Azatlyk Radiosynyň Germaniýadaky habarçysy Taher Şir Mohammadi “Nabukko” proýektiniň başlygy Reinhard Mitschek bilen bu hakda interwýu geçirdi.
Azatlyk Radiosy: Türkmenistan öz gazyny häzir Hytaýa, Orsýete hem-de Eýrana akdyrýar. “Nabukko” üçin ondan bir zat galýarmy?
Reinhard Mitschek: Türkmenistan gaza baý ýurt we onyň gaz resurslaryny Gaffney, Cline & Associates ýaly halkara garaşsyz kompaniýa tassyklady. Biz “Türkmenistan öz gazyny Orsýete, Eýrana, Hytaýa hem-de Ýewropa akdyrar” diýip, proýekt başlaly bäri aýdyp gelýäris.
Meniň pikirimçe, Türkmenistan üçin öz gazyny Ýewropa satmak has möhüm, sebäbi ol öz gazyny dürli ýollar arkaly eksport etmek isleýär. Ýewropada hem dürli çeşmelerden gaz satyn almagy isleýärler. Merkezi Aziýa üçin Ýewropa bazary örän möhüm bazar hasaplanylýar.
Azatlyk Radiosy: Türkmen gazy siziň proýektiňizde nähili orny eýeleýär we türkmen häkimiýetleriniň siziň proýektiňiz bilen hyzmatdaşlygy nähili?
Reinhard Mitschek: Aşgabatda we Bakuwda geçirilen Halkara duşuşyklary hem-de sergileri yzarlan bolsaňyz, daşary ýurtly iri şirketleri muňa köp gatnaşýarlar we bu şirketler öz önümlerni hem sergilere köp hödürleýärler.
Bu duşuşyklarda türkmen prezidenti hem-de Türkmenistanyň beýleki resmileri gepleşikleriň giň göwrümli alnyp barylmagy üçin gowy we pozitiw garaýyşlarynyň bardygyny beýan edýärler. “Nabukko” gatnaşýan Germanýanyň RWE hem-de Awstriýanyň OMW şirketleri Türkmenistan bilen gepleşikleri geçirýärler. Türkemenistan tarapyndan gowy we pozitiw signallar bar.
Azatlyk Radiosy: Dunýäde iň uzak gaz geçirijisi Türkmenistandan Hytaýa çekildi. “Nabukko” barada bolsa entegem Ýewropada köp diskussiýalar dowam edýär. Munuň sebäpleri näme?
Reinhard Mitschek: Ýewropada tehniki hem-de hukuk meselesi öňünden taýýarlyk görulmelidi. “Nabukko” proýekti başlanda Ýewropa Bileleşiginde Wengriýa, Rumyniýa we Bolgariýa ýaly ýurtlar Bileleşige agza däldiler.
Şeýle-de, Ýewropa bilen Türkiýäniň aralygynda ilkinji gezek bular ýaly uzak gazgeçiriji gurulýar. Bu işde hukuk meseleleri kesgitlenmelidi hem-de maliýa meselesini çözmek üçin wagt gerek bolupdy. Biz täze ýollary agtaryp, täze gazgeçiriji arkaly hem-de täze gaz ýataklaryndan gaz akdyrmagy niýetlendik. Muňa wagt gerek bolýar. Ýöne işler plan boýunça dowam edýär.
Azatlyk Radiosy: “Nabukko” proýektine garşy nähili päsgelçilikler bar we siziň gelejekki planlaryňyz haýsylar?
Reinhard Mitschek: 2010-njy ýyl “Nabukko” proýekti üçin örän möhüm hasaplanýar. Tehniki taýýarlyklara başlaýarys. Tebigaty goramak boýunça hem proýektiň ýerine ýetiriljek ýurtlarynda barlak işlerimizi başlaýarys. Biz bu ýurtlarda jogapkär ministrlikler hem-de hökumete garaşsyz guramalar bilen gepleşiklere eýýäm başladyk. Turbalaryň guruljak ýerleri barada hem gepleşikler dowam edýär we turbalaryň gurulmagyna taýýarlyk görýäris.
Biz transport mümkinçiliklerimizi mälim ederis hem-de onyň bahalaryny kesgitläris. Maliýe meselesi hem 2010-njy ýylda çözüler diýip garaşýarys. Biz 2011-nji ýylda turbalary gurup başlarys. 2014-nji ýylda bolsa Ýewropa gaz akdyrylar.
Azatlyk Radiosy: Hazar deňziniň statusy entegem çözülmän gelýär. Bu “Nabukko” proýektine päsgelçilik döredip bilermi?
Reinhard Mitschek: Bu mesele “Nabukko” üçin kynçylyk döretmeýär. Türkmen gazynyň Azerbaýjanyň üsti bilen akdyrylmagyna tehniki taýdan ähli mümkinçilikler bar. “Nabukko” gatnaşýan RWE şirketi hem Türkmenistanda hem-de Azerbaýjanda iş alyp barýar we deňziň status meselesi biziň işlerimizde päsgelçilik doretmeýär.
Azatlyk Radiosy: Türkmenistan barada golaýda Awstriýanyň paýtagty Wenada duşuşyk geçirildi. Ony "Eurasian Transition Group" Halkara Adam hukuklaryny goraýjy gurama gurnady. “Nabukko” hem muňa gatnaşdy. Adam hukuklary meselesi siz üçin näderejede möhüm?
Reinhard Mitschek: “Nabukko” hem beýleki gunbatar kompaniýalary ýaly bir şirketdir. Biziň maksadymyz ykdysady üstünlikleri gazanmak. Adam hukuklary, tebigaty goramak hem-de syýasy meseleler hem biziň proýektimiz üçin möhüm hasaplanýar.
Wenadaky duşuşyga “Nabukko” tarapyndan jenap Dolezal gatnaşdy, sebäbi bu Konferensiýanyň temasy gaz eksporty we “Nabukko”. Biz bu duşuşykda infrastruktura we energiýa temasy barada gürrüň etdik. “Nabukko” şirketi bu ýurtlaryň içerki sosial we syýasy meselelerine goşulmaýar, bu biziň maksadymyza laýyk gelmeýär.