Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Döwletiň halkara borçlaryny berjaý edişi maslahatlaşyldy


27-nji fewralda Türkmenistanyň halkara borçlaryny ýerine ýetirmegini üpjün etmek boýunça pudagara komissiýanyň nobatdaky maslahaty geçirildi. 2007-nji ýylda döredilen bu komissiýanyň esasy maksatlaryna Türkmenistanyň adam hukuklaryna degişli halkara borçlaryny berjaý edişi boýunça milli hasabatlary taýýarlamak wezipesi hem girýär.

Türkmenistanyň halkara borçlaryny ýerine ýetirmegini üpjün etmek boýunça komissiýanyň 27-nji fewralda geçirilen nobatdaky maslahatynda komissiýanyň geçen ýyl bitiren işlerine syn edilip, indi edilmeli işleri kesgitlendi.

Türkmenistanyň prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we Adam hukuklary boýunça institutynyň jaýynda geçirilen çärä, Mejlisiň, ministrlikleriň we edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Resmi maglumatlara görä, maslahatda Komissiýa tarapyndan geçen ýylda Türkmenistanyň kanunçylyk binýadynyň berkidilmegine, raýatlaryň syýasy, ykdysady, sosial we beýleki hukuklarynyň ýerine ýetirilmeginiň üpjün edilmegine gönükdirilen çäreler toplumynyň amala aşyrylanlygy mälim edildi.

Soňky ýylyň dowamynda Türkmenistanda täze kanunlaryň kabul edilmegi bilen bilelikde ençeme kanunlara düzedişler hem girizildi. Jemgyýetiň sosial, ykdysady durmuşyna degişli kanunlardan daşgary ýurduň kanuny goraýyş ugruna degişli kanunlaryna hem gaýtadan garaldy. Şol sanda “Jeneýat kodeksine”, “Operatiw derňew çärelerine” we prokuratura degişli kanunlara üýtgetmeler girizildi.

Ýurduň milli kanunlaryny halkara kadalaryna laýyk getirmek boýunça halkara maslahatlar we türgenleşikler Aşgabatda yzygiderli alnyp barylýar.

Raýatlaryň hukuklarynyň berjaý edilişinde öňki-öňkülik

Halkara synçylary Türkmenistanda soňky ýyllarda raýatlaryň hatda esasy hak-hukuklarynyň berjaý edilişinde-de hiç hili öňegidişlikleriň bolmanlygyny belleýärler.

Žurnalistleri goraýjy “Serhetsiz Reportýorlar” guramasyndan Elsa Widal Türkmenistanyň prezidentiniň köp edýän beýannamalaryna garamazdan, ýurtda azat metbugatyň ýokdugyny, syýasy tussaglygyň dowam edýänligini, hereket azatlygynyň çäklendirilýänligini, raýatlaryň howpsuzlyk gulluklaryň gözegçiligi astynda galýanlygyny belledi.

Halkara kanunlaryny ýerine ýetirmegi Türkmenistanyň BMG-ä agza bolanda hem Bitaraplyk statusy halkara derejesinde ykrar edilende öz üstüne alan borçlarynyň talap edýänligini ýurist Timur Misrihanow belledi. Emma ol Türkmenistanyň soňky wagtda milli kanunlaryny kämilleşdirmek we halkara borçlaryny ýerine ýetirmek meselesine ünsi artdyrmagynyň sebäbini ýurda edilýän daşarky basyşlar bilen baglanyşdyrýar.

Timur Misrihanowyň pikirine görä, halkara stukturalarynyň barha güýçlenýän basyşy, ilkinji nobatda-da Türkmenistany yzygiderli tankyt edip gelýän jemgyýetçilik guramalarynyň basyşlary muňa sebäp bolýar. “Öz nobatynda Türkmenistan hem şu günki gün kanunlarynyň halkara kadalaryna gabat gelýänligini görkezmek isleýär, bu bolsa Türkmenistanyň häzirki ýolbaşçysynyň halkara jemgyýetiçiliginiň öňünde özüni reformaçy edip görkezmek islegine bagly”.

Komissiýanyň öňünde goýlan maksatlar

Türkmenistnyň halkara borçlaryny ýerine ýetirmegini üpjün etmek boýunça Komissiýanyň öňünde duran esasy maksatlara Türkmenistanyň ynsan hukuklaryna degişli halkara borçlaryny berjaý edişi boýunça milli hasabatlaryny taýýarlamak wezipesi hem girýär.

27-nji fewralda geçirilen maslahatda Türkmenistanyň halkara borçlaryndan ugur alýan we jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlaryna degişi döwlet syýasatyny kesgitleýän kanunlaryň kämilleşdirilmegi we täze kanun proýektleriniň düzülmegi boýunça tekliplere garalyp, olaryň makullananlygy resmi maglumatlarda aýdyldy.

Ýurist Timur Misrihanow Türkmenistanyň milli kanunlaryny halkara borçlaryna gabat getirmek boýunça tagallalary diňe kagyz ýüzünde galýan çäre diýip atlandyrýar.

Türkmenistanyň halkara borçlaryny ýerine ýetirmegini üpjün etmek boýunça komissiýa bilen bilelikde döredilen edaralara, şol sanda raýatlaryň kanuny goraýjy edaralaryň işinden şikaýatlaryna garaýan döwlet komissiýasyna, ýaňy döredilen wagty adamlaryň köp ýüz tutanlygyny, emma takyk ýardam berilmänsoň, şeýle edaralara il içinde ynamsyzlygyň artyp başlanlygyny Misrihanow aýtdy.

Misrihanowyň bellemegine görä, adamlaryň ýazýan arzalary, olaryň şikaýat edýän döwlet edaralarynyň, şol sanda kanuny goraýjy edaralarynyň özlerine tabşyrylmagy bilen bagly wakalar hem seýrek däl, bu bolsa wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmak düzgüni giňden ýaýran ýurtda adalatyň gözlegine çykan raýatlara howp döredýär.

Nebitdagda ýaşaýan graždan aktiwisti Gurbanguly Durdygulyýew syýasy garaýyşlary sebäpli türkmen häkimiýetleri tarapyndan basyşlara sezewar edilip gelýän raýatlaryň biri. Durdygylyýew şu günki güne çenli özüniň yzarlanýanlygyny, hereket azatlygynyň çäklendirilýänligini, häkimiýetlere ýüz tutmagynyň bolsa netije bermän gelýänligini gürrüň berdi.

Durdygulyýewiň sözlerine görä, onuň pasportynyň elinden alnanlygyna dört ýyl geçdi. Pasportsyz Durdygulyýew ne pensiýasyny, ne-de inwalidlere berilýän kömek puluny alyp bilýär.

Ýagdaýy nädip düzetmeli?

Ýurst Timur Misrihanowyň pikirine görä, Türkmenistanyň halkara borçlaryny ýerine ýetirmek we öz raýatlarynyň kanuny hak-hukuklaryny üpjün etmek boýunça yglan edýän tagallalarynyň netije bermegi üçin bu işleriň döwlet tarapyndan berjaý edilişine gözegçilik edýän strukturalara Türkmenistanyň döwlet wekillerinden daşary jemgyýetçilik wekilleri hem gatnaşdyrylmaly.

Aç-açanlyga ýol berilmeginiň we şeýle edaralaryň iň bärkisi milli kanunlara doly laýyk işlemeginiň talap edilmeginiň ähmiýetlidigini hem ýurist Timur Misrihanow belledi.

Resmi maglumatlara görä, Türkmenistanyň halkara borçlaryny ýerine ýetirmegini üpjün etmek boýunça komissiýasynyň maslahatynda onuň öňünde goýlan geljekki planlar bilen baglylykda, hususan-da, halkara strukturalar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ähmiýeti hem nygtaldy.
XS
SM
MD
LG