Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Suw damjasy – altyn dänesi”


Apreliň ilkinji ýekşenbesi – Türkmenistanda suw baýramy bellendi. Şol gün Türkmenistan “Suw damjasy – altyn dänesi” atly baýramçylyk geçirdi.

Şeýle baýramçylyk Nyýazow döwründe başlansa-da, türkmen halkynyň akar suwa goýýan gadyr-gymmady ir zamanlardan mälimdir. Türkmenler “Suw damjasy – zer dänesi” diýen nakyly döredipdir. Şu nakyldan çen tutsaň, biziň ýurdumyzda suwdan gymmatly zat ýok. Bu gün onuň mugt boldugy suwuň gadyrynyň gaçandygyny aňlatmaýar. Ýene türkmenler aýdýarlar: «Suwly ýer – gül, suwsuz ýer – çöl».

Türkmen halk nakyllarynyň soňky çykan bir tomlugynda suw bilen baglanyşykly 50 çemesi nakyl ýerleşdirilipdir.

Suw bilen baglanyşykly bizde dürli sanawaçlar hem rowaýatlar bar.
Beýik Magtymguly Hak Tagalladan ýagmyr diläp, şeýle nalyş edýär.

Seniň dek Kadyrdan dileg dilärin,
Rehm eýleýip, ýagmyr ýagdyr, Soltanym!
Garybam, gamgynam, nalyş eýlärin,
Rehm eýleýip, ýagmyr ýagdyr, Soltanym!

Bilbiller mest bolsun, älem aýylsyn,
Gaýgylar dep bolsun, gamlar sowulsyn.
Nowşirwan wagty dekjahan ýaýylsyn,
Rehm eýleýip, ýagmyr ýagdyr, Soltanym!


Soňky döwürde belli söz ussatlary Berdi Kerbabaýew, Hydyr Derýaýew, Gara Seýitli, Halyl Kuly hem beýlekiler akar suw hem onuň zeruryýeti barada ençeme çeper eser ýazdylar.

Suw meselesi türkmen saz sungatynda hem giňden ýaýbaňlandy. Iri eserlerden “Ganly saka” operasy, “Teşneligiň gandyrylyşy’ baleti döredi. Ol şekillendiriş sungatynyň hem esasy temalaryndan biri boldy. Şu temadan, has takygy Garagum kanalynyň gurluşy barada çeper film surata düşürildi. Sebäbi suw biziň durmuşymyzyň aýrylmaz bölegi. Ol dirilik çeşmesi. Şonuň üçin suw baradaky baýram diriligiň hem ýaşaýşyň baýramydyr. Ol gözellik baýramydyr.

“Ýöne şeýle baýram belli bir maksada eýerse gowy bolar. “Suw damjasy – altyn dänesi” baýramçylygyny geçirmekden takyk maksat bolmaly” diýip bir diňleýjimiz ýazýar. Ol ýene şeýle dowam edýär: “Soňky ýarym asyrda biziň regionymyz suwy ýerliksiz sarp edip, agyr ekologiki heläkçilik bilen ýüzbe-ýüz boldy. Agyz suwunyň zaýalanmagy adamlaryň saglygyna ýaramaz täsir etdi. Häzirki döwürde Türkmenistanda zäherli suwlary bir ýere ýygnamak barada iş alnyp barylýar. Suw damjasynyň diňe altyn dänesi bolman, käte zähere öwrülýändigini hem ýatlamak gerek”.
XS
SM
MD
LG