Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýaşulularyň nobatdaky maslahaty geçiriler


14-nji maýda Daşoguz welaýatynda geçiriljek Ýaşulular maslahatyna Türkmenistanyň döwlet derejesindäki çäreleriniň hatarynda ähmiýet berilýänligi resmi maglumatlardan belli.

Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatynyň işi 2008-nji ýylyň 5-nji dekabrynda kabul edilen karar esasynda kesgitlenýär.

Aýdylyşy ýaly, il içinde hormatlanýan abraýly halk wekillerinden düzülen organyň şu saparky maslahatyndan nämä garaşylýar?

Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatynyň öňünde şu günki gün möhüm döwlet kararlaryny işläp düzmekde we türkmen halkyny birleşdirmekde möhüm wezipäniň durýanlygy resmi maglumatlarda aýdylýar.

Ýaşulular maslahatynyň unikal jemgyýetçilik instituty bolup, bu organyň döredilmeginiň türkmenleriň medeni däp-dessurlaryndan ugur alýanlygy hem bellenilýär.

Türkmenleriň özünden ula hormat goýmak we tejribeli ýaşulular bilen geňeşmek däp-dessurlaryna eýerip, 1990-njy ýyllaryň başynda Ýaşulular maslahatynyň döredilmeginiň jemgyýetde uly umyt bilen kabul edilenligini türkmenistanly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew aýdýar.

Düzümi we wezipesi

Ýaşulular maslahatyna ýaşy 60-dan öten, iş stažy 25 ýyldan az bolmadyk raýatlar saýlanýar. Ýurduň her welaýatyndan hem Aşgabat şäherinden ýerli halk maslahatlary tarapyndan 100 adamdan saýlanyp, jemi 600 adamdan ybarat Ýaşulular maslahatynyň wekilleri, türkmen metbugatynda bellenişine görä, öz welaýatynyň ilatynyň ähli gatlaklarynyň pikirini mälim edýär.

Ýaşulular maslahaty ýylda azyndan bir gezek geçirilýär. Bu maslahatlarda dürli meselelere açyk we erkin garamakdan hemd-e köpçüligiň pikiri esasynda bilelikde karar kabul etmekden ybarat işiniň netijesinde geňeş häsiýetli kararyň kabul edilýänligi resmi maglumatlarda bellenýär.

Emma synçylar Ýaşulularyň maslahatlarynda ýurduň öňünde duran we halk köpçüligini alada goýýan iň agyryly meseleleriň şu çaka çenli
Maslahatlarda ýaşulularyň prezidentiň ähli kararlaryny gyşarnyksyz kabul edip gelýändigi sebäpli bu maslahatlaryň abraýy gitdigiçe gowşaýar.
gozgalman gelýänligini belleýärler.

Amanmyrat Bugaýewiň sözlerine görä, maslahatlarda ýaşulularyň prezidentiň ähli kararlaryny gyşarnyksyz kabul edip gelýändigi sebäpli bu maslahatlaryň abraýy gitdigiçe gowşaýar.

Ýaşulular maslahatynyň ozalky duşuşygy 2009-njy ýylyň 6-njy martynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde geçirildi. TDH gullugynyň maglumatyna görä, şonda ýurduň jemgyýet we döwlet durmuşynyň ähli ugurlarynyň täzelenmegine degişli meseleler maslahat edilip, Türkmenistanyň içerki we daşarky syýsatynyň esasy ugurlary kesgitlendi.

Türkmenistanyň resmi maglumatlaryna görä, Ýaşulular maslahatynyň häzirki duşuşygynda oba hojalygynyň düýpli özgerdilmegine degişli meseleleriň maslahat edilmegine garaşylýar. Şeýle-de: “Täze taryhy döwürde türkmen halkynyň öňünde duran ägirt uly meseleleriň gozgalmagyna garaşylýar”.

Ygtyýarlary we täsiri

Syýasaty öwreniji Aždar Gurdow Ýaşulular maslahatyny 2008-nji ýylda dargadylan Halk maslahaty bilen deňeşdirýär. Onuň pikiriçe, dekoratiw Halk maslahaty-da öz döwründe prezident apparatynyň kararlarynyň halk tarapyndan goldanýanlygyny görkezmek wezipesini ýerine ýetiripdi. Edil şonuň ýaly, Ýaşulular maslahaty-da ýurduň syýasatyny üýtgetmekden ejiz we onuň ýurtdaky proseslere täsir ýetirmegine garaşyp bolmaz.

Aždar Gurdowyň pikirine görä, ýurduň häkimiýetini doly öz elinde saklaýan adamlar Ýaşulular maslahatyny özleriniň demokratiýa eýerýänligi we kabul edýän kararlarynda halkyň islegini hasaba alýanlygy barada pikir döretmek üçin ulanýarlar. “Üstesine, ýaşululara hormat goýup, gündogar jemgyýetine mahsus däp-dessurlary-da berjaý edýän kişi bolup görünýärler”.

Şu günki gün Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatynyň işi 2008-nji ýylyň 5-nji dekabrynda kabul edilen karar esasynda kesgitlenilýär.

Türkmen metbugatyna görä, prezidentiň inisiatiwasy bilen ýa-da Mejlisiň teklibi boýunça prezident tarapyndan çagyrylýan nobatdaky maslahatlarda ýaşulularyň garamagyna teklipleri hödürlemek hukugyna Türkmenistanyň prezidenti, Mejlis we umumymilli “Galkynyş” hereketi eýedirler.
XS
SM
MD
LG