Eýsem, daşary ýurtly ýokary derejeli myhmanlary tanyşdyrar ýaly Türkmenistanyň bilim pudagynda nähili düýpli reformalar bar?
Ýewropa Komissiýasynyň resmileriniň aýtmaklaryna görä, häzirki wagt bu gurama öz partnýor ýurtlarynda ýokary bilim berişi ösdürmekligi maksat edinýän birnäçe programmalary öňe sürýär. Şol programmalaryň hatarynda bolsa, «Erasmus Mundus», «Jean Monnet», «Tempus» ýaly birnäçe sponsorlyk programmalary-da bar.
Ýöne käbir bilermenler halkara guramalarynyň bilim ugrundaky programmalaryndan peýdalanmakda we bu ugurda daşary ýurtlar bilen partýorlyk hyzmatdaşlyklaryny ýola goýmakda Türkmenistanyň çynlakaý inisiatiwalary görkezmeýändigini belleýärler.
Teklipler hödürlendi
Ynsan hukuklaryny goraýjy Türkmenistan Helsinki fondunyň başlygy Täjigul Begmedowa ýakyn wagtlarda türkmen prezidentiniň Brýussele sapar etjekdigini we şular ýaly saparlaryň öňýany Ýewropa Bileleşiginiň wekilleriniň Türkmenistandaky çözülmeli meseleler barada ynsan hukuklaryny goraýjylaryň pikirleri bilen-de gyzyklanýandyklaryny aýtdy.
Täjigul Begmedowa Türkmenistanda bilim pudagynda çözülmeli meseleleriň köpdügini belläp, soňky üç ýylyň dowamynda özleriniň Ýewropa Parlamenti we Ýewropa Komissiýasy ýaly guramalara bu ugurda köpsanly teklipleri hödürländiklerini belledi.
Begmedowa Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda bilim pudagynda amala aşyrylan käbir oňyn özgerişliklere şol edilen teklipleriň belli bir täsir edendigine-de ynanýar. Ýöne ol bu ugurda entek edilen işlere garanyňda, edilmeli işleriň has hem köpdügini nygtady.
Käbir daşarky döwletleriň spesialistleri bilim pudagynda Türkmenistan bilen alyş-çalyş programmalaryny we partnýorlyk hyzmatdaşlyklaryny ýola goýmak meselesinde henizem Nyýazowyň ýurdy dolandyran döwründäkä meňzeş durgunlygyň höküm sürýändigini belleýärler.
Olaryň aýtmaklaryna görä, Türkmenistanda jemgyýetiň ähli sferasynda diýen ýaly ýokardan buýruk berijilik metodynyň höküm sürýändigine görä, ýerlerde we hatda ministrlikleriň derejesinde-de ýönekeý bir ylalaşyklary baglaşmaklygyň hem uly problema öwrülýändigini aýdýarlar. Olaryň pikiriçe, hut şular ýaly ýagdaýlar hem ýerlerde döräýjek inisiatiwalaryň hem basylmagyna, bukulmagyna sebäp bolýar.
Kadrlar ýetmezçiligi
Türkmenistanly graždan aktiwisti Wýaçeslaw Mämmedow ýurtda ýerlerdäki häkimiýet organlaryndan başlap, ýokarky döwlet dolandyryş organlaryna çenli talabalaýyk bilimli-sowatly, döwrebap ýolbaşçy kadrlaryň ýetmezçiliginiň bu problema has hem ýaramaz täsirini ýetirýändigini öňe sürýär.
W.Mämmedow bu mesele barada, hususan-da, şeýle diýdi: «Şu wagt Türkmenistanyň döwlet dolandyryşynda kadrlar ýetmezçiligi örän ýiti duýulýar. Şoňa görä-de, häzirki wagt ýurduň häkimiýetleri ýaşlara bilim bermegiň zerur ugurlaryny kesgitlänlerinde, olar hut şu ugra örän uly üns bermeli».
«Ýöne munuň üçinem olara syýasy aýgytlylyk zerur bolup durýar. Bu syýasy aýgytlylyk bolsa, daşary ýurtlara okamaga gitmek isleýän ýaşlaryň öňündäki bar bolan çäklendirmeleriň hemmesini aradan aýyrmak, dolandyryş ugrundan okaýan ýaşlaryň sanyny artdyrmak, daşary ýurtlara giden professional hünärmenleriň ýurda dolanmaklaryna mümkinçilik döretmek ýaly meseleleri öz içine alýar. Sebäbi, häzirki wagt ozalky spesialistleriň köpüsiniň ýurdy terk edendiklerine görä, döwlet dolandyryşy boýunça ýaşlara bilim berer ýaly adam hem galmady» diýip, Wýaçeslaw Mämmedow nygtady.
Şeýle-de bolsa, ynsan hukuklaryny goraýjy Tükmenistan Helsinki fondunyň başlygy Täjigul Begmedowa bilim meselesi boýunça eilýän teklipleriň az-owlagam bolsa Türkmenistanda durmuşa geçirilýändigini, ýöne şeýle oňyn reformalaryň has-da artdyrylmalydygyny aýtdy.