Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pariž: Türkmenistandaky adam hukuklary gozgalýar


Türkmenistanyň prezidentiniň Fransiýa saparynyň öň ýanynda Parižde ýerli we halkara graždan jemgyýetçilik guramalarynyň duşuşyklary geçirildi.

27-nji ýanwarda metbugat wekilleriniň gatnaşmagynda Fransiýanyň Daşary işler ministrliginiň resmileri bilen duşuşyk geçirilenligi, 28-nji ýanwarda ýörite metbugat konferensiýasynyň bolanlygy, guramaçylar tarapyndan Azatlyk Radiosyna aýdyldy.

Fransiýanyň prezidenti Nikolýa Sarkozi türkmen prezidentiniň 1-nji fewralda Pariže etjek saparyny Türkmenistanda adam hukuklary boýunça aýylganç ýagdaýy geňeşmek we takyk özgertmeleri talap etmek üçin peýdalanmaly diýlip, Parižde Fransiýanyň resmileri we metbugat wekilleri bilen ýörite duşuşyklary geçiren adam hukuklaryny goraýjy halkara guramalarynyň ýaýradan bilelikdäki press-relizinde bellenilýär.

Fransiýanyň “Adam hukuklary boýunça halkara ligasy”, Human Rights Watch, “Adam hukuklary boýunça halkara federasiýa” we “Serhetsiz reportýorlar” guramasy tarapyndan gurnalan çäreleriň maksady Türkmenistanda ynsan hukuklary problemasynyň ähmiýetine Fransiýanyň häkimiýetleriniň ünsüni çekmekden ybarat.

Söwda ylalaşygy Fransiýanyň parlamentiniň garamagynda

“Adam hukuklary boýunça halkara liganyň” wekili Saşa Kulaýewanyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, häzirki wagtda Fransiýanyň parlamentinde Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistan bilen söwda ylalaşygynyň mazmunyna garalýarka, adam hukuklary temasynyň gozgalmagynyň ähmiýeti hasam artýar: “Bu ylalaşygyň kabul edilmegi üçin ol Ýewropa Bileleşiginiň ähli milli parlamentleri tarapyndan makullanmaly. Häzirki wagtda bu ylalaşygy diňe Fransiýanyň we Beýik Britaniýanyň parlamentleriniň makullamagy galýar”.

Saşa Kulaýewanyň pikirine görä, Türkmenistan ynsan hukuklaryny gowulandyrmak, demokratik azatlyklara ýol bermek we graždan aktiwistlerini hem žurnalistlerini türmeden boşatmak ýaly ädimlere taýyndygyny görkezýänçä we muny takyk çäreler bilen kepillendirýänçä, Ýewropa Bileleşigi bu režim bilen dowamly hyzmatdaşlyga razy bolmaly däl.

Fransiýanyň “Adam hukuklary boýunça ligasy”, Human Rights Watch, “Adam hukuklary boýunça halkara federasiýa” we “Serhetsiz reportýorlar” guramasy tarapyndan 28-nji ýanwarda Parižde metbugat konferensiýasy geçirildi.

Guramalaryň metbugat üçin ýaýradan beýannamasynda bellenişine görä, tebigy gaza baý Türkmenistan köp hökümetler, şol sanda Fransiýa üçin hem möhüm strategik ýaran bolup durýar. Fransiýanyň uly biznes topary Türkmenistanda maýa ýatyrmak mümkinçilikleri bilen gyzyklanýar. Şeýlelikde biznes meselesiniň taraplar arasynda geçiriljek gepleşiklerde uly orun eýelejekdigine garaşylýar.

Daşary ýurt biznesi bilen hyzmatdaşlygyny güýçlendirmäge Türkmenistan tarapyndan hem isleg bildirilýär. Soňky ýyllarda türkmen ýolbaşçylary daşary ýurt kompaniýalaryny Türkmenistanda maýa ýatyrmaga yzygiderli çagyryp gelýärler. Ýurduň milli kanunlaryna, hususan-da, maýa goýumlar we salgyt ugrundan ýerli kanunlara käbir üýtgetmeler we goşmaçalar girizilýär.

Ykdysadyýet we adam hukuklary

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan “Serhetsiz reportýorlar” guramasyndan Elsa Widal halkara jemgyýetçiligi Türkmenistan bilen ykdysady hyzmatdaşlyga we bu ýurtdaky adam hukuklary meselesine umumylykda garamaly diýip, hasap edýär.

“Prezident Nikolýa Sarkozi üçin Türkmenistan bilen ykdysady gatnaşyklar meselesine we ynsan hukuklary problemasyna oýlanyşykly çemeleşmek we deňagramlylygy saklamak örän möhüm diýip, hasap edýäris. Emma şu çaka çenli bu meselelere aýry çemeleşilýär we olar biri-biri bilen baglanyşdyrylmaýar” diýip, Elsa Widal aýtdy.

Fransiýanyň “Adam hukuklary boýunça ligasy”, Human Rights Watch, “Adam hukuklary boýunça halkara federasiýa” we “Serhetsiz reportýorlar guramasy tarapyndan Fransiýanyň häkimiýetliriniň adyna edilen çagyryşda şeýle talaplar öňe sürülýär:

Syýasy sebäplere görä türmä salnan adamlary, şol sanda adam hukuklaryny goraýjylar Annagurban Amangylyjowy, Sapardurdy Hajyýewi we dissident Gulgeldi Annanyýazowy boşatmaly.

Syýasy tussaglaryň we syýasat sebäpli kesilen işleriň sanyny anyklamak boýunça umumymilli açyk prosese başlamaly.

Studentleriň, aktiwistleriň we oppozisiýa agzalarynyň garyndaşlarynyň ýurtdan çykmak gadagançylygyny, şeýle hem türkmen graždanlarynyň hereket azatlygyny çäklendirýän düzgünleri ýatyrmaly.

Aktiwistleriň, graždan toparlarynyň we žurnalistleriň jezalandyrylmak howpundan erkin hereket etmegine ýol bermeli. Adam hukuklaryny goraýjylara ýurda girmäge we türmelere baryp görmäge rugsat bermeli, şeýle rugsat BMG-niň ähli gözegçilerine hem degişli bolmaly.

“Serhetsiz reportýorlar” guramasyndan Elsa Widalyň pikirine görä, Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýyna halkara jemgyýetçiligi tarapyndan üns artyp, aladalaryň güýçlenmegi ýurduň şu çaka çenli berk üzňelikde hem jezalandyrylmak gorkusy astynda saklanyp gelýän graždanlarynyň öz hak-hukuklarynyň berjaý edilmegi ugrunda hereket etmegine goldaw berip biler.
XS
SM
MD
LG