Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ylymlar Akademiýasy nähili iş alyp barýar?


Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasy.
Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasy.

24-nji ýanwarda Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň maslahaty geçirildi we onda Akademiýanyň işiniň guramaçylygyna degişli meseleler maslahat edildi.

Türkmen metbugatynyň sahypalarynda Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň ýurtda amala aşyrylýan progressiw özgerişlikleriň çäginde täze we möhüm ideýalary döretmekde, şeýle hem ýurduň intellektual mümkinçiliklerini netijeli ulanmakda möhüm rol oýnaýanlygy aýdylýar.

Ýurduň Ylymlar Akademiýasy “Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň işi” baradaky permana gol çekilip, 2007-nji ýylda dilkeldilipdi. Emma ol döwlet strukturasy hökmünde has soňrak, ýagny 2009-njy ýylyň 12-nji iýunynda prezidentiň gol çeken “Türkmenistanyň Ylymlar Akdemiýasyny dikeltmek baradaky” permany esasynda işläp başlady.

Şu günki gün Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynda üç bölümiň işläp düzülenligini, bölümleriň gumanitar we ykdysady ylymlar; fizika-matematika, himiýa, geologiýa we tehniki ylymlary; şeýle-de medisina, biologiýa we oba-hojalyk ylymlary ugurlaryndan işleýänligini Türkmenistanyň döwlet metbugaty ýazýar, emma Ylymlar Akademiýasynyň alyp barýan işleri barada takyk maglumat berilmeýär.

“Ylym we bilim hökümetiň üns merkezinde bolar”


Şu günki gün Türkmenistanyň hökümetiniň ylym we bilim baradaky pozisiýasy barada prezident G. Berdimuhamedow şeýle diýdi: “Ýurdumyzyň bilim we ylym ulgamlaryny dünýä derejesine çykarmak, ýaşlarymyzyň sazlaşykly ösmegi, dünýägaraýyşlarynyň giňelmegi üçin ähli şertleri döretmek meseleleri hemişe biziň üns merkezimizde bolar”.

Ylymlar Akademiýasynyň çäginde innowasion teklipleriň bankynyň döredilenligi hem habar berilýär. Şol teklipler bankyndan Ylymlar Akademiýasynyň işgärleriniň, şeýle-de dürli pudak institutlarynyň, senagat strukturalarynyň we ýokary okuw jaýlarynyň peýdalanyp biljegini TDH gullugy belleýär.

Maglumatda şeýle-de “Wirtual Ýüpek Ýoly” atly ylmy programmanyň çäginde milli ylym we bilim sistemasynyň döredilmeginiň ähmiýeti hem nygtalýar. Munuň maksady Türkmenistanyň ylym we bilim pudagy üçin bütewi informasion giňişligini döretmekden we ony halkara informasion jemgyýetçiligine aralaşdyrmakdan ybarat.

Şol bir wagtda-da käbir synçylar Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň dikeldilmegi ýurt üçin ylmy taýdan öňegidişlik bolan hem bolsa, bu strukturanyň halkara gatnaşyklar taýdan işinde aktiwliginiň göze ilmeýänligini belleýärler.

Orsýetiň Ylymlar Akademiýasynyň agzasy, taryh ylymlarynyň doktory Artýom Ulunýan şeýle diýýär: “Gynansak-da, gumanitar ugurdan şeýle gatnaşyklar göze ilmeýär. Orsýetiň gumanitar alymlarynyň arasynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga ýol açyljagyna uly umyt bar. Açyk hyzmatdaşlygyň alnyp barylmagy türkmen häkimiýetlerine bagly diýip pikir edýärin, eger muňa ýol berilse, anyk netijeler barada hem aýdyp bolar. Şu günki gün türkmen alymlarynyň meselem Orsýete gelýänligi göze ilmeýär. Halkara kontaktlaryň depginine bolsa, adatça, bilelikdäki proýektleriň ösüşi we alymlaryň saparlary hem bilelikdäki işleri esasynda baha berilýär”.

Has giňişleýin hyzmatdaşlyga isleg hem zerurlyk

Artýom Ulunýan garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda Orsýetiň we Türkmenistanyň alymlary arasynda aktiw hyzmatdaşlyk alnyp barlan ugurlaryň arasynda arheologiýany belläp geçdi. Emma alymyň pikirne görä, şu günki gün has giňişleýin hyzmatdaşlyga hem isleg hem zeurulyk bar.

Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň taryhyna göz aýlasak, ol 1951-nji ýylda SSSR-iň Ylymlar Akademiýasynyň Türkmenistandaky filialynyň esasynda döredilipdi. Sowet Soýuzy dargansoň, Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasy 1998-nji ýylda S.Nyýazowyň permany bilen ýapylypdy.

Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň dikeldilmegi üçiň döwlet baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan, onuň prezidentliginiň ilkinji günlerinden başlap, uly işleriň amala aşyrylanlygy türkmen metbugatynyň maglumatlarynda nygtalýar.

Alymlar Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasy ýapylan döwründe-de onuň düzüminde bolan käbir institutlaryň işiniň dowam etdirilenligini we munuň esasan ýurt üçin strategik ugurlara degişli bolanlygyny belleýäler.

“Şu günki gün Ylymlar Akademiýasynyň dikeldilenligi barada däl-de, onuň kanunlaşdyrylanlygy barada aýtmak has dogry bolar diýip, pikir edýärin. Sebäbi Nyýazow döwründe-de ylmy işler alnyp barylýardy, emma çäklendirilen görnüşde we ýurduň esasy pudaklaryna gönükdirilýärdi. Ýöne nebit-gaz, himiýa senagaty ýaly esasy ugurlara şu günki gün hem esasy üns berilýänligi barada pikir döreýär. Umuman, Ylymlar Akademiýasynyň düzümi we alyp barýan işleri barada berilýän maglumatlar çäkli bolansoň, bu belli bir derejede düşnüksiz görünýär” diýip, A.Ulunýan aýtdy.

Türkmenistanda alnyp barylýan ylmy barlaglaryň esasy ugurlarynyň arasynda tebigy baýlyklary giňişleýin ulanmak, elektroenergiýa, dokma senagaty, transport aragatnaşygy, senagatyň awtomatlaşdyrylmagy, ekologiýa taýdan arassa we galyndysyz tehnologiýalary girizmek we medisina ugurlary agzalýar.
XS
SM
MD
LG