Özbegistanyň adam hukuklaryny goraýjy “Najot” guramasy Türkmenistanyň döwlet syrlarynyň ýaýramagynyň öňüni almak hem-de “döwlet üçin howp dörediji” diýlip hasaplanýan şahslara we toparlara gözegçiligi güýçlendirmek boýunça 11-nji maýda Döwlet howpsuzlygy geňeşinde maslahat edilen çärelere ünsi çekýär.
Adam hukuklaryny goraýjy “Najot” guramasynyň başlygy Haýytboý Ýakubow Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlygy geňeşinde ýurduň harby kuwwatyny ösdürmek, harby tehniki üpjünçiligini gowulandyrmak meselelerinden daşgary terrorçylyk howpuna, dini ekstremizme garşy göreş üçin kanuny goraýjy organlarda ýörite bölümleri döredip, oňa halkara spesialistlerini çekmek meselesiniň hem maslahat edilenligini belleýär.
Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde Haýytboý Ýakubow Türkmenistanyň bu meselä ünsi artdyrmagyna terrorçylykly hüjümler barada Özbegistanda habar berilýän ýagdaýlaryň Türkmenistanda bolmazlygy üçin edilýän bolmagy mümkin diýip çaklaýar.
Näme maslahat edildi?
AKI press habar agentligine degişli “Central Asian News” internet neşiri, ýapyk görnüşde geçirilen Döwlet howpsuzlygy geňeşiniň metjitlerde we ybadathanalarda wideokameralary goýmak hem-de raýatlaryň, ilkinji nobatda-da döwlet edaralarynyň işgärleriniň dini garaýyşlaryny öwrenmek, dindarlara gözegçiligi güýçlendirmek bilen baglydygyny tassyklaýar.
“Central Asian News” internet neşiri hökümet maslahatynda ýurduň serhedinden köp geçýän adamlaryň täze sanawyny döretmek kararyna-da gelnenligini habar berýär.
Türkmen metbugatyna görä, Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlygy geňeşiniň soňky maslahaty 11-nji maýda geçirildi. Bu maslahatda Ýeňiş baýramynyň 65 ýyllygy bilen bagly dabaralaryň, harby we kanuny goraýjy organlaryň ýylyň başyndan bäri alyp baran işleriniň netijeleriniň we ýurtda neşä garşy göreşiň gidişiniň maslahat edilenligi resmi maglumatlarda aýdyldy.
Türkmenistanda graždan azatlyklaryna, şol sanda din azatlygyna garşy gysyşyň öňden bäri alnyp barylýanlygyny we basyşlaryň häzire çenli-de, güýçlenmese, gowşamanlygyny ynsan hukuklaryny goraýjy türkmenistanlylar belleýärler.
Käbir guramalar ýapylar
“Türkmen Helsinki fondunyň” başlygy Täjigül Begmedowa Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlygy geňeşiniň maslahatynda garalan meseleler barada resmi taýdan anyk maglumat berilmedik hem bolsa, içerki howpsuzlyk gözegçiligini berkitmek çäreleriniň Türkmenistan üçin täzelik däldigini belledi.
Adam hukuklayrny goraýjynyň sözlerine görä, raýat aktiwistleriniň we olaryň maşgalalarynyň yzarlanýanlygy, olaryň öýleriniň hemişe göz astynda saklanýanlygy barada “Türkmen Helsinki fondunyň” adyna Türkmenistandan maglumatlaryň gowuşmagy dowam edýär.
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlygy geňeşiniň ýurtda daşary ýurt raýatlarynyň we guramalarynyň, şol sanda Türkmenistanyň giňişliginde raýat jemgyýetçiligi bilen iş alyp barýan guramalaryň işini jikme-jik öwrenmek, käbiriniň rugsatnamalaryna gaýtadan garamak we käbir halkara guramalarynyň ýurtdaky bölümlerini ýapmak meselelerine hem garalanlygyny, şeýle-de Türkmenistanda işleýän daşary ýurt ilçihanalarynyň işi barada ýörite organlaryň wekilleriniň beren hasabatlarynyň diňlenenligi “Central Asian News” neşiriniň maglumatynda bellendi.
Şeýle meseleleriň Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň arasynda näderejede maslahat edilýänliginiň köpçülik üçin nämälim galýanlygyna garamazdan, ýurduň howpsuzlyk güýçleriniň ygtyýarlyklarynyň öňküsi ýaly ululygyna galýanlygyny we olaryň graždanlara gözegçilik we basyş etmek üçin şol öňki köne usullaryndan peýdalanyp gelýänligini belläp, Tajigül Begmedowa bu ýagdaýyň ynsan hukuklaryny goraýjylary örän uly alada goýýanlygyny aýtdy.
Başgaça pikirlenmek duşmançylykmy?
“Türkmen Helsinki fondunyň” başlygy Tajigül Begmedowanyň aýtmagyna görä, türkmen ýolbaşçylarynyň açyk dialoga islegsizligi, başga pikirli her bir adama režimiň duşmany hökmünde garamagy, kemçilikleri görkezmäge çalyşýanlaryň döwleti garalamak däl-de, ýagdaýy gowulandyrmak maksatlaryna düşünmek islemeýänligi örän alada dörediji mesele bolmagyna galýar we türkmen hökümetiniň ýagdaýy üýtgetmek islemeýänligi barada pikir döredýär.
Türkmenistanyň harby mümkinçilikleri, saglygy saklaýyş we bilim pudagy barada çap edilýän maglumatlara gözegçiligi güýçlendirmek meselesiniň hem Döwlet howpsuzlygy geňeşinde maslahat edilenligi internet neşirleriniň birnäçesinde çap edilen maglumatlarda aýdylýar.
Halkara habar serişdelerinde we halkara guramalarynyň hasabatlarynda Türkmenistandaky kemçilikler barada çap edilýän maglumatlara türkmen metbugatynyň sahypalarynda soňky aýlarda ençeme sapar resmi reaksiýa görkezilipdi.