Türkmenistanyň Döwlet statistika komitetiniň başlygy A.Gurbangulyýewiň we onuň orunbasary D.Berdimyradowyň prezident G.Berdimuhamedowyň permany bilen işden boşadylmagyna olaryň “işde goýberen düýpli kemçilikleriniň” sebäp bolanlygy ýerli habar serişdeleriniň maglumatlarynda aýdyldy. Türkmenistanyň statistika komitetininiň işindäki takyk kemçilikler barada habar berilmedi.
Statistikanyň roly
Käbir synçylar garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda statistikanyň ýurtda bolup geçýän syýasy-ykdysady prosesleri hakykatdan daşalaşdyrmak funksiýasyny ýerine ýetirýän pudaga öwrülip, hatda ilatyň hakyky sany, şeýle-de ýurtda bolýan tebigy betbagytçylyklar we ýol heläkçilikleri boýunça maglumatlara çenli hem ýaşyrylyp gelnenligini belleýärler.
Türkmenistan boýunça bilermen Artýom Ulunýan statistikanyň ýöredilişi boýunça Türkmenistanda postsowet döwründe ornaşan tejribeleriň şu güne çenli dowam edýänligini belledi: “Beýleki ýurtlardaky ýaly kadaly statistika Türkmenistanda ýok diýen ýaly. Muny görmek üçin ýurduň ilat sany, çig mal resurslary, senagat derejesi boýunça statistika öwrenmeleriniň ýöredilişine syn etmek ýeterlik”.
Türkmenistanyň ilat sanyna degişli iň soňky resmi maglumatlarda ýurduň ilatynyň 6 million 786 adamdan ybaratdygy aýdylypdy. 2006-njy ýylda çap bolan bu maglumatyň 2006-njy ýylyň 1-nji mart aýy boýunça ýagdaýy görkezýänligi habar berlipdi. 2006-njy ýyldan bäri Türkmenistanyň ilat sany barada ýerli habar beriş serişdelerinde maglumat berilmeýär.
Maglumatlaryň elýeterliligi
Şol bir wagtda-da soňky ýyllarda Türkmenistanda kopçüligiň dykgatyna ýetirilýän resmi sanlar ozalky ýyllara garanda belli bir derejede köpeldi. Hususan-da, býujet işgärleriniň ortaça aýlyklarynyň, pensiýalaryň we beýleki sosial tolegleriň möçberine, gurluşyk obýektlerine degişli çykdajylara we käbir daşary ýurt kompaniýlarynyň Turkmenistanda amala aşyrýan proýektleriniň bahasyna degişli sanlar has köp berilýär. Ýurduň býujetine degişli käbir maglumatlar we ýurduň umumy ykdysady ösüşi hem pudaklaýyn ösüşiniň depgini barada görkezijiler hem köpçülik üçin elýeterli.
Emma resmi görkezijiler esasynda ýurduň hakyky ýagdaýy barada netije çykaryp bolmaýanlygyny synçylar aýdýarlar. Munuň sebäbini Türkmenistanyň öňki resmisi Nurmuhammet Hanamow şeýle düşündirýär: “Real däldigi, ýalandygy görnüp duran zat. Mysal getirsek, 2009-njyýylda martyň aýagyndana ýylyň soňuna çenli tebigy gaz satylmady. Dogry ýurduň dokma diýdi, käbir ösen senagatlary bar. Emma doly gazyň ýerini tutup biljek senagat ýok bizde. Şonuň üçin gaz satylmasa- da, geçen ýylda ösüş boldy diýilmegi nähili bolýar, budjetiň 70-80% gaz satylyp doldurylýarka?”
Häzirki wagtda köpçüligi gyzyklandyrýan emma resmi taýdan maglumat berilmeýän ugurlaryň arasynda Türkmenistanyň ýaşaýjylary, hususan-da, medisinany we ýurduň saglygy saklaýyşynyň ýagdaýyny, şol sanda ýokanç keselliler, WIÇ/AIDS hem neşekeşlige degişli ýagdaýy agzaýarlar. Ýurduň gaz we beýleki tebigy baýlyklaryndan gelýän girdejiler we olaryň sarp edilişi hem köpçülikde sorag döredýän mesele bolup durýar.
Köpleri gyzyklandyrýan statistiki maglumatlar näme üçin berilmeýär? Artýom Ulunýan käbir maglumatlaryň döwlet syry bolup durýanlygyny belledi: “Käbir statistiki maglumatlary köp ýurtlarda döwlet syry hasaplanýar, emma Türkmenistana gezek gelende tutuş statistikanyň döwlet syry bolup durýanlygy barada pikir döreýär”.
Nurmuhammet Hanamow statistiki maglumatlaryň köpçülige elýeterliliginiň çäklendirilmek bilen ýurtdaky problemalaryň üstüni ýaşyrmak isleýärler diýip, pikir edýär: “Bu Nyýazow döwründen galan kesel, sebäbi şol döwürde Nyýazow “Özbaşdak bolalymyz bäri biziň hemme zadymyz gülala-güllük. Daş-töweregimizde, goňşularymyza çenli bar bolan erbet we ýokanç keseller hem bizde ýok. Biz şeýle bir gowy ýaşaýarys, ýurdumyz şeýle bir gowy, hatda hiç bir erbet kesel hem bizde ýok” diýen ýalan sözler bilen öz-özüni köşeşdirdi we muny halkara jemgyýetçiligine ýetirjek bolýardy”.
Emma problemanyň üstüni ýaşyrmaklygyň ýagdaýy hasam agyrlaşdyrýanlygyny Nurmuhammet Hanamow belledi: “Neşekeşligi alyp görsek, o gaýtam beýleki ýurtlardan erbet Türkmenistanyň ýagdaýy. Bu ýerde gizlejek bolup, ýa adamlaryň öz gorkusyna öz çagalarynyň keselini gizläp, açyk däl-de, gizlin bejerjek bolmaklary ýagdaýy erbetleşdirýär. Utanýan bolsalar, adyň çykmaz ýaly anonim edip bolýar bu zatlary. Bu dünýäde edilýän zat. Uly praktika bar Ýewropa ýurtlaryny alyp görsek”.
Statistika we açyklyk
Artýom Ulunýanyň sözlerine görä, ýurtda statistikanyň ýöredilişi we statistiki maglumatlaryň köpçülik üçin elýeterliligi esasynda ýurtlaryň açyklygyna baha berilýär: “Statistikanyň açyklygy ýurtda demokratiýanyň ösüşiniň prinsipi bolup durýar. Şonuň üçin bu faktor esasynda ýurtlarda bolup geçýän prosesler barada netije çykarylýar. Ýurduň syýasy ýagdaýyna baha berlende-de statistikanyň elýeterlilik derejesinden ugur alynýar. Sebäbi bu jemgyýetiň açyklyk derejesini görkezýär”.
Dünýä ýurtlarynyň azatlyk derejesine baha berýän halkara hasabatlarynda köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistan azat bolmadyk ýurtlaryň hatarynda agzalyp gelýär. Hususan-da, “Freedom House” guramasynyň 2009-njy ýyl boýunça hasabatynda Türkmenistana berlen baha ozalky ýyllardan tapawutlanmady we syýasy-jemgyýetçilik azatlygy taýdan iň erbet ýagdaýly ýurt diýip kesgitlendi.
“Wall Street Journal” neşiriniň we Waşingtonda ýerleşýän “Heritage Foundation” guramasynyň bilelikdäki hasabatynda Türkmenistan ykdysady taýdan azat däl ýurtlaryň biri diýlip aýdyldy we 179 ýurtdan ybarat sanawda 171-nji ýerde ýerleşdirildi.
Statistikanyň roly
Käbir synçylar garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda statistikanyň ýurtda bolup geçýän syýasy-ykdysady prosesleri hakykatdan daşalaşdyrmak funksiýasyny ýerine ýetirýän pudaga öwrülip, hatda ilatyň hakyky sany, şeýle-de ýurtda bolýan tebigy betbagytçylyklar we ýol heläkçilikleri boýunça maglumatlara çenli hem ýaşyrylyp gelnenligini belleýärler.
Türkmenistan boýunça bilermen Artýom Ulunýan statistikanyň ýöredilişi boýunça Türkmenistanda postsowet döwründe ornaşan tejribeleriň şu güne çenli dowam edýänligini belledi: “Beýleki ýurtlardaky ýaly kadaly statistika Türkmenistanda ýok diýen ýaly. Muny görmek üçin ýurduň ilat sany, çig mal resurslary, senagat derejesi boýunça statistika öwrenmeleriniň ýöredilişine syn etmek ýeterlik”.
Türkmenistanyň ilat sanyna degişli iň soňky resmi maglumatlarda ýurduň ilatynyň 6 million 786 adamdan ybaratdygy aýdylypdy. 2006-njy ýylda çap bolan bu maglumatyň 2006-njy ýylyň 1-nji mart aýy boýunça ýagdaýy görkezýänligi habar berlipdi. 2006-njy ýyldan bäri Türkmenistanyň ilat sany barada ýerli habar beriş serişdelerinde maglumat berilmeýär.
Maglumatlaryň elýeterliligi
Şol bir wagtda-da soňky ýyllarda Türkmenistanda kopçüligiň dykgatyna ýetirilýän resmi sanlar ozalky ýyllara garanda belli bir derejede köpeldi. Hususan-da, býujet işgärleriniň ortaça aýlyklarynyň, pensiýalaryň we beýleki sosial tolegleriň möçberine, gurluşyk obýektlerine degişli çykdajylara we käbir daşary ýurt kompaniýlarynyň Turkmenistanda amala aşyrýan proýektleriniň bahasyna degişli sanlar has köp berilýär. Ýurduň býujetine degişli käbir maglumatlar we ýurduň umumy ykdysady ösüşi hem pudaklaýyn ösüşiniň depgini barada görkezijiler hem köpçülik üçin elýeterli.
Emma resmi görkezijiler esasynda ýurduň hakyky ýagdaýy barada netije çykaryp bolmaýanlygyny synçylar aýdýarlar. Munuň sebäbini Türkmenistanyň öňki resmisi Nurmuhammet Hanamow şeýle düşündirýär: “Real däldigi, ýalandygy görnüp duran zat. Mysal getirsek, 2009-njy
Türkmenistana gezek gelende tutuş statistikanyň döwlet syry bolup durýanlygy barada pikir döreýär.