Türkmenistanyň ilkinji daşary işler ministri Abdy Kuly SSSR ýykylyp, ozalky sowet giňişligine bulam-bujarlyk aralaşanda, özüniň türkmeni şol kynçylyklardan iň az ýitgiler bilen alyp çykyp biljek şahsyýetleriň biridigini görkezdi. Başda S.Nyýazow bilen işleşip, oňa ynam edenem bolsa, A.Kuly onuň ýurdy ters ugra alyp barýandygyna ilki bolup düşünenleriň biridi.
Şondan soň, elbetde, aýgytly hereketler gerekdi. Emma SSSR döwründe 20 ýyldan gowrak diplomatik işde işläp, ullakan syýasy tejribe toplan döwlet işgäri bolsa-da, Abdy Kuly ozalynda syýasatçy däldi, ol edebiýat ugrundan ýokary bilimli, öz tebigaty boýunça-da sypaýyçylykly adamdy. Adalaty, halallygy, mertligi hemme zatdan ileri tutýan A.Kuly türkmeniň milli mertebesini gorap, orta çykdy. Bu göreşde ol halk köpçüligine daýanmak isledi, halkyň öz mertebesini, hak-hukugyny talap edip, aýaga galmagyna bil baglady, şoňa garaşdy. Ol halkdan üzňe hereket etjek bolmady, zorluga gol ýapmady.
Men Abdy Kuly bilen hut şol döwürlerde, wezipeden gitmezinden birnäçe aý öň tanyşdym. 1992-nji ýylyň başynda maňa Amerikanyň Wiskonsin Uniwersitetinden “Orta Aziýany we oňa ýanaşýan regionlary demokratiýalaşdyrmak” diýen temadan şol ýylyň aprelinde geçiriljek Halkara konferensiýasyna çakylyk geldi. Menem, bu mesele bäri-bärde çözülmänsoň, Amerika gitmek üçin özüme wiza berilmegini sorap, Daşary işler ministrligine, hut Abdy Kulynyň özüne ýüz tutdum, onuň bilen duşuşdym. Ol maňa çykyş wizasyny bermek hukugynyň DIM-den alnyp, şol wagtky Döwlet Howpsuzlyk Komitetine tabşyrylandygyny gynanç bilen aýtdy.
Şol ýagdaý bilen baglanyşykly-da, ol ikimiziň aramyzda Türkmenistanyň şol wagtky syýasy durumy barada gürrüňe ýol açyldy. Özara gürrüň az wagtdan demokratik meseleleriň üstünden bardy. Türkmenistanda häzir köppartiýalylyk temasy örän aktual, şonuň üçinem bu hakda şol gün Abdy Kuly bilen arada bolan gürrüňi ýatlamak ýerlikli bolar. A.Kuly şonda özüniň köppartiýalylyga garşydygyny aýtdy. Men onuň sebäbini soradym. Şonda ol: “Eger-de bizde köppartiýalylyk girizilse, onda ol ýaman niýet bilen ulanylyp bilner. Her taýpanyň, her tiräniň öz partiýasynyň döredilmegi mümkin, onuň yzam, kim bilýär, nämä ýazjak…” diýdi.
Men oňa: “Bu ilkibaşda bolup biläýjek zat. Dogrudanam, hakyky syýasy partiýalar bilen bir hatarda ilki bizde tire-taýpa derejesindäki partiýalaryňam döremegi ahmal. Ýöne partiýa diýeniň mydama giňelmäge, öz agzalarynyň sanyny artdyrmaga ymtylýar. Ösmek, giňelmek üçinem partiýanyň tutýan ýoly, maksady has köp adamlaryň pikiri, arzuw-islegi bilen gabat gelmeli. Iň esasy zadam, islendik partiýa tebigy ýagdaýda syýasy häkimiýete, Mejlise girmäge dyrjaşýar. Diýmek, başda tire-taýpa derejesinde dörese-de, syýasy häkimiýete aralaşjak, ýurdy dolandyrmaga gatnaşjak bolsa, onda ol partiýa hökman tutuş halkyň goldawyny almaga dyrjaşmaly. Bütin milletiň goldawyny gazanmak üçinem hökman halkyň bütewi arzuw-isleglerini beýan etmeli. Diýmek, syýasy taýdan ösmese, kämilleşmese, partiýalaryň başga alajy ýok. Ýogsa-da, öz tiresiniň, taýpasynyň çäginden çykyp bilmän, syýasy bankrota öwrülip, ýitip giderler.” diýdim.
Bu argument Abdy Kulynyň diýseň göwnüne ýarady. Ol: “Dogrudanam, bu aýdýanyň jany bar. Belki, biz köppartiýalylykdan nähak çekinýändiris” diýdi. Şonda men, öz pikiriňi esaslandyryp bilseň, A.Kulynyň ony diňlemäge hem progressiw pikirleri kabul etmäge ukyplydygyny gördüm. Bu bolsa, elbetde, demokratik meýilli adamlara mahsus gylyk. Şol gün mende beýle adamynyň S.Nyýazow bilen uzak işleşip biljegine-de şübhe döredi. Kän wagt geçmänkä-de bu çak dogry çykdy: 1992-nji ýylyň iýulynda A.Kuly ministrlik wezipesini meýletin terk edip, Nyýazowyň režimine garşy oppozisiýa geçdi we tä ömrüniň ahyryna çenli türkmen oppozisiýasyna baştutanlyk etdi. Ýöne öz wagtynda halk köpçüligi ony aýgytly goldap, öz hak-hukugy üçin aýaga galan bolsa, onda ol möhüm taryhy döwürde türkmen döwletine ýolbaşçylyk etmelidi. Sebäbi Abdy Kuly Gaýgysyz Atabaý, Şaja Batyr ýaly gerçekleriň göreldesi bilen ýetişen we ýaş türkmen döwletini ilkibaşdan dogry ugra gönükdirip biljek arassa ahlakly, arassa lebizli, ilhalar adamdy.
Ak Welsapar Şwesiýada ýaşaýan türkmen ýazyjysy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.