Azatlyk Radiosyndan Muhammad Tahir bu mesele bilen gyzyklanyp, Yrakly türkmenleriň iň uly syýasy partiýalaryndan biri bolan “Yrak türkmen frontunyň” halkara gatnaşyklar bölüminiň ýolbaşçysy Dr. Hijran Kazanji bilen söhbetdeş boldy.
Azatlyk Radiosy: Yrakly türkmenleriň bu saylawlara taýýarlanyşy we hödürlän kandidatlary barada bize dolurak maglumat beräýseňiz?
Dr.Hijran Kazanji: Yragyň öňki prezidenti Saddam Hüseýniň 2003-nji ýylda häkimiýet başyndan çetleşdirilmeginden soňra, türkmenlere demokratik ýagdaýlarda ýaşamaga mümkinçilik döredi. Bu Yrakda geçirilen üçünji ses berişlikdir. Häzirki döwürde Yrakda demokratiýa assa-ýuwaşdan ornaşyp başlady. Bu saýlawlarda ilkinji gezek açyk sanaw esasynda ses berişligiň geçirilmegi gaty uly ädim boldy.
Yrakda hiç bir partiýanyň özbaşyna häkimiýeti eýelärlik derejede ses alyp bilmejegi üçin dürli koalisiýalar döredildi. “Yrak türkmen fronty” hökmünde biz hem olardan biri bolan “El-Yrakiýýe” bileleşigine goşuldyk. “El-Yrakiýýe” Yrakda Türkmen ili regiony bolan Kerkuk, Mosul, we Salahetdin ýaly şäherlerde iň täsirli koalisiýalardan biridir. Şonuň üçin bu bileleşigiň hatarynda saýlawlara gatnaşmagy makul bildik.
Ses berişligiň deslapky netijelerine görä, bu koalisiýa iň öňde barýan toparlardan biridir. Bu hem biziň islän derejämize ýetjekdigimizi umyt etmäge esas döredýär.
Azatlyk Radiosy: Siz nähili netije gazanmagy umyt edýärsiňiz?
Dr.Hijran Kazanji: Elbetde, umydymyz parlamente girmegi başaran türkmenleriň sanynyň mümkin boldugyça köpräk bolmagydyr. Ses berişligiň doly netijesi yglan edilmedi, emma deslapky netijelere görä, biziň alty kandidatymyzyň saýlawlarda ýeňiş gazanjakdygyny aýtmaga esas bar.
Eger saýlanan kandidatlarymyzyň sany ýedä ýa sekize ýetse, elbetde, bu gowy netije gazandygymyz bolar.
Azatlyk Radiosy: “Yrak türkmen fronty” tarapyndan bu saýlawlara näçe kandidat hödürlendi, olaryň anyk sany we öz kandidaturalaryny hödürlän regionlary barada maglumat berip biljekmi?
Dr.Hijran Kazanji: Kerkukdan iki, Mosuldan üç we Salahatdinden hödürlenen kandidatlarymyzyň sany bir, biz şu kandidatlaryň parlamente girmegi başarjakdygyny çak edýäris. Bu saýlawlara gatnaşýan kandidatlarymyzyň jemi sany bolsa 18 adam.
Suleýmaniýa ýaly regionynlardan hödürlenen kandidatlarymyzyň ýeňiş gazanjakdygyny aýtmak kyn, sebäbi şol regionyň şertleri, şol sanda ses berişligiň o diýen adalatly geçirilmezligi biziň ýagdaýymyzy hasam kynlaşdyrýar.
Azatlyk Radiosy: Bu saýlawlarda “Türkmen frontundan” başga-da türkmenlere wekiliçilik edýän partiýalar bar, şeýle dälmi?
Dr.Hijran Kazanji: Umuman aýdylanda, türkmenler dört esasy koalisiýanyň hatarynda saýlawlara gatnaşdylar. Biziň toparymyz “El-Yrakiýýe” we beýleki bir topar bolsa premýer-ministr Al-Malikiniň ýolbaşçylygyndaky bileleşige goşuldy. Şaýylaryň bileleşigine we sünnüleriň köpçülikdäki toparlaryna-da goşulanlar boldy.
Emma saýlawlaryň deslapky netijelerine görä, “Türkmen frontundan” beýleki türkmen partiýalaryň bu saýlawlardan öz garaşýan netijelerini alyp bilmejegini aýtmaga esas bar.
Azatlyk Radiosy: Siziň partiýaňyzyň kandidatlary bilen beýleki türkmen partiýalaryna wekilçilik edýän kandidatlaryň arasynda-da ýaryş bolandyr, bu Yrakly türkmenleriň sesleriniň bölünmegine sebäp bolmadymy?
Dr.Hijran Kazanji: Elbetde, diňe Kerkukdan öz kandidaturasyny hödürlän türkmen kandidatlarynyň jemi sany 36. Bu, elbetde, türkmenleriň sesleriniň bölünmegine sebäp boldy.
Bu diňe türkmenlere mahsus mesele däl, ähli partiýalarda-da şeýle bölünişikler boldy. Bu sunnülerde-de şeýle boldy, şunlukda, olaryň tarapdarlarynyň hem sesleri bölündi. Emma Yragyň bir hakykaty bar, mundan öňki saýlawlarda halk etniki toparlar hökmünde saýlawlara gatnaşan bolsa, häzirki ses berişlikde ilat kim ýurda köpräk hyzmat eder öýtseler, şolara ses berdiler.
Azatlyk Radiosy: Jenap dr. Kazanji, saýlawlara türkmenler hökmünde diňe bir bilelşik ýa koalisiýa hökmünde gatnaşmaga mümkinçilik bolmadymy, bu barada tagalla etdiňizmi?
Dr.Hijran Kazanji: Elbetde, bu barada tagalla etdik, emma käbir syýasy bileleşikler we koalisiýalar muňa belli derejede päsgelçilik döretdiler. Sebäbi her topar öz talaplaryny birinji planda goýdy. Olaryň beýleki bileleşikleriň hatarynda saýlawlara gatnaşmagyna garamazdan esasy meselede biz pikirdeş, meselem, biziň hiç birimiz Kerkugyň haýsydyr bir federasiýa goşulmagyny islemeýäris.
Türkmen diliniň Yrakda resmi dilleriň hataryna girizilmegi meselesinde-de biziň hemämiz pikirdeş, yagny biziň ählimiz esasy temalara deň nukdaýnazardan çemeleşýäris. Emma käbir kiçi meselelerde, elbetde, her adamyň garaýyşy tapawutly, bu hem demokratiýanyň esasy özenlerinden biridir.
Azatlyk Radiosy: Kerkugyň statusy baradaky mesele uzak wagtdan bäri gürrüň edilýän bir tema, käbirleri munuň kürtler tarapyndan dolandyrylýan federatiw regiona goşulmagyny goldap çykyş edýärler, siziň bu baradaky garaýşyňyz nähili?
Dr.Hijran Kazanji: Yragyň parlamenti tarapyndan tassyklanan esasy kanunyň täze görnüşiniň 140-njy maddasynda Kerkugyň statusy baradaky oňşuksyzlygyň üç tapgyrdan ybarat tagalla esasynda çözülmelidigi aýdylýar.
Bu tapgyrlar şeýle. Ilki bilen regiony durnuklylaşdyrmak, ýagny Kerkukda kadaly ýagdaýy ornaşdyrmak, ondan soňra ilat sanawyny geçirmek we onuň yzy bilen hem Kerkugyň statusy barada referendum geçirmek.
Regiony kadalaşdyrmak diýlen madda Kerkukda mal-emlägiň we jaýdyr-ýerleriň eýeçilgi baradaky jedelli problemalary çözmegi göz öňünde tutýar. Emma häzirki döwürde kerkuk administrasiýasynda jeddelli ýerlerdir jaýlar bilen baglanyşykyly 10 000 töweregi iş papkasy bar. Olardan häzirlikçe diňe 2 %-i çözüldi.
Şeýle dartgynly problemalar çözülýänçä ilat sanawy-da geçirilip bilinmez we ilat sanawy geçirilmedik halatynda referendumyň hem geçirilmegi mümkin däl. Eger şeýle ýagdaýda ses berişlik geçiriläýse, bu ýalnyş netije bilen tamamlanar. Aýtjak bolýan zadym, Kerkuk baradaky problema syýasy meseledir.
Şunlukda Kerkugyň ýaşaýjylary, meselem, türkmenler, araplar we kürtler ýygnanyşyp, “regionyň häkimiýetini nähili dolandyrmaly” diýlen meselede özleri ylalaşyga gelmeli, onuň başga çözgüdi ýok.
Eger Kerkuk ol regiona ýa bu regiona garaşly edilmäge synanşylsa, bu şol töwerekde ýaşaýan etniki toparlaryň arasynda ylalaşmazlyga we dartgynlylyga ýol açar. Bu problemanyň şeýle aňsat çözgüdi barka, biz näme üçin durnuksyzlyga sebäp boljak ädimler ätmeli, ählimiz oturyp, maslahatlaşyp, bu meselä çözgüt tapmaly.
Yrakda geçirilen bu saýlawlaryň netijesinde täze hökümet iş başyna geçse, Kerkuk baradaky meselä hem çözgüt tapmaga synanşyljakdygyna umyt edýärin. Sebäbi Yrakda demokratiýa haýal hem bolsa, ornaşyp başlady, şunlukda syýasy liderlerimiz syýasy problemalaryň syýasy ýollar arkaly çözülmelidigine ynanyp başladylar.
Men 2005-nji ýylda saýlanan hökümet bilen 2010-njy ýylda hökümet başyna geçjek häkimiýetiň we bu hökümetde geňeşiljek temalaryň tapawutly boljakdygyna ynanýaryn. Sebäbi Yragyň ilaty dialogy, problemalary we ylalaşmazlyklary gepleşikler arkaly çözmegi öwrenip başlady. Bu hem öz nobatynda gaty oňyn ösüşdir.
Azatlyk Radiosy: Kerkugyň geljekki statusy baradaky mesele bilen bagly siziň pozisiýaňyz şeýleräk ýaly. Meselem, Kerkuk ozaly bilen-ä Kürdüstan atly federatiw regiona goşulmaly däl we Kerkuga ýörite status berilmeli, eger ýörite status berilmejek bolsa, onda ol Yragyň merkezi hökümetine garaşly edilmeli, şeýlemi?
Dr.Hijran Kazanji: Hawa. Eger Kerkugyň kürt regionyna garaşly edilmegi barada gürrüň etsek. Serediň, bärde diňe kürtler ýaşanok. Eger bu mesele barada Erbili mysal hökmünde alsak, 1994-nji ýyldaky Erbil bilen häzirki Erbili deňeşdirip görüň.
Dogry, Erbilde abadançylyk işleri amala aşyrylýar we belli bir derejede durnuklylyk hem ornaşdyryldy, emma türkmenleriň milli hak-hukuklary elinden alyndy.
Demirgazyk Yragyň demografik ýagdaýyna seredeniňizde, kürtler, elbetde, birinji orunda dur. İkinji uly topar türkmenlerdir. Bir regionyň ikinji uly etniki toparyny emele getirýän türkmenleriň syýasy, medeni we beýleki hak-hukuklary elinden alnan bolsa, Kerkuk kürtleriň regionyna goşulan ýagdaýnda bu şäherde hem şol problemalar gaýtalanar.
Şonuň üçin Kerkugyň ilaty şeýle çözgüde garşy. Olar Kerkugyň ýörite statusa eýe bolmagyny, eger beýle çözgüt mümkin bolmasa, onda onuň Bagdada garaşly bolup galmagyny isleýärler.
Bu diňe türkmenleriň däl, Kerkugyň ähli ýaşaýjylarynyň, şol sanda araplaryň we kürtleriňem talabydyr.