Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Duşenbede türkmen-täjik gepleşikleri geçirildi


Berdimuhamedow bilen Rahmon Duşenbede duşuşdy, 18-nji mart, 2010-njy ýyl.
Berdimuhamedow bilen Rahmon Duşenbede duşuşdy, 18-nji mart, 2010-njy ýyl.

18-nji martda Türkmenistanyň prezidentiniň Täjigistana resmi sapary başlandy. Bu Gurbanguly Berdimuhamedowyň prezidentlik wezipesinde Täjigistana edýän ikinji resmi saparydyr.

Türkmenistanyň goňşy döwletler, şol sanda Täjigistan bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryny giňeltmäge uly ähmiýet berýänligi türkmen metbugatynda bellenilýär we Türkmenistanyň prezidentiniň Duşenbä häzirki sapary netijesinde iki döwletiň birek-birege tarap täze hem möhüm pozitiw ädimleriniň ädilmegine garaşylýanlygy aýdylýar.

Täjigistanyň habar beriş serişdeleriniň ýazmagyna görä, Türkmenistanyň we Täjigistanyň döwlet baştutanlarynyň 18-nji martda Duşenbede geçiren gepleşiklerinde ýurtlaryň arasynda köp ugurly hyzmatdaşlyk meselesi maslahat edilip, regiondaky ýagdaýa baha berildi.

Gepleşikleriň yz ýany eden çykyşynda Täjistanyň prezidenti Imomali Rahmon gepleşikleriň netijeli bolanlygyny we ýurtlaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlary boýunça heniz ulanylmadyk mümkinçiliklerden peýdalanmak kararyna gelnenligini, ilkinji nobatda-da munuň söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga degişlidigini aýtdy.

Täjigistanyň prezidentiniň sözlerine görä, döwletler transport, söwda gatnawy, ýurtlaryň raýatlarynyň özara saparlary, nebit-gaz ýataklarynyň özleşdirilmegi, elektro-energetika, gaz tranziti, senagat, ilatyň iş bilen üpjünçiligi we migrasiýa meselesi boýunça gatnaşyklarynyň kanuny bazasyny giňeltmegiň hem kämilleşdirmegiň üstünde işleşmekçi.

Preindeti G.Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Täjigistanyň Merkezi Aziýada howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek ugrunda şeýle hem regional hyzmatdaşlyk ugrunda aktiw gatnaşyk alyp barýanlygyny belledi.

Täjigistan Türkmenistandan nämä garaşýar?

Täjigistanly syýasy bilermen Kasim Bekmuhammediň sözlerine görä, Türkmenistanyň sosial-ykdysady ýardamy, gumanitar goldawy, Täjigistanda graždan urşy bolan döwründe täjik bosgunlaryna başpena bermegi, şeýle-de gazaply gyşyň dowamynda Täjigistanyň ýüzbe-ýüz bolan güçli energiýa krizisinde energiýa kömegi bilen bagly ädimlerine Tajigistanda uly ähmiýet berilýär.

Kasim Bekmuhammet Türkmenistanyň Tajigistan üçin region boýunça möhüm strategik hyzmatdaş bolup durýanlygyny belledi. Täjigistanly bilermeniň pikirine görä, Täjigistanda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly umyt baglanylýar. “Ilkinji nobatda sowda-ykdysady gatanşyklaryň ösmegine garaşýarlar. Häzirki wagtda Täjigistanyň Türkmenistan bilen haryt dolanyşygynyň 95 %-i importdan ybarat. Täjigistan bolsa öz oba hojalyk önümlerini we ýeňil senagat önümlerini Türkmenistanyň bazaryna çykarmak isleýär”.

Ýurtlaryň hökümetara komissiýasynyň has aktiw işläp başlamagyna hem garaşylýar. Täjigistanly bilermeniň pikirine görä, Duşenbede regional suw we energiýa meselesinde Aşgabadyň Täjigistana goldaw berilmegine aýratyn umyt baglanylýar.

Regionyň suw we energiýa meselesi

Häzirki wagtda Täjigistanyň gidro-elektrostansiýalaryny, şol sanda “Rogun” elektrostansiýasyny gurmak arkaly öz energiýa üpjünçiligini we energiýa howpsuzlygyny berjaý etmäge çalyşýanlygyny Kasim Bekmuhammet belledi.

Duşenbäniň bu ugurdaky tagallalary muňa garşy çykyş edýän goňşy Özbegistan bilen gatnaşyklarynda dartgynlylygyň güýçlenmegine sebäp bolýar.

Moskwadaky GDA institutynyň Merkezi Aziýa boýunça bölüminiň müdiri Andreý Grozin suw we elektroenergiýa meseleleriniň şu günki gün regionyň döwletleriniň arasynda aktiw maslahat edilýän meseleleriň biri bolup durýanlygyny belledi.

Andreý Groziniň sözlerine görä, Merkezi Aziýa döwletleriniň ýolbaşçylarynyň hem resmi, hem-de ikiçäk gepleşikleriniň üns merkezindäki temalaryň arasynda howpsuzlyga, ykdysady hyzmatdaşlyga we dünýäniň iri syýasy güýçleri, ýagny Birleşen Ştatlara, Orsýet we Hytaý bilen gatnaşyklara degişli meselelere hem garalýar.

Türkmenstnyň Tajistan bilen diplomatik gatanaşyklary 1993-nji ýylda ýola goýuldy. G.Berdimuhamedowyň 2007-nji ýylyň oktýabr aýynda Täjigistana eden saparynyň netijesinde, hususan-da, “Dostluk we hyzmatdaşlyk boýunça ylalaşyga” gol çekilipdi.

Türkmenistanyň inisiatiwasy bilen iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara komissiýa işleýär. 2009-njy ýylda ýurtlaryň özara haryt-dolanyşygy 64 million dollardan ybarat boldy. Täjigistanyň ýokary okuw jaýlarynda 600-e golaý türkmenistanly student okaýar, olardan 13 adam hökümet kwotasy boýunça bilim alýar.
XS
SM
MD
LG