Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Betbagtçylyk bagtyň gadyryny bilmegi öwredýär”


Prezident Leh Kaçinski we aýaly Mariýa Kaçinska Warşawadaky Prezident köşgünde, 19-njy dekabr, 2007-nji ýyl.
Prezident Leh Kaçinski we aýaly Mariýa Kaçinska Warşawadaky Prezident köşgünde, 19-njy dekabr, 2007-nji ýyl.

Polşanyň 1-nji hanymy Mariýa Kaçinska 10-njy aprelde öz adamsy Leh Kaçinskiý hem beýleki 96 adam bilen bile uçar heläkçiliginde wepat boldy. Onuň jesedi 13-nji aprelde Warşawa getirildi.

2007-nji ýylda Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Gürji gullugyndan Nino Gelaşwili Mariýa Kaçinski bilen onuň durmuşy barada söhbetdeşlik geçiripdi. Polýak halky tarapyndan onuň çuňňur gynanç bilen hatyrasy tutulýan gününde şol söhbetdeşligi siziň dykgatyňyza hödürlemegi makul bildik.

Azatlyk Radiosy: Siziň terjimehalyňyzy okamyzda, şahsy karýeraňyzy goýbolsun edip, özüňizi doly adamyňyza hem çagaňyza bagyş edendigiňize göz ýetirdik. Şol döwürden näme ýadyňyza düşýär?

Mariýa Kaçinska: Şol döwürde gaty özboluşly ýagdaý ýüze çykdy. 1980-nji ýylda “Raýdaşlyk” hereketiniň protestleri güýjän döwri, gyzymyň doglanyna birnäçe hepde bolupdy. Men dekret rugsadyndadym. Şol döwür biz Sopot şäherinde dogan-garyndaşlarymyzdan uzakda ýaşaýardyk.

Adamym “Raýdaşlyk” hereketine bar wagtyny diýen ýaly sarp edýärdi. Soňra adamymy 10 aýlyk harby gulluga aldylar. Çagam bilen özüm ýalňyz galdym. Kömege ýetişjek, howandarlyk edýän dostlarymyz köpdi, ýöne şonda-da çagam bilen özüm galypdym.

Adamym gaýdyp gelensoň hem onuň köp wagtyny şol döwürdäki režime garşy göreş alýardy. Elbetde, men çagamy çagalar bagyna berip, özüm işe başlap bilýärdim. Ýöne şonda gaty agyr döwri başdan geçirýärdik. Men çet ýurt dillerini bilýärin, şonuň üçin öýde sapak berdim, şeýle-de terjime etmek bilen meşgullandym, ýagny men işi doly taşladym diýip biljek däl.

Şol döwür öz öňümde näme amatly bolar diýen sowal goýup, bir netijä geldim. Elbetde, men işe çykyp bilýärdim, ýöne adamymyň hem işiniň köpdügi sebäpli öýde bolmaýandygyny göz öňünde tutsam, maşgala ojagyndan näme galar diýip, pikir etdim. Ýagny, men öz karýeramy maşgalam üçin gurban etdim diýip biljek däl. Hiç kime garaşly bolman, öýde galyp işlemeklik meniň öz saýlap alan ýolumdy.

Azatlyk Radiosy: Häzirki ýaşlara seretseň, olar ilki bilen iş karýerasy, syýahat etmek, öz-özüňi görkezmek ýaly işler bilen gara başlaryna gaý. Men ene bolup, çagamyň ýanynda bolmaga mümkinçiligimiň bolandygyna şükür edýärin.

Siz taryhy döwürde ýaşap, töweregiňizde gaty köp özgerişlikler bolýan mahaly çagaňyzy ýetişdirendigiňize guwanýarsyňyzmy?

Mariýa Kaçinska: Hawa, şol zaman taryhy zamandy hem-de gaty gyzgalaňly döwürdi. Meniň gaty dostlarym köpdi, biz olar bilen ýygy-ýygydan duşuşýardyk. Kämahal iň zerur bolan zatlaryň ýetmezçilik edýändigi üçin agyň tutýardy: ýa ol ýetmeýar, ýa bu tapdyrmaýar. Emma şeýle kyn döwri başdan geçirmek bizi ruhy taýdan baýlaşdyrdy diýip, pikir edýarin.

Kyn döwürde ýaşan adam ýagdaýynyň gowulaşmagynyň gadyryny biler. Hemişe gülala-güllük bolsa, gowulygyň gadyryny bilmek kyn bolardy. Betbagtçylyk bize bagtyň gadyryny bilmegi öwredýär.

Azatlyk Radiosy: Polşada aýallaryň ýagdaýy sizi kanagatlandyrýarmy? Polýak zenanlary syýasy kararlaryň kabul edilmegine täsirlerini ýetirip bilýärmi?

Mariýa Kaçinska: Men, prezidentiň aýaly hökmünde syýasata goşulşyp bilmeýärin. Ýöne ýurdumyzyň parlamentiniň işine gaty aktiw gatnaşýan zenanlar bar. Feministler ýa-da azda-kände radikal zenanlar hem bar. Elbetde, parlamentdäki zenanlar ýurtda bolup geçýän köp wakalara täsirini ýetirýärler. Olaryň özleri karar kabul edýärler. Meniň özüm pägselçilik döretmez ýaly çetde durmaga çalyşýaryn.

Men öz pikirimi beýan edip bilmeýärin. Sebäbi men prezident hem däl, premýer-ministr-de däl. Erkin bolan bolsam, belki, öz pikirimi beýan ederdim.
XS
SM
MD
LG