan, Sloweniýadan we Germaniýadan soňra Bosniýada iň köp maýa goýýan ýurtlaryň hatarynda dördünji orny eýeleýär.

Soňky ýyllaryň dowamynda Türkiýe bilen Bosniýanyň arasynda ençeme özara ylalaşyklara-da gol goýuldy, olardan biri hem ýarag öndürmek boýunça gol goýlan ylalaşykdyr.

Türkiýäniň resmileri regiona yzygiderli sapar edip, soňky aýlaryň dowamynda Serbiýanyň, Horwatiýanyň we Bosniýanyň Daşary işler ministrleri bilen ençeme gezek duşuşdylar.

Öz ýurtlarynyň gatnaşygyny artdyrmak boýunça Türkiýäniň alyp barýan tagallalarynyň çäginde aprel aýynda Stambul deklarasiýasy ýaýradyldy.

Şol jarnama regional hyzmatdaşlygy artdyrmak bilen bir hatarda regionda durnuklylygy berkitmek, daşary ýurt maýadarlaryny sebite çekmek we ÝB-e agzalyk boýunça tagallalary artyrmakdan ybaratdyr.

Ykdysady tarapy

Elbetde, bu diplomatik üstünlikleriň ykdysady tarapy hem bar. Gazanylan islendik syýasy üstünlikden soň Türkiýe regionda maýa goýumyny hem artdyrjakdygyna wada berýär.

Ýakynda bolan wakalara syn etsek, onda Ankara maý aýynyň başlarynda Serbiýanyň ykdysady taýdan dürli problemalara uçran JAT Howaýollary kompaniýasyny hususylaşdyrmaga hem ýardam etdi.

2008-nji ýylyň aýagynda bolsa Türkiýe Bosniýa-Gersogowinanyň milli howa ýollarynyň aksiýalarynyň 49%-ni satyn aldy. Şu ýylyň ýanwar aýyndan bäri serbiýaly biznesmenler Türkiýä gümrük tölemän, öz harytlaryny eksport etmäge hukuk aldylar.

Türkiýäniň Balkanlarda alyp barýan diplomatik we ykdysady tagallalary Ýewropanyň hem regionda herekete geçmegine sebäp boldy. Emma Ýewropa geçen dört ýylyň dowamynda regionda abraýyny ýitirdi, şol sebäpden beýlekiler bilen deň bäsleşip bilmek üçin Brýusseliň bu regionda entek etmeli işleri gaty köp.

Eger Orsýetiň täsirini deňagramlaşdyrmak isleýän bolsa, ABŞ-nyň hem regionda etmeli işi az däl.

Anes Alic Saraýewoda ýerleşýän ISA Intel guramasynyň dolandyryjy direktory, ISN Security Watch hem-de Oxford Analytica guramasynyň analitigi. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG