“Türkmen inisiatiwasy” guramasy Türkmenistanyň hökümetiniň soňky ýyllarda kabul eden käbir kararlarynyň ýurtda adam hukuklary we demokratiýa bilen bagly ýagdaýyň belli bir derejede gowulanmagyna getirenligi barada pikir döredýänligini belledi.
Bu gurama türkmen hökümetiniň ädimlerine Ýewropa Bileleşiginiň ýurduň özgerişe taýýarlygy hökmünde garap, ozal 11 ýyl dowam eden gadagançylygy ýatyryp, 2009-njy ýylyň aprelinde Türkmenistan bilen wagtlaýyn söwda ylalaşygyny baglaşmaga ýol açanlygyny belleýär.
Maglumatda Türkmenistanyň kabul eden we halkara jemgyýetçiligi tarapyndan makullanan ädimler sanalyp geçilýär.
Ädilen ädimler
“Türkmen insitiatiwasynyň” hasabatynda bellenmegine görä, Türkmenistan BMG-niň Adam hukuklary boýunça baş komissarynyň we BMG-niň Türkmenistanda din azatlygy boýunça dokladçysynyň ýurda barmagyna rugsat etdi.
Türkmen hökümeti öz raýatlarynyň ýurduň içinde hereket etmek düzgünlerini aňsatlaşdyrdy. Ilatyň internetden peýdalanmagy uçin käbir çäreleri amala aşyrdy, emma çäklendirmelerini we internete gözegçiligini saklap galdy.
Türkmenistan täze Konsititusiýany kabul etdi, emma Baş kanun ýurtda häkimiýetleriň gözegçiligini öňküsindenem güýçlendirdi. Türkmenistan BMG-niň ösüş programmalary bilen hyzmatdaşlyga taýýarlygyny mälim etdi.
Hasbata görä, Türkmenistanyň çäreleri makullanmaly öňegidişlik bolsa-da, olar has düýpli reformalaryň ýolunda diňe ujypsyz ädimler bolup durýar.
Bar bolan problemalar
Hasabatda Türkmenistanyň aýallara garşy diskriminasiýanyň ähli görnüşleirni ýok etmekde BMG-niň konwensiýasy boýunça borçlarynyň ençemesini we öň teklip edilen rekomendasiýalary ýerine ýetirmänligi bellenýär.
Maglumata görä, problemalar esasan aýallaryň deň hukuklylyk meselesine, olaryň göni we gytaklaýyn diskriminasiýasyna, aýallaryň maşgaladaky we jemgyýetdäki hukuklarynadyr ornuna degişli. Aýallaryň ýurduň syýasy durmuşyna has giň gatnaşmagy üçin hem çynlakaý ädimler ädilmedi.
Aýallara garşy zorluk problemasynyň gaýragoýulmazys çözülmegi üçin türkmen hökümetiniň çäre görmeýänligini, şeýle zorluklaryň öňüni almak, aýallary goramak, olara ýardam bermek boýunça zerur kanunlaryň-da ýetmezçilik edýänligi “Türkmen inisiatiwasy” guramasynyň hasabatynda bellenilýär.
Aýal-gyzlaryň bilim almak we işlemek, saglygyny bejermek ýaly mümkinçilikleriniň çäkliligi problemalaryň ýene biri bolup durýar. Bu problemanyň oba ýerlerinde has-da agyrdygy maglumatda aýdylýar.
“Türkmen inisiatiwasy” guramasynyň müdiri Farid Tuhbatullin adam hukuklaryna degişli problemanyň Türkmenistanda ähli derejelerde gozgalmagynyň ähmiýetini nygtap, problemalary ýaşyranyň bilen olary çözüp bolmaýanlygyny belledi.
“Türkmen inisiatiwasy” guramasynyň “Aýallara garşy diskriminasiýanyň ähli görnüşlerini ýok etmek boýunça” BMG-niň konwensiýasynyň berjaý edilişi barada çap eden we BMG-niň bu Konwensiýa boýunça komitetine tabşyran hasabatynda
Türkmenistanyň hökümetine birnäçe rekomendasiýalar edilýär.
Rekomendasiýalar:
Aýallara garşy kanun taýdan we iş ýüzünde bar bolan diskriminasiýanyň ähli görnüşlerini aradan aýyrmak boýunça programmalary düzmek.
Konstitiusiýanyň aýdyň we demokratiýany hem graždan azatlyklaryny kepillendirýän netijeli dokument bolmagy üçin oňa düzedişleri girizmek.
Hökümete degişli bolmadyk garaşsyz guramalaryň we erkin habar serişdeleriniň ýurtda işlemegine rugsat bermek.
BMG-niň şikaýatlara garaýan geňeşiniň talaplaryna resmi jogap bermek.