Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow bilen Putin telefonda pikir alyşdy


19-njy maýda Türkmenistanyň prezidenti bilen Orsýetiň premýer-ministriniň arasynda telefon gepleşigi boldy. Bu söhbetdeşligiň Orsýet tarapynyň inisiatiwasy bilen geçirilenligi habar berilýär.

Telefon gepleşiginde taraplar döwletara gatnaşyklaryň esasy ugurlary boýunça pikir alşyp, ýurtlaryň özara gatnaşyklarynyň ösüşinden kanagatlanýandyklaryny mälim etdiler diýip, TDH gullugy habar berýär.

Gepleşikde, hususan-da, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklara degişli meseleler maslahat edilip, ýangyç-energetika pudagyndaky gatnaşyklara esasy üns berildi. Bu ugurdan tagallalaryň birkdirilmeginiň has netijeli bolmagyna garaşylýar diýip, resmi maglumatlarda aýdyldy.

Ýangyç-energetika ugry

Bilermenleriň pikirine görä, Türkmenistanyň gaz eksportyna degişli planlary häzirki wagtda Orsýeti gyzyklanydyrýan esasy meseleleriň biridir. Orsýetiň syýasy barlaglar insitutyndan Aždar Gurdow şu günki gün Ukrainanyň türkmen gazyna uly isleg bildirýän ýurtdugyny we 2006-njy ýyla çenli Kiýewiň Aşgabatdan tebigy gazyny göni satyn alanlygyny belledi. Ekspert G.Berdimuhamedow bilen W.Putiniň telefon gepleşiklerinde bu ideýa barada pikir alşylanlygyny çak edýär.

Türkmenistanyň gaz eksportynyň möçberi barada şu günki gün resmi maglumat berilmeýär. Energiýa garaşsyzlygyny yglan edýän Türkmenistan 2009-nji ýylda Hytaýa tarap täze gaz geçirijini açyp, Eýrana tarap hem gaz söwdasynyň möçberini artdyrmaga mümkinçilik berýän täze gaz geçirijisini işe girizdi. Emma şu günki gün türkmen gazynyň esasy hyrydarynyň Orsýet bolup galýanlygy çak edilýär.

Geçirijilik ukyby ýylda 40 milliard kubometrlik “Türkmenistan-Hytaý” gaz geçirijisi arkaly ýakyn ýyllarda akdyryljak türkmen gazynyň möçberiniň ýylda 10 milliard kubometrden aşmajakdygyny bilermenler çak edýärler.

Türkmenistan bilen Orsýetiň arasynda 2009-njy ýylyň dekabr aýynda gelnen ylalaşyga görä, türkmen tarapynyň “Gazproma” ýylda 30 milliard kubometr gaz satjakdygy aýdyldy. Türkmen metbugatynda bu iki ýurduň arasynda öňden bar bolan uzak möhletleýin ylalaşyga goşmaçalar girizilip, türkmen gazynyň Ýewropanyň gaz bazarynyň şertlerine laýyk baha formulasy esasynda Orsýete tarap akdyrlyp başlananlygy şu ýylyň 9-njy ýanwarynda habar berlipdi.

Regional güýç

Energiýa meseleleri boýunça bilermen Dan Susio energiýa ugurdan Orsýetiň regional güýç hökmünde öz ornuny elden bermän gelýänligini belledi.

Emma Orsýetiň postsowet giňişliginde alyp barýan syýasatynyň barha güýçlenýän esasy ugrunyň geosyýasata degişlidigine bilermen ünsi çekýär. Dan Susio şu günki gün Orsýetiň bu ugurdan täze bir etaba gadam basanlygyny belleýär. Onuň sözlerine görä, 2008-2009-njy global halkara malýe krizisi döwründe öz ädimlerini biraz gowşadan Moskwanyň Merkezi Aziýa döwletlerinde bir wagtky agalygyny dikeltmek tagallasy soňky döwürde ýene göze ilip başlady.

8-nji maýda Moskwada Garaşsyz döwletleriň arkalaşygy we Kollektiwleýin howpsuzlyk ylalaşygy guramalarynyň resmi bolmadyk duşuşyklary geçirildi. Orsýetiň prezidenti Medwedew GDA-ny ykdysady gatnaşyklar we täze görnüşli hyzmatdaşlyk üçin amatly binýat diýip atlandyrdy.

2005-nji ýyldan bäri GDA guramasyna assosirlenen agza hökmünde gatnaşýan Türkmenistan guramanyň işine gatnaşmaklyga uly ähmiýet berýänligini tassyklady.

“Nabukko” näbelli

Bilermenler energiýa garaşsyzlygynyň regionyň döwletleriniň ösüşi üçin esasy şert bolup durýanlygyny belleýärler. Emma Merkezi Aziýanyň gaz serişdelerini Ýewropanyň bazarlaryna çykarmak boýunça proýektleriň, hususan-da, “Nabukko” proýektiniň geljegi näbelliligine galýar.

2009-njy ýylyň aprel aýynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk boýunça Memoranduma gol çekip, Hazar deňzindäki türkmen gaz ýataklarynda gözleg-anyklaýyş işlerini geçirýän “RWE” kompaniýasy Türkmenistandan “Nabukko” üçin gaz satyn almak baradaky ylalaşygyň yza tesdirilýänligini şu aýyň başynda mälim etdi.

Munuň yz ýany, 5-nji maýda, türkmen tarapynyň ýaýradan resmi beýanatynda Türkmenistanyň “RWE” bilen gepleşiklerinde takyk gaz geçirijileri gaz bilen üpjün etmek üçin turkmen gazynyň satyn alynmagyna degişli meseläniň gozgalmanlygy aýdyldy.

Dan Susio Türkmenistanyň “Nabukko” proýekti boýunça Ýewropa bilen hyzmatdaşlygynyň geljegine degişli nämälimligiň diňe bir gaz bilen üpjün ediji ýurtlara, şol sanda Türkmenistana-da, bagly bolman, ilkinji nobatda Ýewropa döwletleriniň özlerine garaşlydygyny belledi. Rumyniýaly bilermeniň pikirine görä, Ýwropa döwletleri “Nabukkonyň” öňe gitmegi üçin ýeterlik çäre görmeýärler.

Türkmenistan - Ukraina - Orsýet

Aždar Gurdow dünýä ykdysadyýetleriniň global maliýe krizisiň ýaramaz netijelerinden entek saplanmanlygyny we şol sebäpden halkara bazarlarynda gaza bolan islegiň çäkliligine galýanlygyny belleýär.

Ekspert Orsýetiň Türkmenistan bilen energiýa hyzmatdaşlygynyň perspektiwalaryny soňky döwürde Kiýew bilen gatnaşyklaryny sazlap gelýän Moskwanyň Ukrainanyň gaz üpjünçiliginde rol oýnamak islegi bilen baglanyşdyrýar.

Türkmenistan öz gazynyň eksportynyň möçberini artdyrmak, Ukraina bolsa türkmen gazyny göni satyn almak islegini mälim edýärkä, Orsýetiň diňe bir tranzit bähbitleri bilen çäklenmejegini Gurdow çak etdi.

Şu aýyň başynda Orsýetiň we Ukrainanyň hökümet ýolbaşçylarynyň Soçide bolan gepleşiklerinde Ukrainanyň türkmen gazyny göni satyn almagyna degişli meseläniň maslahat edilenligini Gurdow belledi.

G.Berdimuhamedowyň we W.Putiniň 19-njy maýda geçiren telefon gepleşikleri barada türkmen metbugatynda çap bolan gysgaça maglumatlarda Türkmenistan bilen Orsýetiň konstruktiw dialogynyň ynam, açyklyk we birek-birege düşünişmek esasynda alnyp baryljagyna taraplaryň umyt baglanlygy aýdyldy.
XS
SM
MD
LG