Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe Eýran üçin nusga bolup bilermi?


Türkiýäniň prezidenti Abdylla Gül (çepde) we Eýranyň prezidenti Mahmut Ahmedinejad, Tähran, 10-njy mart, 2009-njy ýyl.
Türkiýäniň prezidenti Abdylla Gül (çepde) we Eýranyň prezidenti Mahmut Ahmedinejad, Tähran, 10-njy mart, 2009-njy ýyl.
"Türkiýe gaty gowy. Eýrandan birki hepde çykanyňda özüňi erkin duýýarsyň" diýip, geçen 20 ýyllykda ençeme gezek Türkiýä gelip-giden 40 ýaşly eýranly Kaweh aýdýar.

Men Kawehden: “Adalat we Galkynyş” partiýasy häkimiýet başyna geleli aradan geçen sekiz ýyllykda bolan bir üýtgeşme gözüňe ilýärmi?” diýip soradym.

“Yslam egin-eşikli aýallar köpelipdir, alkogolly içgi ýok restoranlar hem şeýle. Ýöne bu zatlar meni biynjalyk edenok. Olar gelip, seni özleri ýaly pikir etmäge, özleri ýaly ýaşamaga mejbur etmesler bolýar” diýip, Kaweh jogap berdi.

Onuň aýaly Şehnem hem: “Türkiýede indi ähli zat gowulanypdyr. Nähili-de bolsa, biz musulman, günbatarly däl” diýip, adamsynyň sözüniň üstüni ýetirdi.

75 ýyl mundan ozal, 1923-nji ýylda Türkiýe Respublikasy gurlaly bäri Türkiýe özüniň türk kimligini gorap saklamak bilen birlikde günbatar älemi bilen ysnyşykly gatnaşyklara synanyşyp geldi. Strategiýanyň bir bölegi hem ençeme asyry arka atan köne Osmanly imperiýasyndan arany açmakdy.

Türkiýe 1952-nji ýylda NATO goşuldy. Ençeme ýyl bäri hem Ýewropa Bileleşigine girmek barada tagalla edip gleýär. Ýöne ýurduň ýakyn goňşulary Eýran, Siriýa we Yrak ýaly ýurtlar bilen gatnaşyk ileri tutulyp ýörülmedi.

Esasy oýunçy

"Adalat we Galkynyş" partiýasy 2002-de häkimiýet başyna gelensoň, Ankara Günbatar bilen oňat gatnaşyklaryny saklap, şol bir wagtyň özünde-de ähli goňşulary bilen gatnaşyklaryny gowulandyrmaga başlady. Muňa Günbatarda Türkiýe ýaranlyklaryny Yslam älemine tarap süýşürýär diýip düşünenler-de boldy.

“Ekstremistik, teokratik režimiň golastynda ýaşamagyň nämedigini türkleriň aglabasy bilenoklar” diýip, ýaňy Eýrandan Türkiýä gaçyp gelen žurnalist Ahmed aýdýar. Ol: “Men "Adalat we Galkynyş" partiýasynyň girizýän özgerişleriniň ahyrsoňy Eýran režiminiň türk görnüşine alyp gelmeginden gorkýaryn” diýýär.

Töwrizli tanyşym Fariborzyň aýtmagyna görä bolsa, ýagdaý munuň edil tersi. “Adalat we Galkynyş partiýasynyň adamlary musulman, ýöne yslamçy ekstremistler däl. Olar hökümet edaralaryna, beýleki guramalara öz adamlaryny ýerleşdirýärler. Ýöne olaryň Türkiýäniň tutuş syýasy sistemasyny üýtgetjek bolýandygy hakda subutnama ýok”.

Fariborzyň garaýşyça, Türkiýäniň Eýran üçin bir görelde bolmagy mümkin.

“Günbatara birje ädim”

Fariborz “Eýranlylar Türkiýäniň geçen 20 ýyllykda eden ykdysady ösüşine, onuň demokratik parlamentar sistemasyna, media erkinligine guwanýarlar. Käbir kemçilikler sebäpli Günbataryň Türkiýäni tankytlamagy mümkin. Eýranlylar üçin bolsa, bu ýurduň Günbatar bilen aralygy diňe birje ädim” diýýär.

Ankara soňky ýyllarda Eýran bilen gatnaşyklaryny gowulandyrmak ugrunda köp iş etdi. Türkiýe eýranlylardan wiza soramaýan az sanly ýurtlaryň biri bolansoň, ýylda bir milliondan ýokary eýranly Türkiýä gelip gidýär. Mundan daşgary hem türk uniwersitetlerinde 10 müňlerçe eýranly okaýar.

“Türkiýe bilen gatnaşyk ilkinji nobatda eýranlylar üçin gowy. Olar gelip, Stambulyň gözelliklerini, syýasy partiýalary, saýlawlary, mediany görýärler. Musulman bolmak erkinlik gerek däl diýildigi däl” diýip, Kaweh bu zatlardan oňyn netije çykarýar.

Abbas Jawadi Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Gepleşikler bölüminiň başlygynyň kömekçisi. Şu kommentariýada öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG