Penşenbe güni orsýetli ynsan hukuklaryny goraýjy weteran aktiwist Lýudmila Alekseýewa özüne garşy çarşenbe güni ýörite planlaşdyrylan hüjüm gurnaldy diýip, güman edýändigini aýtdy.
82 ýaşly Lýudmila Alekseýewa düýn Moskwanyň «Park kultury» metrostansiýasynda partlamanyň pidasy bolan adamlaryň hormatyna gül goýup, habar serişdelerine interwýu beripdi. Şol interwýunyň yzýany bilenem, bir näbelli adam onuň kellesine urupdy.
Orsýetiň habar serişdeleri Lýudmila Alekseýewanyň kellesine uran ol adamyň milisiýa tarapyndan tussag astyna alnandygyny habar berdiler.
Sowet häkimiýeti ýyllaryndan bäri ynsan hukuklaryny goramak ugrundaky aktiw işleri bilen tanalýan Lýudmila Alekseýewa Orsýetiň häzirki häkimiýetleriniň syýasatynyň hem opponentlerinden biri hökmünde tanalýar.