Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nyýazowyň doglanyna 70 ýyl dolýar


3 ýyl mundan öňki waka bolmadyk bolsa, häzir Saparmyrat Nyýazow 70 ýaşyny toýlardy. Onuň özi bilen birlikde tutuş ýurdam ýubileýi bellemäge mejbur bolardy.

Saparmyrat Nyýazow.
Şol dabara garşy çykyp biljek adamyň tapylmajagyna köpler şübhelenmeýär. Tersine, köp çinownikler şol wakadan peýdalanyp, Türkmenistanyň hökümdaryna öz söýgüsini, wepalylygyny subut etmäge, ony serdara görkezmäge çalşardy.

Olam şol öwgüleri, mahabatly sözleri hakykat hökmünde kabul ederdi. Sebäbi ol özüni keramatly, ölmez-ýitmez, bu dünýä baky gelen adam hasap edýärdi, şoňa-da ynanýardy.

Ol häli-şindi ýadygärliklerde, ýazgylarda özüni görkezýärdi. Köp sanly döwürdeşleriniň aňynda-da şeýledi. Şonuň üçinem tarpa-taýyn ölse-de, Nyýazow at-sorsuz ýok bolup, taryhyň gatynda ýitip gitmedi.

Onuň eden gabahat işleri, oý-pikirleri, iň esasy-da ondan töwerege ýaýraýan gorky şu günki günem jemgyýetde duýulýar. Ol ýok bolup bir gidermikä?

Birnäçe nesliň alan psihologik hem fiziki ýaralary köp ýyllaryň dowamynda özüniň bardygyny ýatladyp dursa gerek. Bu zatlar köküni nirelere urdy, ölenden soňam öz ömrüniň uzalmagy üçin ol kime ýa kimlere minnetdar bolmaly?

Iň esasy alamatlar real adamlarda jemlendi. Nyýazow gwardiýasynyň üç weteranynyň goýan rekordyny Berdimuhamedowy goşmak bilen kim täzeläp biler? Şol üçlük – Wiktor Hramow, Aleksandr Žadan hem Wladimir Umnow.

Eger şeýle seredilse, hereketlerden çen tutulsa, Nyýazow şol rowaýata öwrülen üç adamda özüniň diňe bir fiziki däl, ruhy dowamyny-da tapypdyr. Diňe bir olarda-da däl, Myrat Garryýew, Myratberdi Sopyýew, Onjuk Musaýew ýaly adamlaram öňki üçlükden galar ýaly däl, ýöne Musaýew soňky wagt sahnadan düşürildi.

Bu adamlar Nyýazowyň göterilip ugran döwründen bäri onuň ýakynynda bolup, dolandyryşa öz täsirlerini saklap geldiler. Şol täsir Türkmenbaşynyň ölüminden soňam olarda bar. Belki, olaryň täsiri häzir has-da artandyr? Hramow ideologiýanyň gözbaşynda, belki şonuň üçindir, Nyýazowyň esasy tendensiýalaryna täzeden seredilmeýär.

Žadan kölegeden çykdy

Žadan ýakynda kölegeden çykdy. Türkmen delegasiýasynyň Pariže eden saparynda ol prezident apparatynyň ýolbaşçysy atlandyryldy. Eger bu aýdylanlar hakykata bap gelýän bolsa, diýmek, prezident bilen aragatnaşyga diňe onuň üsti bilen çykyp bolýar.

Prezidente berilýän maglumatyň doly ýa doly däldigi köplenç halatda oňa bagly. Şol wezipe hat-da prezidentiň özünem garaşly edip goýýar. Şol wezipeden ýerlikli peýdalanyp bileniň häkimiýetiň tutuş ýokary gatlagynda tomaşa baryny turuzmagy mümkin.

Aleksandr Žadan köpi gören, kyrk çarşenbäni başdan geçiren adam. Ol Nyýazowyň iň ýakyn adamlarynyň biridi. Ol häzirki häkimiýetler üçinem iň bir gerekli, zerur adam bolup çykdy. Şu wagtky häkimiýetiň ony näme üçin özüne şeýle ýakyn tutuşynyň syry haçanam bolsa äşgär bolar.

Belki, köp zat bilýändigi üçin prezident Žadany gözden salmak isleýän däldir? Edil Hramow ýaly Žadanam ähli tejribäni, başarnygy Nyýazow döwründe toplady. Eger şeýle bolsa Berdimuhamedowyň täze eýýamynda ondan nähili özgerişlere, öwrülişiklere, täzeliklere garaşyp bolar?

Weteranlar Nyýazowyň 70 ýaşyny bellese, bu iş Umnowsyz başa barmasa gerek. Ol formal taýdan prezidentiň ykdysady meseleler boýunça kömekçisi diýen ady göterse-de, onuň täsir ýetiriş derejesi ýaşyryn saklanylýar. Olam beýleki weteranlar ýaly režimi gurmagyň, döretmegiň hem berkitmegiň gözbaşynda duranlaryň biri.

Diýdimzorluk piramidasy

Diňe bularam däl, ýurduň dürli ýerlerinde Nyýazow döwrüniň köp kadrlary açykdan-açyk ýa gizlin işleşip ýörler, olar diýdimzorluk piramidasyndan başga zady bilmeýärler. Şol piramidanyň her bir jaýrygynda kiçijik nyýazowlar emele geldi, olar piramidanyň çür başyna çenli bar.

Mysal üçin, Türkmenistanyň merkezi arhiwiniň başlygy Maýa Mollaýewany alyp göreli. Onuň tejribesi SSSR zamanyndan başlanýar, ol Türkmenistan Kompartiýasynyň Merkezi Komitetiniň ideologiýa boýunça sekretary bolupdy. Geçmişden şeýle özboluşly ýüki bolan adam galkynyş zamanyna nähili täzelik getirip biler?

Iş ýüzünde postsowet döwletleriniň ählisi sowetlerden, sowet edim-gylymyndan, ideologiýasyndan dynmagyň, gutulmagyň agyr hem agyryly prosesini başdan geçirýärler. Bu ugurdan Türkmenistanyň bagty çüwmedi. Garaşsyzlygyň başky on ýyllygy Nyýazowyň rehimsiz diktaturasyna, zäherlemesine duçar boldy.

Arassalanyş, nyýazowçylykdan gutulmak, dürli ýokanç kesellerden, infeksiýalardan ýurdy arassalamak prosesleri türkmen jemgyýetiniň öňünde dur. Sowet häkimiýeti ýyllarynda aýagaldygyna Lenini, Stalini magtamak däbi bardy. Şanyna goşgular düzülip, aýdymlar aýdylan, dillerde dessan bolan şol iki adam, soň görlüp oturylsa, öz halkyna betbagtçylyk baryny getiren ekenler. Nyýazow döwründe şu ýagdaý edil öňküleriň nusgasy bolup gaýtalandy.

Türkmen lenininiň, türkmen stalininiň bir kişä siňdirilen ruhy ýene näçe ýyllap hökümdarlygyny saklar?

Aleksandr Narodetski post-Sowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG