Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yslam ösüş banky Türkmenistana kredit berer


Yslam ösüş bankynyň baş binasy
Yslam ösüş bankynyň baş binasy

21-22-nji fewralda Türkmenistanyň resmi topary Saud Arabystanyna sapar edip, Yslam ösüş banky bilen özara hyzmatdaşlyk meselelerini maslahat etdi.

Türkmenistanyň Yslam ösüş banky bilen hyzmatdaşlyk meselelerini maslahat etmek maksady bilen Saud Arabystanyna iş saparyny eden türkmen delegasiýasyna türkmen hökümetiniň başlygynyň orunbasary T.Jepbarow baştutanlyk etdi.

Tükmenistanyň hökümeti we Yslam ösüş bankynyň arasynda 2010-njy ýylyň 5-nji ýanwarynda gol çekilen ylalaşyga görä, Yslam ösüş bankynyň Türkmenistana 371 million 200 müň dollar kredit bermegi göz öňünde tutulýar.

Türkmen metbugatyna görä, Demirgazyk-Günorta halkara demirýol proýektiniň Türkmenistanyň üstünden geçýän Bereket-Etrek bölegi Yslam ösüş bankynyň hasabyna gurlar.

Maliýe-ykdysady bähbitler we syýasat

Regional bilermen, Ankaranyň Gazy uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklar boýunça professory Mehmet Seýfetdin soňky döwürde Türkmenistanyň Yslam ösüş banky, Aziýa ösüş banky, Ýewropanyň ösüş we dikeldiş banky şeýle-de dünýäniň beýleki iri maliýe strukturalary bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmeginiň Türkmenistan üçin maliýe-ykdysady bähbitlerinden daşgary syýasy taýdan hem ähmiýetini nygtady.

“Munuň syýasy tarapy hem bar. Hyzmatdaşlyk diňe bir ykdysady we maliýe ýardamy bilen çäklenmeýär. Aýratynam Merkezi Aziýa regionynda Orsýetiň we Hytaýyň barha artýan roly nukdaýnazaryndan garanda, taraplar arasynda syýasy gatnaşyklara we howpsuzlyk meselesine hem uly ähmiýet berilýär.” diýip, Mehmet Seýfetdin belledi.

Regional bilermeniň pikirine görä, Ýewropa Bileleşiginiň we yslam döwletleriniň Merkezi Aziýa bilen hyzmatdaşlygynyň ösmeginde regionyň döwletleriniň köptaraplaýyn hem durnukly ösüşi üçin zerurlyk bar.

Halkara banklar bilen gatnaşyklar

Yslam ösüş bankynyň Türkmenistan bilen gatnaşyklary soňky ýyllarda has aktiwleşdi. Geçen ýylyň iýun aýynda Aşgabatda Yslam ösüş bankynyň dolandyryjylar geňeşiniň 34-nji maslahaty geçirildi.

Şol maslahatda aýdylyşyna görä, Yslam ösüş banky ençeme döwletleriň ösüşine gönükdirilen umumy bahasy 575 million dollarlyk proýektleri makullady. Şol proýektler, hususan-da, Türkmenistana, Eýrana, Päkistana, Türkiýä we ýene birnäçe ýurda degişli.

Resmi maglumatlara görä, Yslam ösüş bankynyň hususy sektory goldamak boýunça maýa goýumlarynyň möçberi hem bir milliard dollardan iki milliarda çenli artdyryldy.

Yslam ösüş bankynyň Türkmenistana degişli jemi dokuz proýektiniň makulananlygy habar berilýär. Demirgazyk-Günorta halkara demirýol proýektiniň Bereket-Etrek böleginiň maliýeleşdirilmeginden daşgary, Yslam ösüş banky tarapyndan Türkmenistanda maliýeleşdirilmek planlaşdyrylýan proýektler ýurduň saglygy saklaýyş pudagyna we medisina senagatyna, howa ýollaryna, Ýashan agyz suwy ýatagynyň özleşdirilmegine, şeýle-de orta we kiçi biznesi maliýeleşdirmek maksady bilen Türkmenistanyň bank sistemasyna kredit berilmegine degişli.

Türkmenistanyň Aziýa ösüş banky bilen hem hyzmatdaşlygy ösýär. Hususan-da, Aziýa ösüş banky-da Demirgazyk-Günorta demirýol proýektiniň Türkmenistana degişli boleginiň gurluşygyny maliýeleşdirmäge taýýarlyk bildirdi.

18-nji fewralda Aşgabatda Türkmenistanyň hökümeti we Aziýa ösüş bankynyň arasynda özara düşünişmek barada memoranduma gol çekildi. Dokumentde Türkmenistanyň Bereket stansiýasyndan Gazagystan bilen serhedine çenli uzynlygy 200 kilometrlik böleginiň Aziýa ösüş banky tarapyndan maliýeleşdirilip, muňa 225 million dollaryň çykarylmagy göz öňünde tutulýar.

Proýektleriň netijeliligi nämä bagly?

Türkmenistanyň ençeme ýyllaryň dowamynda ýöreden üzňelik syýasatynyň halkara gatnaşyklaryna, şol sanda dünýäniň iri maliýe edaralary bilen hyzmatdaşlygyna päsgelçilik döredenligini bilermenler belleýärler.

Merkezi Aziýa we Kawkaz institutynyň “Ýüpek Ýoly” programmasynyň müdiri Swante Korneliň pikirine görä, Türkmenistanyň gatnaşmagynda amala aşyrylýan halkara proýektleriniň geljegi we ýurduň daşarky maliýe gatnaşyklarynyň netijeliligi türkmen hökümetiniň soňky döwürde aktiw alyp barýan daşary syýasatynyň gidişine bagly bolar.

“Bu Türkmenistanyň hökümet institutlarynyň daşary gatnaşyklaryny köp ugurlardan alyp barmak ukybyna we Türkmenistanyň öňe sürýän programmalarynyň dowam etdirilmegine bagly bolar. Munuň netijeli amala aşyrylmagy dürli şertleri talap edýär” diýip, Swante Kornel aýtdy we şu günki gün Türkmenistanyň hökümetinde has köp tejribeli we bilimli ýolbaşçylara mätäçligiň duýulýanlygyny belledi.

Günorta-Demirgazyk proýektiniň durmuşa geçirilişine halkara derejesinde üns artýar. Resmi maglumatlarda uzynlygy 900 kilometrlik Üzgen-Gyzylgaýa-Bereket-Etrek-Gürgen demir ýol sistemasynyň gurluşygy tamamlanansoň, Türkmenistanyň Gazagystan, Orsýetiň merkezi raýonlary, Eýran, Pars aýlagynyň we Günorta-Günbatar Aziýa döwletleri bilen aragatnaşygynda täze mümkinçilikleriň dörejekdigi, şeýle-de Türkmenistanyň üstünden ýolagçy we ýük gatnawynyň möçberiniň has artjakdygy bellenilýär.
XS
SM
MD
LG