Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Altyn sähra ýa-da welaýatlar näderejede özgerýär?


16-njy fewralda Mary welaýatynda Altyn sähra etrabynyň administratiw merkezi dabaraly ýagdaýda açyldy. Resmi maglumatlara görä, Baýdak baýramynyň öňüsyrasynda işe girizilen obýektler sosial-durmuş we administratiw maksatlara gönükdirilýär.

Resmi maglumatlarda bellenişine görä, Altyn sähra etraby prezident G.Berdimuhamedowyň inisiatiwasy bilen 2008-nji ýylda Jojukly diýilýän ýerde döredilipdi.

Türkmenistanyň resmi metbugaty bu kararyň ýurduň regionlaryny ösdürmek, şäher hem-de oba ýerlerinde ýaşaýan türkmenistanlylaryň durmuş derejesini we ýaşaýyşyň hilini ýokarlandyrmak boýunça progressiw özgerişlikler strategiýasynyň amala aşyrylmagynda möhüm ädim bolanlygyny belledi.

Welaýatlaryň ilatynyň ýaşaýyş derejesi

Synçylar soňky döwürde welaýatlarda gurulýan we açylýan täze obýektlerden daşgary ýurtda resmi taýdan yglan edilýän güýçli depginli özgerişleriň ýerlerde ilat kopçüliginiň durmuşynda göze ilmeýänligini, adamlar üçin güzeran görmegiň agyrlygyna galýanlygyny aýdýarlar.

Türkmenistanly žurnalist Döwletmyrat Ýazgulyýew oba ýerlerinde adamlaryň has agyr şertlerde ýaşaýanlygyny, köpçülikde gazanç etmäge mümkinçilikleriň ýokdugyny aýtdy: “Oba ýerlerde has agyr ýagdaý, işsizligiň derejesi oba ýerlerinde 60 %-den az däldir”.

Oba ýerlerindäki problemalar döwlet baştutany tarapyndan hem bellenipdi. Welaýatlara edýän saparlary barada eden çykyşlarynyň birinde
Oba ýerlerde has agyr ýagdaý, işsizligiň derejesi oba ýerlerinde 60 %-den az däldir.
G.Berdimuhamedow ýurduň haýsy künjegine barsaň-da, şol bir meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolunýandygyny aýdyp, durmuş maksatly edaralaryň, ýagny mekdepleriň, çagalar baglarynyň, syrkawhanalaryň we saglyk öýleriniň köpüsi häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelmeýän köne binalarda ýerleşýändigine ünsi çekdi.

Prezidentiň aýtmagyna görä, ýerlerde ilaty agyz suwy, elektrik energiýasy bilen üpjün etmekde, aragatnaşyk hyzmatlaryny ýola goýmakda, ilatly ýerleri abadanlaşdyrmakda, ýollary gurmakda çözülmegini talap edýän köp sanly meseleler bar.

G. Berdimuhamedow şol çykyşynda hökümet agzalarynyň, ýerli häkimiýetleriň we halk deputatlarynyň bu problemalary çözmäge gös-göni borçludyklaryny belläpdi.

Regionlaryň ösüşi kime garaşly?


Oba ýerleriniň ýaşaýjylary ýerli häkimiýetler tarapyndan daýhanlaryň bähbidini goramak we olara goldaw bermek ugrunda ýeterlik hereket edilmeýänligini gürrüň berýärler.

Mary welaýatynyň ýaşaýjysy Azatlyk Radiosyna beren gürrüňinde şeýle diýdi: “Her kimiň öz aladasy bar. Daýhanda bir gektar ýer bar bolsa, häkimleriň 5-10 gektar ýerleri bar, olaryň daýhana eli ýetenok”.

Soňky ýyllarda Türkmenistanda yglan edilýän sosial-ykdysady reformalaryň çäginde, hususan-da, öz döwründe kesilen pensiýalar, şol sanda oba ýaşaýjylarynyň pensiýalary dikeldilipdi. Pensiýalaryň, aýlyklaryň we beýleki sosial tölegleriň möçberi artdyryldy.

Türkmenistanyň prezidenti wezipesine geçende, G.Berdimuhamedow ýurduň oba ýerlerini ösdürmek maksatlaryna dört milliard dollarlyk puluň sarp ediljegini yglan edipdi.

Böwet we garaşylýan reformalar

Synçylar özgerişlikleriň bolmagy üçin düýpli oba hojalyk reformasynyň talap edilýänligini aýdýarlar.

“Oba hojalyk reformasyny geçirmeli. Iň bolmanda Nyýazowyň daýhanlaryň elinden alan emläklerini gaýdyp bermeli. Olaryň mallaryny, ýerlerini gaýdyp berip, daýhan birleşikleriniň eýeçiligini dikeltmeli. Çaltrak hususy eýeçilige geçmegiň formalaryny gözlemeli” diýip, Döwletmyrat Ýazgulyýew belleýär.

Bilermenler häzirki wagtda maliýe serişdeler uly möçberde täze we gymmatbaha obýektleriň gurluşygyna sarp edilýärkä, oba hojalygynyň ösüşi üçin maýa ýatyrylmagyna we pullaryň takyk maksatlara sarp edilmegine uly zerurlygyň bardygyny belleýärler.

Türkmenistanyň hökümetiniň oba hojalygy boýunça ozalky geňeşçisi Wladimir Ýerofeýew döwlet pulunyň girdeji getirjek we iş orunlaryny döretjek obýektlere sarp edilmegi zerur diýip, hasap edýär.
Oba hojalygy babatynda aýdylanda ýurtda öndürilýän inçe süýümli pagta önümçiligine ünsi artdyrmaly.


Ýerofeýewi pikiriçe, birinji nobatda, pullar ykdysadyýetiň real ugurlaryna sarp edilmeli, ýagny bazar şertlerinde bäsdeşlige ukyply bolup biljek önümçilige gönükdirilmeli. “Oba hojalygy babatynda aýdylanda ýurtda öndürilýän inçe süýümli pagta önümçiligine ünsi artdyrmaly. Üstesine suw üpjünçiligine hem uly üns bermeli. Sebäbi oba hojalygy muňa doly garaşly bolup durýar”.

Oba hojalykçy Ýerofeýew gök onüm we miwe önümçiliginiň hem örän girdejili ugur bolup biljekdigini, aýratynam ýurduň günorta-günbatarynda munuň üçin örän amatly tebigy şertleriň bardygyny aradan aýyrmaýar. “Munuň bilen hem iş orunlaryny döretmek, hem ýurduň azyk üpjünçiligi meselesini çözüp bolardy. Bu şeýle-de oba hojalyk önümleriniň eksportyny artdyryp, ýurduň täze girdeji çeşmesi hem bolup bilerdi”.

Türkmenistanyň hökümetiniň oba hojalygy boýunça öňki geňeşçisiniň pikirine görä, oba hojalygynyň ösüşi, ýurduň ýangyç-energiýa girdejilerine esaslanýan ykdysadyýetiniň köpugurly özgerişini gazanmaga-da mümkinçilik berip biler.
XS
SM
MD
LG