Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen telewideniýesi Gyrgyzystan barada dymýar


Şu günler Gyrgyzystandaky syýasy ýagdaýlar halkara jemgyýetçiliginiň üns merkezinde. Emma Türkmenistanda bu tema düýpden gozgalmaýar.

Türkmenistanyň milli radiosynda we telewideniýesinde, gazet-žurnallarynda hem internet neşirlerinde Gyrgyzystandaky syýasy öwrülişikler, oppozisiýanyň çykyşlary, iki gün bäri dowam edýän syýasy dartgynlylyk we protest aksiýalary barada hiç hili maglumat berilmeýär, bu barada aşgabatly žurnalist Aşyrguly Baýryýew habar berdi.

Aşyrguly Baýryýew Türkmenistanyň metbugatynda, umuman, halkara wakalar barada şu güne çenli çäkli maglumat berlip, köpçüligiň dykgatyna ýetirilýän informasiýanyň esasan ylmy-tehniki täzeliklere degişli bolýanlygyny belledi.

Emma Gyrgyzystanda bolup geçýän wakalar barada dymmak syýasaty diňe bir Türkmenistanyň habar beriş serişdelerine mahsus bolman, Gyrgyzystanyň ýakyn goňşysy Özbegistana hem degişli.

Diňe Türkmenistan däl

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugynyň žurnalisti Zamira Işanowanyň sözlerine görä, iki gün bäri Özbegistanyň döwlete garaşly hem özlerini hususy diýip atlandyrýan ýerli habar beriş serişdelerinde Gyrgyzytsan barada hiç hili habar berilmeýär.

Türkmenistandan tapawutlylykda Özbegistanyň habar beriş serişdelerinde halkara maglumatlar we täzelikler, adatça, has giň derejede berilýär. Emma Özbegistanda halkara täzelikleriň berilmeginiň öz aýratynlyklarynyň-da bardygyny Zamira Işanowa belledi.“Şu günler ýerli habar beriş serişdelerde gozgalýan halkara temalary Braziliýadaky suw joşgunyna ýa Taýlanddaky syýasy ýagdaýlara degişli boldy, emma gapdaldaky goňşy Gyrgyzystanyň syýasy özgerişlikleri we rewolýusion öwrülişikleri barada ýeke söz hem aýdylmady”.

Zamira Işanowa munuň sebäplerini ýurtdaky güçli senzuradyr özbek häkimiýetleriniň halk içinde ýurduň abadançylygy we rahatlygy barada pikir döretmek islegi bilen baglanyşdyrýar.

Täjigistanyň we Gazagystanyň habar beriş serişdelerinde Gyrgyzystandaky ýagdaýlar barada yzygiderli maglumat berilýär. Täjigistanyň habar beriş serişdelerinde giň görnüşde berilýän täzelikler bilen birlikde analizleriň hem bilermenleriň pikirleriniň giň görnüşde jemgyýetiň dykgatyna ýetirilýänligini täjigistanly žurnalistler aýdýarlar.

Şol bir wagtda-da Gazagystanyň habar serişdelerinde goňşy Gyrgyzystandaky syýasy ýagdaýlaryň esasy tema hökmünde berilmeýändigini, şeýle-de maglumatlarda bolýan wakalarda we çaknyşyklarda çekilýän adam pidalarynyň sanynda käbir nätakyklyklaryň goýberilýänligini Gazagystanyň käbir internet neşirleri belleýär.

Näme üçin?

Merkezi Aziýa boýunça bilermen, žurnalist Sanobar Şermatowa Gyrgyzystanda 2005-nji ýylyň mart aýynda syýasy öwrülişikler bolan döwründe-de Türkmenistan bilen Özbegistanda onuň habar berilmänligini aýdýar.

Onuň pikiriçe, bu sapar hem dowam edýän informasion dymyşlygyň düýp sebäbi Türkmenistanyň we Özbegistanyň habar serişdeleriniň ýurduň ýolbaşçylaryndan rugsatsyz Gyrgyzystandaky wakalar barada habar berip bilmeýänligindendir.

“Habar berilse, häkimiýetler muňa öz garaýşyny hem mälim etmeli bolarlar. Ýurtlaryň ýolbaşçylary bolsa muňa taýýar däl. Üstesine hem Aşgabatda hem-de Daşkentde häkimiýetler syýasy öwrülişikleri halamaýarlar we Gyrgyzystanyň göreldesiniň öz ýurtlaryna nusga bolmagyndan howatyrlanýarlar” diýip, S.Şermatowa belledi.

Emma onuň pikirine görä, Orsýetiň telewideniýesi doly görkezilýän Özbegistanda ilat köpçüligi üçin Türkmenistana garanda maglumat almak mümkinçilikleri has eleýterli.

Türkmenistan Gyrgyzystan barada maglumat berilmezligi bilen öz raýatlarynyň esasy azatlyklaryny, şol sanda hereket hem ykdysady azatlyklaryny çäklendirýär diýip, regional bilermen aýtdy we Gyrgyzystandaky ýagdaýlaryň, hususan-da bu ýerde okaýan türkmen studentleriniň ykbalyna täsir ýetirýänligini belledi.

Şu günler halkara jemgyýetçiliginiň üns merkezinde bolan Gyrgyzystan we ol ýurtda bolup geçýän ýagdaýlar barada maglumat bermek meselesi bilen baglylykda Türkmenistanyň ýerli habar serişdelerinden maglumat alyp bolmady.
XS
SM
MD
LG