Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝDÖB: “Türkmen telekeçilerine gapymyz açyk”


Ýewropanyň dikeldiş we ösüş bankynyň Türkmenistan boýunça wekili Neil McKain.
Ýewropanyň dikeldiş we ösüş bankynyň Türkmenistan boýunça wekili Neil McKain.

Ýewropanyň dikeldiş we ösüş banky soňky döwürlerde Türkmenistanda iş alyp barýan orta derejeli ençeme kärhana karz pul berdi. Olaryň arasynda “Ak Enar”, “Altyn Aýlag” bilen bir hatarda buzgaýmak öndürýän “Salkyn” we “Paýhas” ýaly kiçi kärhanalary agzasa bolar.

Eýse, bu banka nähili şirketler karz pul sorap ýüzlenip bilýärler? Bankyň karz pul bermek boýunça talap edýän şertleri nämelerden ybarat?

Bu we beýleki temalar bilen gyzyklanyp, Azatlyk Radiosyndan Muhammad Tahir ady agzalýan bankyň Türkmenistan boýunça wekili Neil McKain bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda şu güne çenli alyp baran işleriňiz barada dolurak maglumat beräýseňiz?

Neil McKain: Biziň Türkmenistandaky edaramyz 1997-nji ýylda işe başlady. 2001-nji ýyla çenli biz tekstil, infrastruktura we maliýe institutlary ýaly ugurlara maýa goýduk. 2002-2003-nji ýyllardan başlap, biziň Türkmenistanda alyp barýan işlerimizde belli bir derejede kynçylyklar döredi, munuň sebäplerinden has ulusy ýurtda manadyň iki hili kursunyň bolmagy bilen baglydy.

Emma 2008-nji ýylyň ortalaryndan başlap, bu baradaky mesele aradan aýryldy we manadyň ýeke-täk dolanyşygy güýje girizildi. Bu hem öz nobatynda biziň bu ýurtda alyp barýan işlerimizi üçin täze mümkinçilikler döretdi.

Netijede biz 2009-njy ýylda türkmen telekeçilerine karz pul bermek we maýa goýmak ýaly ugurlar boýunça üç proýekte gol goýduk. Belki, okansyňyz, biz geçen hepdäniň dowamynda hem buzgaýmak öndürýän Marydaky ýerli kärhana 1,2 million dollar karz pul bermek baradaky ylalaşyga gol goýduk.

Azatlyk Radiosy: Siz nähili şirketlere karz pul berýärsiňiz? Meselem, karzyna pul almak üçin size ýüzlenjek şirketleriň önümçilik göwrümi näçeräk bolmaly, bu barada belli bir şertiňiz barmy?

Neil McKain: Biz Türkmenistanda iş alyp barýan islendik hususy şirketi goldaýarys. Türkmenistanda çalt ösüp barýan belli sektorlar bar, olaryň arasynda oba hojalyk we azyk, iýmit öndürýän pudaklary agzap bolar.

Şeýle-de gurluşyk materiallaryny öndürýän pudak hem gün saýyn ösüp barýar. Hökümetiň kiçi we orta göwrümli biznes boýunça kabul eden karary esasynda bize bu ýurtda az sanly bolsa-da, häzirki döwürde ukyply telekeçileri tapmak başardýar.

Azatlyk Radiosy: Meniň düşünişime görä, karz pul almak üçin ýüz tutulanda, siz şirketleriň önümçilik derejesine parh goýmaýarsyňyz, şeýle dälmi?

Neil McKain: Hawa, şirketiň önümçilik derejesi her hili bolup biler. Türkmenistanda goýberilýän göni maýa, ýarym million ýewrodan başlap, 10 milion ýewro çenli bolup biler. Biz şeýle çäräni orta derejeli biznes boýunça ýola goýlan we “Göni maýa goýmak programmasy” diýilýän proýekt esasynda amala aşyrýarys.

Biz has uly göwrümde iş alyp barýan hususy şirketlere-de maýa goýmak isleýäris we bu ugurda mümkinçilikleriň gözleginde. Emma geljek ýylyň dowamynda biziň üns berjek pudagymyz orta hem kiçi derejeli hususy sektor bolar diýip, pikir edýärin. Mysal üçin, biz täze Mikro we kiçi biznesi maliýeleşdirýän banky döretmek barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler bileleşigi bilen bilelikde iş alyp barýarys.

Biz geljek aýdan başlap, bu proýekti ýola goýmak boýunça deslapky işlere başlamakçy. Şunlukda biz geljek ýyldan başlap, hususy sektor boýunça iş alyp barýan kiçi we uly göwrümli şirketlere şol bankdan karz pul berip başlamagy planlaşdyrýarys.

Azatlyk Radiosy: Eger haýsydyr bir ýaşaýjy dükan aşjak bolsa, karz pul almak üçin size ýüzlenip bilermi?

Neil McKain: Häzirki döwürde biziň kiçi göwrümli bizneslere karz pul bermek barada ýola goýlan sistemamyz ýok. Ady agzlan bankyň döredilmegi bilen bu baradaky işleri-de tizleşdirmegi umyt edýäris. Emma asyl maksadymyz barada gürrüň bersem, hawa, haýsydyr bir dükan, garaž ýa bazar aşjak bolýan, ýa şunuň ýaly başga bir iş gurmagy planlaşdyrýan işewüriň bize ýa biziň haýsydyr bir edaramyza ýüz tutmaga mümkinçiligi bolar.

Azatlyk Radiosy: Karz pul boýunça size gowuşýan ýüzlenmeleri kabul edip-etmezlik barada başga nähili şertleriňiz bar?

Neil McKain: Biznes nukdaýnazaryndan aýdylanda, elbetde, bize ýüz tutýan işewürleriň biznes boýunça tejribeleriniň, şeýle-de olaryň öňden belli bir möçberde emläginiň bolmagy zerurdyr.

Şeýle-de biz söwda bilen meşgullanýan adamlaryň bireýýäm kärhanasynyň bardygyna we olaryň öz şirketiniň göwrümini ulaltmak ýa biznesiň beýleki ugurlaryna-da aralaşmak isleýänligine göz ýetirmek isleýäris.

Elbetde, biz içi boş, diňe gowy pikirlerden ybarat plana garaşmaýarys. Biznes nukdaýnazaryndan aýdylanda, biz öňden gurlan we iş alyp barýan hem-de öz alyp barýan işlerini giňeltmek isleýän kompaniýalar bilen işleşmek isleýäris.

Ösüş nukdaýnazaryndan aýdylanda bolsa, biz beýleki biznesmenlere oňyn täsirini ýetiräýjek tekliplere garaşýarys. Hususy sektor Türkmenistanda henizem gaty çäkli we işewürler beýleki kärdeşleriniň işleriniň nähili barýanlygyny bilmek isleýärler.

Biziň geçen ýyl goýan maýamyzyň möçberiniň gaty kiçi bolmaklygyna garamazdan, onuň täsiri tutuş hususy sektora gaty uly boldy. Biziň amala aşyryan proýektlerimiz göze ildi, şol proýektler gaty gysga wagtyň içinde beýleki adamlar tarapyndan nusga hökmünde kabul edildi. Aýtjak bolýan zadym, Türkmenistanda gaty kiçijik proýekt hem tutuş hususy sektora uly täsirini ýetirýär.

Azatlyk Radaiosy: Beren puluňyzy yzyna gaýdyp almak barada nähili düzgünleriňiz bar? Meselem haýsydyr bir kompaniýa batan ýagdaýynda siz şol ýagdaýdan nähili çykalga tapýarsyňyz?

Neil McKain: Bu belli bir dereje-de şol kompaniýa biziň maýa goýuş stilimize degişli, eger biziň biznesde paýymyz bolsa, onda biz beren pulumyzyň möçberine deň serişdäni yzyna gaýdyp alýarys. Umuman aýdylanda, kiçi we orta derejeli kompaniýalara karzyna pul bermek gowy iş we Türkmenistan ýaly ýurtda olaryň batmak howpy gaty az.

Şeýle-de olaryň bizden alan puluny wagtynda yzyna gaýdyp bermezligi ýaly problema-da gaty az duş gelýäris. Elbetde, biz şeýle ýagdaýa duş gelmezligi umyt edýäris.

Azatlyk Radiosy: Karz pul almak üçin size ýüzlenmekligiň haýsydyr bir möhleti barmy?

Neil McKain: Bu tutuş ýyl boýunça açyk, telekeçiler bize islän wagtynda ýüz tutup bilerler. Men hazirki döwürde iş sapary bilen Ahal welaýatyna geldim. Biz barada maglumaty bolmadyk biznesmenler bilen duşuşmaga synanyşýarys.

Umuman aýdylanda, muşderilerimiziň köpüsi bize gelýärler, emma olaryň 1/3 böleginiň üstüne biziň özümiz bardyk. Biziň gapylarymyz mydama açyk, biz mydama telekeçileriň teklipleri hemem şirketlerini ulaltmak baradaky maliýe strategiýalary barada pikir alyşmaga taýýar.

Ýewropanyň dikeldiş we ösüş bankyna ýüzlenmek üçin oňyn ýa erbet wagt barada gürrüň gitmeýär, telekeçiler islän wagtynda gelip bilerler. Biz hususy telekeçiler bilen mydama duşuşmaga taýýar.

Azatlyk Radiosy: Siz ýurtda Mikro maliýe bankyny döretmek baradaky pikiri ençeme gezek orta atdyňyz? Bu hakda dolurak maglumat berip biljekmi?

Neil McKain: Bize bu barada Türkmenistanyň Merkezi banky we Telekeçiler we senagatçylar bileleşigi ýüz tutdy. Olar Merkezi bankyň goldawy bilen kiçi we orta derejeli telekeçileri goldamak boýunça bank gurmaga bizden ýardam etmegimizi soradylar.

Biz olara bu ugurda biznes planyny düzmäge kömek etdik. Bu ähli programmalar geçen ýylyň awgust aýynda kabul edilen kanun esasynda amala aşyrylýar. Bu alada ýurduň jemi içerki önüminde hususy sektoryň paýyny häzirki 30%-den 2020-nji ýyla çenli 70%-e çykarmak barada alnyp barylýan tagallanyň bir bölegidir.

Bu pikiri, ýurduň ykdysadyýetini köp ugurly etmek boýunça, 2008-nji ýylyň fewral aýynda prezidentiň özi orta atypdy. Biz hususy sektory ösdürmek ugrunda edýän tagallalarymyz bilen bu plany goldaýarys.

Ady agzalýan bank ilkibaşda o diýen uly bir edara bolmaz. Biz oňa donorlar fondy tarapyndan hem kömek ediler diýip garaşýarys. Bu Bankyň maliýe serişdesiniň uly bir bölegi kiçi we orta derejede iş alyp barýan telekeçilere karz pul bermak maksady bilen harç ediler. Biz bu edaranyň kiçi hem orta derejeli telekeçiler üçin karz puluň elýeterliligini artdyrmaga ýardam etjekdigine umyt bildirýäris.

Azatlyk Radiosy: Bu proýekt Türkmenistanyň Merkezi banky bilen Ýewropanyň dikeldiş we ösüş bankynyň ortaklaşyp amala aşyrjak bolýan bir proýektine meňzeýär, şeýlemi?

Neil McKain: Ýok, bu täze bir bank bolar. Bu barada takyk karar kabul edilmedi, emma bu bankyň şärikleri döwlete degişli bolmadyk Türkmenistanyň telekeçiler we senagatçylar bileleşiginiň agzalaryndan ybarat bolar diýip, umyt edýäris. Ýewropanyň dikeldiş we ösüş bankynyň, şeýle-de Halkara maliýe korporasiýasynyň bu banka maýa goýmagyna garaşylýar.

Bu tutuşlygyna diýen ýaly hususy bir edara bolar we oňa Türkmenistanda döwlet tarapyndan eýeçilik edilýän haýsydyr bir bank goşulmaz.
XS
SM
MD
LG